 
                                 18.11.2023
                        18.11.2023
                     
                                      
                                                             
                                        Milli
senetçilik güni aýratyn baýramçylyk hökmünde bellenilýän Eýranyň halk
senetçilik önümlerine «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergide aýratyn orun berildi. Bezegli pawilýonlardaky   misden we keramikadan ýasalan gap-gaçlar, el
bilen boýalan matalar, haly dokamak, aýna ýasamak üçin ulanylýan senetçilik
gurallary  ýurduň sungat derejesine
çykaran täsin eserleriniň ajaýyp gözden geçirilişi hökmünde olary synlanlarda
ýakymly täsirleri galdyrdy. Ussat ussalaryň zehininden dörän ajaýyp hem görkana
eserleriň nusgalary eýran halk senetçiliginiň asyrlar boýy dowam edip
gelýändiginiň aýdyň görkezijisi boldy.
          
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.