18.04.2026
Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi
komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet
Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda
«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub
metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak
işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara
howa menziline geldi. Bu ýerden türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Mary
welaýatyna tarap ugur aldy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň energetika syýasaty
diňe bir eksportyň möçberini artdyrmaga däl, eýsem, ýangyç-energetika toplumyny
tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem gönükdirilendir. Döwletimiz energetika
ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek
bilen, tutuş Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygyny üpjün edýän
ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny has-da pugtalandyrýar. Ägirt uly gaz
känleriniň yzygiderli özleşdirilmegi, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan
işlemegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy esasynda Türkmenistan çig maly
eksport edijiden ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän ýurda öwrülýär.
Häzirki
zaman dünýäsinde ekologik standartlara ygrarlylyga we «ýaşyl» diplomatiýanyň
ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça
döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, gaz akdyryjy ulgamlaryň
kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa meselesine jogapkärçilikli
çemeleşýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy we gaz eksportynyň
Gündogar ugrunyň giňeldilmegi esasynda Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň
arasynda baglanyşdyryjy halka hökmünde çykyş edip, sebitiň uzak möhletleýin
ykdysady abadançylygy üçin berk binýady döredýär. Bu gün bolsa «Galkynyş» gaz
känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga badalga
berilýär. Şu ýylyň martynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli
nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda dördünji tapgyryň desgalaryny
taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek barada şertnama baglaşyldy. Bu tapgyr
ýylda goşmaça 10 milliard kub metr gazy taýýarlamaga mümkinçilik berip,
ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňelder.
«Galkynyş»
käninden alynýan gazyň eksport ugurlarynyň hatarynda Hytaý esasy orunlaryň
birini eýeleýär. Häzirki wagtda mawy ýangyç Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz
geçirijisiniň üç ugrunyň üsti bilen iberilýär. Käniň serişde binýady gaz
geçirijiniň dördünji ugruny (D ugry) gurmak üçin hem esasy şert bolup durýar.
Bu bolsa Hytaýa iberilýän gazyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Gaz çykarmagyň tehnologik taýdan kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa
syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Käniň çäginde «ýaşyl» başlangyçlar
işjeň ornaşdyrylýar. Hünärmenler önümçilik meýdançalarynyň töwereginde çägä
garşy berkitme işlerini geçirýärler we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýarlar. Munuň
özi tozanly ýelleriň enjamlaryň işine ýetirýän täsirini azaltmaga ýardam edýär.
«Galkynyş»
gaz käni milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin itergi beriji güýç
bolup çykyş edýär. Känleriň we gaýtadan işleýän desgalaryň töwereginde ösen
ulag, durmuş infrastrukturasy kemala gelýär. Işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş
toplumlary, ýollar, suw üpjünçilik ulgamlary gurlup, tutuş Mary welaýatynyň
senagat taýdan ösüşine goşant goşulýar. «Galkynyş» — bu diňe bir gaz käni
bolman, eýsem, döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny onlarça ýyllar öňünden
kepillendirýän strategik serişdedir. Onuň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzyň
senagatlaşdyrylmagy we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornunyň
pugtalandyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýar.
...Biraz
wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline
gelip gondy. Soňra Milli Liderimiz dikuçarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň
çägindäki «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerine
badalga bermek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy.
Şeýle
hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň
hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň
Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa
menziline gondy we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Dabaranyň
geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.
Bu
ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady hem-de
onuň bilen bilelikde türkmen-hytaý aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi.
Dabaranyň geçirilýän ýeriniň esasy girelgesiniň öňünde milli lybasly çagalar
Gahryman Arkadagymyzy hem-de Din Sýuesýany türkmen-hytaý dostlugy baradaky
goşgular bilen garşyladylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we belent
mertebeli myhman bagtyýar nesiller bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler
hem-de dabaraly çäräniň geçiriljek binasyna tarap ugradylar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýolugra
halkymyzyň taryhyny we medeniýetini giňden beýan edýän amaly-haşam sungatynyň
eserlerini, asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiziň ajaýyp nusgalaryny
synladylar.
Sergide
görkezilen gymmatlyklar, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri
Türkmenistanyň taryhyna, häzirki döwürde ýeten derejesine, türkmen halkynyň
döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi
bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gözelligi, nepisligi, reňkleriniň ajaýyp
sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp
häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Türkmen halyçy zenanlary öz
işlerinde mähriban tebigatymyzyň gaýtalanmajak öwüşginlerini, ady rowaýata
öwrülen bedewleri şekillendiripdirler.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan şu günki dabara mynasybetli guralan sergi
bilen tanyşdylar.
Sergide
her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň
şekil taslamasy görkezilýär. Tehnologik ulgamlaryň her biri çig maly kömürturşy
gazyndan we kükürtli wodoroddan arassalaýan, suwuklyklary aýyrýan, tehniki
kükürdi öndürýän desgalardan ybaratdyr. Şeýle hem bu ýerde guýulary
burawlamakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Bu enjamlar buraw guýularynyň
giňişlikde takyk ýerleşişini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da,
hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde satyn alnan döwrebap geofiziki
abzallar görkezilýär. Olar “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji
tapgyrynda geofiziki işler geçirilende ulanylar. Şeýle hem sergide 3D
robotlaşdyrylan kebşirleýji enjam, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisi, guýularyň
netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy we dürli himiki
serişdeler görkezilýär.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz we myhman bu ýerde “Galkynyşyň” dördünji tapgyryny
özleşdirmek işlerinde ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglary, kuwwatly
tehnikalary synladylar. Bu ýöriteleşdirilen tehnikalar häzirki zaman innowasion
tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy bilen tapawutlanýar. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alnyp
berilmegi işleriň hiliniň ýokary derejesini üpjün eder.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Din Sýuesýan dabara mynasybetli ýörite
gurnalan mejlisler zalyna bardylar. Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Gahryman
Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde eziz
Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini, şu gün hem
ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir
tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji
tapgyryna badalga berilýändigini belledi.
“Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň pudaklaryna
innowasiýalary ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap senagat
önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Bu özgertmeler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
gatnaşyklary giňeltmäge giň ýol açýar. Hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli
we düýpli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biz ýangyç-energetika
pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn üns berýäris. Bu pudaga uly
möçberde maýa goýumlary goýýarys. Bu serişdeler pudagy yzygiderli ösdürmäge,
nebitgaz kärhanalaryny döwrebap enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem olar
geologiýa-gözleg we buraw işlerini üstünlikli amala aşyrmaga, täze nebitgaz
ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir” diýip, Gahryman
Arkadagymyz sözüni dowam etdi we döwletimiziň diwersifikasiýa syýasaty esasynda
energetika bazarlaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek baradaky
teklipleri yzygiderli öňe sürüp gelýändigini, döwletara söwda-ykdysady
gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan
arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen
çykyş edýändigini nygtady.
Çykyşda
bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe
bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy
döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan
durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Durmuşa geçirilýän giň
möçberli maýa goýum taslamalary hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.
“Hytaý
Halk Respublikasy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan
bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň biridir. Türkmenistan
Hytaý bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet
berýär” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna
amala aşyran dostluk saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp
ähmiýetine ünsi çekdi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm
ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da,
«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem netijeli
gepleşikler geçirildi.
“Özara
gatnaşyklarymyzda we ykdysady hyzmatdaşlykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy
bilen bilelikde amala aşyrýan işlerimiz örän uly ähmiýete eýedir. Biziň Hytaý
bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarymyz iki döwletiň
geljege ynamly garaýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu işler geljekde uzak möhletli
ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň
arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny
aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki
döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň
maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik
hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar”
diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
2009-njy
ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara
bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17
ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy
ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.
Gahryman
Arkadagymyz döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürilmegini, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamynyň döredilmegini
ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň
biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň döwletimiziň
energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen
çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyzyň Mary
welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen
geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.
“Biz
«Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabrynda
girişdik. 2013-nji ýylda biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap
Si Szinpiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak
boýunça zawodlar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şu gün bolsa biz
«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub
metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga
niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet
konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli
nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip, Milli Liderimiz
sözüni dowam etdi.
Bu
taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan
başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz
geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy
amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş
orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän
möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan
beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak
boýunça oňaýly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz
daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine yzygiderli
goldaw bermegiň, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň
geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
Çykyşynyň
ahyrynda Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň ählisini «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» gaz känini
senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi bilen tüýs
ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
çykyş etmek üçin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy
býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň
birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi.
Myhman
Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki
wagtda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga
berilýändigini belledi. Bu möhüm taslama Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky
hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, şol sanda iki ýurduň arasynda
tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli wakadyr.
Din
Sýuesýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki dabara gatnaşmagynyň ähmiýetini
nygtap, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Hökümetiniň adyndan “Galkynyş”
gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi mynasybetli
hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi
ýaly, iki dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Hytaý
bilen Türkmenistanyň arasynda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, tebigy gaz
pudagyndaky hyzmatdaşlykda-da ýokary netijeler gazanyldy. 13 ýyl mundan ozal
Başlyk Si Szinpiniň we Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini
özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde zawodlar toplumy ulanmaga berildi.
Bu taryhy waka iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna güýçli itergi
berdi. Din Sýuesýan şu gün badalga berilýän bu möhüm taslamanyň iki ýurduň
halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etjekdigini hem-de tebigy gaz pudagyndaky
ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny aýtdy.
Myhmanyň
bellemegine görä, Gündogar müçenamasy boýunça şu ýylyň ýylky ýylydygy, şeýle
hem Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygarynyň bedew bilen baglanyşyklydygy
aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi halklarymyzy umumy gymmatlyklaryň
baglanyşdyrýandygyny alamatlandyrýar. Çykyşynyň ahyrynda myhman Hytaýyň
Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy, iki ýurduň
halklarynyň abadançylygynyň we sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň
bähbidine gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklap,
“Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň işine üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary
netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň taryhy tapgyrlary we
ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan
wideoşekiller görkezildi. Wideoşekiller tamamlanandan soňra, türkmen we hytaý
hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini
özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata
bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.
Milli
Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.
Soňra
ýaş nesliň wekilleri Gahryman Arkadagymyzdan we Hytaý Halk Respublikasynyň
Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýandan täze desganyň
düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýadygärlik sene ýazgysyny galdyryp bermegi haýyş
etdiler.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri we hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikde
desganyň düýbüni tutmak üçin taýýarlanan ýere bardylar. Bu ýerde milli lybasly
çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan we hormatly myhmandan
desganyň düýbüni tutup bermeklerini haýyş etdiler.
Gahryman
Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly
ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton
garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň
birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini
özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy
berildi.
Dabara
tamamlanandan soňra, Din Sýuesýan Gahryman Arkadagymyz bilen hoşlaşyp, Mary
şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden öz ýurduna ugrady.
Soňra
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary
şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady. Biraz
wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip
gondy.
Şeýlelikde,
«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika
garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze
önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň
eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar. Uzak möhletleýin geljekde
bu taslama ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne
öwrülip, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar.
tdh.gov