14.04.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ak ekin
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça
ekişi bellenen meýilnama laýyklykda dowam edip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň
doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek
boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki
wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Şeýle-de howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki öri we
ekin meýdanlarynda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangynyň döremegine garşy
arassaçylyk we sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän agrotehniki çäreleriň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde
geçirilmegini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda
şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we
bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler
görülýär. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde
goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýüpek
gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak, pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň
tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň öri
meýdanlarynda, daglyk, tokaý, düzlük ýerlerde ýangyn hadysasynyň döremeginiň
öňüni almak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary görkezijileri gazanmak
üçin önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryň berk
berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli,
bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.
Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, pileçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek
babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri
meýdanlarda, sähra ýerlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm
işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim döwlet maksatnamalaryna laýyklykda
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky
gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde
geçirilmegini, bugdaýa, beýleki azyklyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk
alnyp barylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime
birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, Aşgabat —
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp
ulanmaga berendigi üçin hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynyň
ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine
alyp barýan giň gerimli işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini
arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça
ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş
alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi işlerine girişildi. Ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile
öndürmek möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna
ideg etmek işleri alnyp barylýar. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň
öri we ekerançylyk meýdanlarynda, tokaý zolaklarynda ýangyn döremeginiň öňüni
almak maksady bilen, bu ugurda degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin
agrotehniki çäreleri öz wagtynda we kadalara laýyklykda geçirmegiň,
serişdelerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi we häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatyň
Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni
tutup berendigi hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň
Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berendigi üçin Mary welaýatynyň
ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly
işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan
wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Sebitde gowaça ekişi
guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda
ideg işleri dowam edýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna
ideg etmek işleri alnyp barylýar. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň
çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda, maldarçylyk
hojalyklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangyna garşy zolaklary
döretmek üçin sürüm we arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk
derejesinde ýerine ýetirilmeginiň oba hojalygynda oňyn netijeleri gazanmagyň
möhüm şerti bolup durýandygyny belledi we gowaça ekişine gatnaşýan ähli
düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyny, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg
işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde
ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly
geçirmek hem-de ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler
görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.
Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär.
Ýurdumyzda
ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak, paýlanyp
berlenlerine talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem
howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin
meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen, gorag zolaklaryny
döretmek üçin arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba
hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmek üçin
ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige
öňdebaryjy tejribäniň, ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleriň
yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk
meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça
ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi we
bu ugurdaky işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov