23.04.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde
Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny
esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine
gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly,2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen
Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Ir
bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Sebitleýin ekologiýa sammitiniň
geçirilýän ýerine — “EXPO” halkara sergiler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet
Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.
Sammitiň
öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EXPO” halkara sergisi bilen
tanyşdylar. Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda
geçirilýän bu sergi Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» geljeginiň tehnologik gözden
geçirilişine öwrüldi. Sergi merkeziniň meýdançalary dünýäniň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň we innowasion kärhanalarynyň energetika geçişi üçin işläp
taýýarlan çözgütleri bilen tanyşdyrýar. Eksponatlar toplumy mowzuklaýyn
bölümlere bölünip, olar uglerodyň daşky gurşawa zyňyndylarynyň öňüni almakdan
başlap, suwaryşyň döwrebap damjalaýyn ulgamlaryna çenli ähli ugurlary öz içine
alýar. Bu meýdança diňe bir tehnologiýalary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologik
jogapkärçilige gönükdirilen täze işewürlik medeniýetini hem kemala getirýär.
Türkmenistanyň
«RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni
mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly
sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň
ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen
tanyşdyryp, ekspozisiýada Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigaty we baý
medeniýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda alyp
barýan işiniň esasy ugurlarynyň, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň,
maksatnamalaryň, taslamalaryň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan üçin ekologik abadançylyk milli rowaçlygyň we durnukly
ösüşiň aýrylmaz şertidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman
Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz daşky gurşawy goramaga we
tebigatdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan milli,
sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge saldamly
goşant goşýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary
munuň aýdyň mysalydyr. Bu asylly çäreler esasynda dag eteklerimiz we
şäherlerimiz gülzarlyga öwrülip, amatly howa gurşawy döredilýär.
Türkmenistan
daşky gurşawy goramak boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşmak bilen,
sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmaga, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz
täsirlerine, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy durmaga gönükdirilen başlangyçlar
bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi sebit ýurtlarynyň
tagallalaryny birleşdirmäge, tehnologiýalary hem-de tejribe alyşmagy giňeltmäge
ýardam berýär.
Sergi
bölüminiň merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk
ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna möhüm orun berlipdir.
Şunuň bilen bir hatarda, diwarlyklarda ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda
gazananlary giňden ýaýbaňlandyrylyp, munuň özi Türkmenistanyň ekologik
abadançylygy üpjün etmek we tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgelerine
ygrarlydygyny subut edýär. Amaly-haşam sungatynyň eserleri milli pawilýonymyzyň
özüne çekijiligini has-da artdyrdy.
Sergi
bilen tanyşlykdan soňra, wekiliýet ýolbaşçylary “Durnukly geljek barada umumy
garaýyş” mowzugynda guralýan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň plenar mejlisiniň
geçiriljek ýerine — Kongresler merkezine geldiler. Bilelikde surata düşmek
dabarasyndan soňra, plenar mejlis öz işine başlady. Çäräniň Araly halas etmegiň
halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň
nobatdaky mejlisi bilen utgaşykly geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Sammitiň gün tertibine tebigy ekologik töwekgelçiliklere ykdysady taýdan
durnuklylyk we uýgunlaşmak, sebitde azyk howpsuzlygy, tebigy serişdeleri
durnukly dolandyrmak, howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek, ekologiýa
maksatlaryny gazanmagyň mehanizmleri, adalatly, inklýuziw geçiş, ekologiýa we
sanly tejribeler bilen bagly birnäçe wajyp meseleler girizildi.
Prezident
Kasym-Žomart Tokaýew hemmeleri mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sammite
gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanlarynyň, halkara
guramalaryň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini
artdyrýandygyny belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda sammite gatnaşyjylary mähirli
mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe
Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen
myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk
bildirdi.
“Bu
forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz
tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi
toplumlaýyn, bitewi we hakyky sebit ölçeginde ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu
bolsa, biziň pikirimizçe, daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemeginiň möhüm
meselelerini we olar bilen bagly durmuş ugurly meseleleri çözmekde has täsirli,
ulgamlaýyn, geljegi uly çemeleşmelere geçmäge ähli gatnaşyjy döwletleriň
taýýardygynyň aýdyň görkezijisidir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
Türkmenistanyň şu forumy hut şeýle many-mazmunda kabul edýändigini belläp, ony
ekologiýa, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik ösüşiň beýleki
ähmiýetli ugurlary, ykdysady, ynsanperwer, hukuk häsiýetli meseleler barada
pikir alyşmak, oňyn teklipleri we başlangyçlary öňe sürmek boýunça netijeli
meýdança öwürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
“Häzirki
wagtda biziň hemmämiz çynlakaý ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.
Durmuşyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän howanyň üýtgemegi bu
wehimleriň esasysy bolup durýar. Biz suw serişdeleriniň azalmagynyň, topragyň
ýaramazlaşmagynyň, çölleşme hadysasynyň güýçlenmeginiň, biologik köpdürlüligiň
ýitirilmeginiň, ýaşaýyş üçin amatsyz bolan çäklerden göçüp gitmek hadysalarynyň
artmagynyň şaýady bolýarys. Şeýle şertlerde döwletlerimiziň tagallalarynyň
birleşdirilmegi, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi aýratyn ähmiýete
eýedir. Biziň ýurtlarymyzyň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen sebit
merkezleriniň döredilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýar.
Türkmenistan bu sammitde howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, şeýle
hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini
döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürýär” diýip, hormatly Prezidentimiz
sözüni dowam etdi we bu düzümleriň öz işini amala aşyrýan obýektlerine ýakyn
ýerleşmeginiň ekologik töwekgelçiliklere we wehimlere has takyk, kämil, amaly
tejribä daýanyp garşy durmaga, olaryň öňüni almagyň we ýeňip geçmegiň ýollaryny
gözlemäge, milli düzümler bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini toplamaga
mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de
oňa uýgunlaşmak boýunça amaly çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtap,
ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmegiň uly
ähmiýete eýedigini, ekologik taýdan durnukly ösüş we döwrebap ekologik
standartlary ornaşdyrmak meseleleri babatda sebit dialogyny işjeňleşdirmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi. Teklip edilýän başlangyçlaryň netijeliligini
ýokarlandyrmak üçin olary ilerletmegiň guralyny döretmek möhümdir. Hususan-da,
öňe sürülýän teklipleri bilermenler derejesinde geçirilýän sebit we sebitara
ekologiýa duşuşyklarynda, maslahatlarda deslapdan ara alyp maslahatlaşmak
hem-de kämilleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyz şol
duşuşyklardyr maslahatlarda anyk teklipleri durmuşa geçirmegiň umumy
garaýyşlary we çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylan ýagdaýynda, diňe özara
ylalaşyk gazanylandan we degişli resminamalar doly ylalaşylandan soňra ministrler
derejesindäki maslahatlary çagyrmagy hem-de bu meseleleri sammitleriň gün
tertibine girizmegi teklip etdi.
Hormatly
Prezidentimiz serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak
meselesiniň aýratyn ünsi talap edýändigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň
resmi garaýyşlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz serhetüsti derýalar
we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň şu üç esasy ýörelgäniň, hususan-da,
suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň, beýleki halkara namalaryň berk
berjaý edilmegi, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň
bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy, bu işe halkara guramalaryň,
ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagy
ýörelgeleriniň esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistan
BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri
boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu geňeş suw
ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup biler. Ýurdumyz, şol bir
wagtyň özünde, Hazar deňzi sebitine girýän döwlet bolup, Hazar deňziniň ähli
ekologik meseleleri babatda işjeň çykyş edýär. “Biz Birleşen Milletler
Guramasynda Hazar ekologik başlangyjy bilen çykyş etdik, ony durmuşa geçirmegiň
Konsepsiýasyny taýýarladyk we ähli Hazarýaka döwletlere iberdik. Şunuň bilen
birlikde, Türkmenistan geçen ýylyň awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kenarýaka
döwletleriň wise-premýerleriniň derejesinde Hazar deňziniň ekologik meseleleri
boýunça maslahaty gurady. Şu tejribäni dowam edip, şu ýylyň oktýabr aýynyň
başynda biz nobatdaky ýokary derejeli duşuşygy geçireris. Onuň netijeleri
boýunça Hazarýaka döwletleriň ekologik abadançylygy we Hazar deňzini hem-de
onuň özboluşly tebigatyny gorap saklamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze
tapgyryna çykarys diýip umyt edýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Aral
deňzini halas etmek meselesiniň hem möhüm ähmiýetini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz şu gün Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy
döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçiriljekdigini nygtap, onda
Araly halas etmäge gönükdirilen bilelikdäki işler boýunça zerur çözgütleriň
kabul ediljekdigine ynam bildirdi.
“Sebitleýin
ekologiýa forumynyň ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli
halkara meýdança öwrüljekdigine umyt edýäris. Taryhy we medeni ýakynlygymyz,
ýurtlarymyzyň halklaryna hemişe mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk,
özara goldaw bermek ruhy bizi şuňa borçlandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan
hyzmatdaşlygyň bu formatynyň geljegine ýokary baha berýär. Şu gün biz
öňümizdäki ulgamlaýyn işlere gowy itergi berjekdigimize umyt edýäris” diýip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni jemledi we hemmeleri Sebitleýin ekologiýa
sammitiniň öz işine başlamagy bilen gutlap, netijeli pikir alyşmalary arzuw
etdi.
Hormatly
Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň
netijeleri boýunça «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly ekologiýa we
durnukly ösüş babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk hakynda Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama sebitiň
ýurtlarynyň ekologik meseleleri çözmekde raýdaşlygyny berkidip, Merkezi
Aziýanyň durnukly ösüş we ekologik meseleler boýunça bilelikde hereket etmäge
taýýardygyny dünýä jemgyýetçiligine äşgär edýär.
***
Günüň
ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas
etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň
nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Araly
halas etmegiň halkara gaznasy (AHHG) onlarça ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada
özboluşly syýasy meýdança we sebit ýurtlarynyň ählumumy ekologik wehimlere
garşy tagallalaryny birleşdirýän ýeke-täk döwletara gurama bolup durýar. Gazna
Aral deňziniň sebitinde ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak
boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Guramanyň
işi diňe bir tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýeňilleşdirmäge däl-de, eýsem,
sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň esasy şertleriniň biri bolan suw
serişdelerini durnukly dolandyrmagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamaga hem
gönükdirilendir.
Türkmenistan
AHHG-nyň çäklerinde işjeň, döredijilikli orny eýeläp, gaznanyň hukuk we tehniki
binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Özüniň başlyklyk eden döwründe we ondan soňky ýyllarda ýurdumyz bu düzümi
institusional taýdan pugtalandyrmak, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen
sebit düzümlerini döretmek baradaky pikiri yzygiderli öňe sürdi. Türkmenistanyň
Aral meselesi boýunça syýasaty suw diplomatiýasy ýörelgelerine, suw
serişdeleriniň Merkezi Aziýanyň ähli halklarynyň umumy baýlygydygyny ykrar
etmäge esaslanýar. Ýurdumyzyň bu döredijilikli çemeleşmesi goňşy döwletleriň
arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ekologiýa gün tertibiniň ösüşiniň bitewi
ugruny kemala getirmäge ýardam berýär.
...Hormatly
Prezidentimiziň awtoulag kerweni mejlisiň geçirilýän ýeri bolan “Akorda”
köşgüne geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystanyň Prezidenti mähirli
garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan
soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Prezident
Kasym-Žomart Tokaýew mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki şertlerde sebit
hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini belledi we Aral deňzi sebitiniň ekologik
abadançylygynyň gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň azyk, energetika howpsuzlygyna
gönüden-göni täsir edýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de Araly halas
etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň
şu gezekki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.
“Biziň esasy maksadymyzyň halklarymyz üçin örän möhüm bolan wezipeleriň ikinji
derejä geçirilmegine ýol bermezlikden, gaýtam, sebitde halkara hyzmatdaşlyk we
utgaşdyryş gurallaryny gorap saklamakdan hem-de ösdürmekden ybaratdygyna
ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
“Araly
halas etmek, onuň geljegi, deňziň sebitinde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň
mertebe işimiz, syýasy we ahlak jogapkärçiligimizdir. Şol bir wagtyň özünde ol
möhüm ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin ýurtlarymyzyň
hem-de halkara hyzmatdaşlarymyzyň ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini,
diplomatik tagallalaryny birleşdirmek we ulanmak babatda umumy borjumyzdyr”
diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy
ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe
gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini,
halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr
institutlary bilen özara gatnaşyklary anyklaşdyrmaga hem-de utgaşdyrmaga
aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatdy.
Nygtalyşy
ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş
Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara
gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Türkmenistan
ilkinji gezek «Rio+20» sammitinde beýan eden “Aral deňziniň basseýniniň
ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” (UN SPAS) döretmek baradaky
teklibini ilerletmek bilen, 2019-njy ýylda ýurdumyz bu maksatnamanyň taslamasyny
BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasyna (UN
ESCAP) hödürledi. Soňra şol komissiýanyň 79-njy sessiýasynda «Aral deňziniň
basseýni üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmegiň
şertlerine garamak» atly Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynda
halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Aral deňziniň basseýniniň ýurtlaryna
kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyry (ADBM — 4)
işlenip düzüldi. Sebitiň ekologik meseleleri boýunça halkara tagallalary
birleşdirmek ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada
howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek
başlangyjy bilen çykyş etdi. Ýakyn wagtda ol Aşgabatda öz işine başlar.
“Aral
meselelerine garanymyzda, biz olary çölleşme, buzluklaryň eremegi, serhetüsti
suw serişdelerini dolandyrmak we beýleki birnäçe möhüm ekologik wehimlerden
aýra göz öňüne getirip bolmaz diýen ýörelgeden ugur alýarys. Biziň çuňňur
ynamymyza görä, ekologik howpsuzlyk meselelerine Merkezi Aziýanyň durmuş hem-de
ykdysady abadançylygyny, sebitiň ösüşiniň we rowaçlygynyň kesgitleýji şerti
hökmünde ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy üpjün etmek boýunça umumy wezipäniň
aýrylmaz bölegi hökmünde bitewülikde garamak zerurdyr. Hut şeýle çemeleşme
ygtyýarymyzdaky ähli serişdeleri has netijeli ulanmaga, esasy ugurlarda ünsi
jemlemäge mümkinçilik berer” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we
ekologik wehimlere garşy milli çemeleşmeleriň sazlaşygyny üpjün etmegi, özara
hyzmatdaşlygyň sebit gurallarynyň, hususan-da, daşary syýasat we pudaklaýyn
edaralaryň ugry boýunça utgaşdyryjy wezipeleri ep-esli güýçlendirmegiň
maksadalaýyk boljakdygyna, bu işde AHHG-nyň utgaşdyryjy ornunyň
ýokarlandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we
döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki
işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi. Bu işi esaslandyryjy
döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyklykda tamamlamagy hem-de Aral deňziniň
sebitiniň köp sanly meselelerini çözmek bilen bagly taslamalardyr
maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary, donorlar bilen
has işjeň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döretmek dogry hasaplanýar.
“Biz
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda,
BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen özara hyzmatdaşlygynyň
derejesini düýpli hem-de hil taýdan ýokarlandyrmagyň zerurdygyndan ugur
alýarys” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäde
bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary
göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň
hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi
teklip edýändigini nygtady.
Sözüniň
ahyrynda döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi
bilen gutlady hem-de öňde duran işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýewe Araly halas etmegiň halkara gaznasynda netijeli we üstünlikli
başlyklyk edendigi, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň
şu gezekki mejlisini ýokary derejede geçirendigi üçin ýene-de bir gezek
minnetdarlyk bildirip, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň
netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas
etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana
Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak
hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan
Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň
netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy
döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we
Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy
döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.
Gazagystan
Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew
adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe
sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi
adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiziň Gazagystana amala aşyran iş sapary köptaraply dialogy
pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup, ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyna
ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň Sebitleýin
ekologiýa sammitiniň işine hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy
döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy
Türkmenistanyň umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan anyk döwletara
taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
tdh.gov