PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

01.12.2023
Card image cap

Häzirki wagtda 2023-nji ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek   Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde bu barada hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi. Hasabatda şu ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda geçiriljek sergä doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.  Sergide senagat ugurly kärhanalar üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, suw arassalaýjy, üpjünçilik ulgamynyň enjamlaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşlerini, ýuwujy serişdeleri öndürmek, bank, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň enjam üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar öz önümleri we harytlary bilen çykyş ederler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.



Bulary hem okaň