2023-nji ýylyň
20-nji noýabrynda Berlinde Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň
howandarlygynda «Humboldt Carre Berlin» kongresler merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-german
işewürlik maslahaty geçirildi.
Bu maslahata
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we beýleki döwlet edaralarynyň
wekilleri, şeýle hem ýurduň telekeçileri gatnaşdylar.
Iki
dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary
pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan bu işewürler maslahaty german we
türkmen taraplarynyň 200-den gowrak wekilini bir maksada birleşdirdi.
Maslahatyň
dowamynda Türkmenistanyň wekilleri, Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar
komitetiniň ýolbaşçylary, dünýä belli nemes kompaniýalarynyň, iri bank we
maliýe guramalarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.