11.11.2025
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen
Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň
Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde eýeleýän
möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň milli
ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine
ýokary baha berýändigini nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň
saparynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga
ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de saparynyň dowamynda geçirjek
gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy
giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen
gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan
bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan
hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, geçen 25 ýylyň
içinde Aziýanyň ösüş banky ýurdumyzda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge
gatnaşdy. Şol taslamalar dürli ugurlary, hususan-da, elektroenergetika,
üpjünçilik we demir ýol ulgamlaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň durnukly
durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn
gatnaşyklar ýurdumyz boýunça kabul edilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde
alnyp barylýar. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk
maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar Watanymyzyň
ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistanda ilata hödürlenilýän
saglyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, döwrebap lukmançylyk merkezlerini
gurmak we lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işine aýratyn üns
berilýär.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen ýurdumyzyň banklarynyň we
hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň
ulanylmagyny goldaýandygyny belledi. Şunda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde
maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlary işjeňleşdirilmelidir. Mälim bolşy ýaly,
şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň
ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa
“akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde energetika, suwy
we energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek
ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýol açýar. Ýangyç-energetika pudagynda
özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Aziýanyň ösüş
bankynyň prezidenti Masato Kanda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
***
Aziýanyň
ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde
duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäherinde
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan
bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda
tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi.
tdh.gov