PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ugrunda täze ädimler

20.01.2024
Card image cap

    2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň duşuşygy geçirildi.

   Duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem   kämilleşdirmegiň we özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

   Myhman Türkmenistanyň hususyýetiçileriniň we önüm öndürijileriniň öndürýän harytlaryny Eýran Yslam Respublikasynyň bazarynda mahabatlandyrmak maksady bilen, ExpoIran atly halkara sergisine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada belläp geçdi.  Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparlarynyň mejlislerini yzygiderli geçirmek, serhetýaka welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda çäreleri hem-de türkmen-eýran  sergi we ýarmarka çärelerini bilelikde guramak hakynda özara pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 

  Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň