2024-nji
ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň
Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň
Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary
bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda
parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda
Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdygy bellenildi.
Daşary
işler ministri Türkmenistanyň daşary syýasatynda parlament diplomatiýasyna
wajyp orun berilýändigini bellemek bilen parlament aragatnaşyklary mundan
beýläk-de depginli ösdürmek ugrunda ýaşlaryň parlamentara hyzmatdaşlygyna uly
ornuň degişlidigine üns çekdi.
Şeýle
hem, netijeli pikir alyşmak üçin taraplar 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Tokio we ýapon parlamentarileriniň Aşgabat
şäherine saparlaryny guramak barada ylalaşdylar.
mfa.gov