21.04.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günler ak ekin meýdanlarynda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi
bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur çäreler görülýär.
Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda
hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja
önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg
işleri dowam edýär. Sebitde pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin
zerur çäreler görülýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň
çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, dag eteklerinde, tokaý-seýilgäh
zolaklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangynyň döremegine garşy
arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we öz wagtynda
tamamlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alyp barmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly
Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda
şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde gowaça ekişi dowam edip,
ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
geçirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine
ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda pileçi kärendeçiler tarapyndan
ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Howanyň gyzmagy bilen
baglylykda, öri meýdanlarda, daglyk, tokaý we düzlük ýerlerde ýangynyň
döremegine garşy sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da,
gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ýokary guramaçylyk
derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, häkime
degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini
ýokary hilli we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler
görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk
ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp
barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli
ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler dowam edýär. Howanyň gyzmagy bilen
baglylykda, welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we sähra meýdanlarynda
ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we önümçiligiň ähli tapgyrlarynda bellenen agrotehniki
kadalaryň berjaý edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet
maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekişde oba hojalyk
tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça
meýilnamany üstünlikli berjaý etmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Welaýatyň tokaý zolaklaryny, öri we ekin meýdanlaryny ýangyndan goramak üçin
degişli çäklerde sürüm işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde
geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýola
goýulmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime bu
babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen
wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly
geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän
möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde
goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri
dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýüpek
gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen
baglylykda, sebitiň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda,
awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangyn howpunyň öňüni almak üçin sürüm
hem-de arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi we
bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça
ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli
işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy
tutulýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile
öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň
dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda
ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Wise-premýer howanyň gyzmagy
bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda
ýangyn döremeginiň öňüni almak ugrunda görülýän çäreler barada-da hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk
berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň ornaşdyrylmagynyň, bu
işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň ekinlerden
bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden tygşytly
peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi hem-de
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň
ekerançylyk meýdanlaryndaky işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça
ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň
ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini
aýtdy we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly
Prezidentimiz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda,
öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn
howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov