Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary
tarapyndan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly
Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny
taýýarlamak hem-de “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler
alnyp barylýar.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar
bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin amala
aşyrylýan çäreler barada hem aýdyldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Sloweniýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şunuň
bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýetiň agzalary, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti hem-de
bu düzümiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyklar geçirildi.
Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine,
parlamentara dostluk toparlarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine
garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan
Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda Mejlisiň deputatlarynyň öz
kärdeşleri bilen iki dostlukly döwletiň parlamentleriniň ugurdaş komitetleriniň
arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşandyklary, Türkmen-täjik
parlamentara dostluk toparynyň ugry boýunça kanun çykaryjylyk işini
kämilleşdirmek babatda tejribe alşandyklary bellenildi. Mejlisiň deputatlary
durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryny, kabul edilýän
hukuk namalarynyň maksatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini halk köpçüligine
düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli
kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça
netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden
ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek
hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesilleriň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň
netijesinde, bagtyýar, zähmetsöýer, Watana wepaly nesil kemala gelýär. Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
goldamagynda howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda
dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde,
mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalaryň bejergileri, lukmançylyk maksatly
serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.
Gaznanyň goldaw bermeginde birnäçe döwletlere
ynsanperwerlik kömekleri berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň adyna daşary
ýurtlardan, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky
wekilhanasyndan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Şol hatlarda döwletleriň we
halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bu düzümiň ähmiýetli
orny nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky
tarapyndan işlenip taýýarlanan “Senagat töleg” ykjam programma üpjünçiliginde
ýurdumyzyň raýatlaryna haýyr-sahawat serişdelerini geçirmek üçin nagt däl
görnüşinde töleg etmek hyzmatyny girizmek baradaky teklip barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan haýyr-sogaply işlerini aýratyn belledi.
Gaznanyň goldawy bilen howandarlyga mätäç çagalara yzygiderli ýardam edilýär.
Daşary ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Hormatly
Prezidentimiz raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen,
gaznanyň hasabyna meýletin haýyr-sahawat serişdelerini sanly ulgam arkaly
tölemek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudaga
halkara tejribeleri ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna
döwlet konserniniň nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga
gönükdirilen çäreler barada hem aýdyldy. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumyny uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi bilen üpjün
etmäge, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik
berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara tejribeleri giňden ornaşdyrmak arkaly
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan
işlemek boýunça işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan çäreler we ýurdumyzyň
sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri geçirilýär. Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar möwsüme
taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda gowaçanyň ýokary
hasylyny ýetişdirmek hakyndaky Kararyna laýyklykda, gowaça ekişi dowam edýär.
Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak, ekerançylary ýokary hilli gowaça
tohumlary bilen üpjün etmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle hem
ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja ekinleri bilen doly üpjün
etmek ugrunda anyk çäreler görülýär. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ýazlyk
ekinleri ekmek, olara ideg etmek işleri dowam edýär.
Welaýatlarda möwsümleýin işleriň çäklerinde pile
öndürmek hem-de owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça degişli
işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmen bedewiniň milli baýramyny
ýokary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça
ekişini talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmegiň möhümdigini
aýdyp, ekişde ýokary hilli gowaça tohumlaryny peýdalanyp, döwrebap tehnikalaryň
netijeli işledilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da,
hormatly Prezidentimiz wise-premýere ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri
ekmegi, olara talabalaýyk ideg etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün
etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni
ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini karbamid, fosfor, kaliý dökünleri,
ammiak selitrasy bilen üpjün edýär. Mineral dökünleri ammarlarda bildirilýän
talaplara laýyklykda saklamak hem-de dökünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak
maksady bilen, ýörite ammarlary gurmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, Lebap we Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral
dökünleri saklamaga niýetlenen täze, döwrebap ammarlary gurmagyň maksadalaýyk
hasaplanýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz
wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary
welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurmak boýunça
degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew
sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek babatda amala aşyrylýan işler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we
daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergilerdir maslahatlar durmuş-ykdysady
ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 16 —
19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek “TIBCO — 2024”
halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy
boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy. Bu iri möçberli sergide
ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, hususy haryt öndürijileriniň harytlaryny we
hyzmatlaryny mahabatlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze eksport
bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we
daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergileriň, maslahatlaryň halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Buharest şäherinde geçiriljek
halkara sergide Türkmenistanyň öz sergisini guramak boýunça degişli işleri
geçirmegi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň,
goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hususan-da, häzirki wagtda Taryhy we medeni ýadygärlikleri
goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň ylmy
ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni
ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam
edýär. Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde geçirilen
arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerindäki çäginde
üýtgeşik käriziň üstünden baryldy. Gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden
kärizler toplumyndan şunuň ýaly seýrek gurluşyň ýüze çykarylmagy kärizleriň bu
gurluş usulynyň Ahal welaýatynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp
gelnendigini subut edýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň “Änew —
müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem olar barada giňişleýin
bellenilýär. Bu ajaýyp eserden ruhlanyp, türkmen hünärmenleri we alymlary
degişli işleriň ýazky möwsümine girişdiler.
Soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary öz wagtynda
çap etmek, geljek nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň
alymlarynydyr hünärmenlerini tanyşdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň
gadymyýeti”, “Köneürgenjiň arhitektura mirasy”, “Merwiň taryhy-medeni
ýadygärlikleri”, “Nusaýyň Parfiýa galalary” atly kitaplar hem-de “Asyrlaryň
yzlary” atly ýöriteleşdirilen ylmy neşir çap edildi. Bulardan başga-da, şu ýyl
Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň taryhy-medeni
ýadygärlikleriniň Döwlet reýestrini kitap görnüşinde çap etmek boýunça degişli
işler alnyp barylýar.
Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy
merkezleriniň arasynda ozal gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe
ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, “Togalak — 1” ýadygärliginde
bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Köne Nusaý galasynda
bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa
bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etdirilmegi
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň baý medeni mirasyny giňişleýin öwrenmegiň, gorap saklamagyň,
dikeltmegiň we wagyz etmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biridigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän
taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işlerini
yzygiderli geçirmegiň wajypdygy aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu
ugurdaky döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegi
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň çäklerinde 18-nji maýda
geçiriljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň goldawy esasynda bu günki gün
türkmen edebiýatynyň täze milli ýoluny esaslandyran, häzirki zaman türkmen
edebi diliniň kämilleşmegine önjeýli goşant goşan akyldar şahyryň şygyrlary
onlarça ýurtda we dillerde neşir edilip, dünýäniň ylmy-edebi jemgyýetçiligine
ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
ajaýyp kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn orun berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat
bähbitli başlangyçlaryny, Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik dünýäsini
halkara giňişlikde wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty
tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty
geçirmek boýunça taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Maslahata
ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlary bilen bir hatarda,
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ)
wekilleriniň, şeýle hem dünýäniň 34 döwletinden alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň
işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda
beýik akyldaryň edebi mirasyna bagyşlanan çäreleriň üstünlikli
geçirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzda
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň ýokary
derejede geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň
Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. BMG-niň
Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan 2025 — 2029-njy ýyllar
üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan
saýlanyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu üstünlik bilen
tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlary beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz bu hoş habary kanagatlanma
bilen kabul edip hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli
watandaşlarymyza ýüzlenip, şu ýylyň 9-njy aprelinde Birleşen Milletler
Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen
saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň
Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygyna ünsi
çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi
ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi
tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň ykrarnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň geljekde-de BMG bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam
etdirjekdigini nygtap, hemmeleri bu şatlykly habar bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri
Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ekologiýa ulgamyndaky
gatnaşyklaryny ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň möhüm halkara başlangyçlaryny
durmuşa geçirmek üçin amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alnyp, birnäçe teklipler
taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe
süren “Hazar ekologik başlangyjyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, ilkinji
ädim hökmünde aprel aýynyň ikinji ýarymynda BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik
utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanda hereket edýän beýleki
halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi instituty, Ylymlar
akademiýasy, ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde “tegelek stoluň”
başyndaky maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ösümlik we haýwanat
dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda
Konwensiýa (CITES) goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Bu resminama dünýäde
biologik dürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen iň täsirli halkara hukuk
gurallarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 180-den gowrak döwleti
bu Konwensiýanyň agzasydyr. Onuň sanawyna haýwanlaryň we ösümlikleriň 33 müňden
gowrak görnüşi girizilip, olaryň ençemesi Türkmenistanda hem ýaýrandyr. Degişli
seljerme işleriniň geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy
seýrek hem-de ýitmek howpy astyndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň
has netijeli goralmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa
sebitleýin assosiasiýasyna (EARAZA) Türkmenistanyň agza bolmagy baradaky teklip
hödürlenildi. Munuň özi assosiasiýa agza ýurtlaryň haýwanat baglarynyň arasynda
hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem-de bu ugurda işgärleriň iş tejribelerini
artdyrmaga mümkinçilik döreder.
Ýurdumyzda we oňa ýanaşyk zolaklarda biodürlüligi
gorap saklamak, hususan-da, ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini goramak,
halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň, Gazagystanyň
we Özbegistanyň ekologiýa ministrlikleriniň arasynda Üstýurt platosynyň
haýwanat dünýäsini goramak pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol
çekmek teklip edilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi
baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň
(COP29) öňüsyrasynda geçiriljek Ýaşlar maslahatyna (COY19) taýýarlyk görmegiň
çäklerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi babatdaky
başlangyçlarynyň 2024-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” taýýarlanyldy. Bu resminama
daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ekologik bilimliligi artdyrmak bilen bagly
çärelerden hem-de ylmy barlaglardan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda
daşky gurşawy goramaga we ekologik abadançylygy üpjün etmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça
konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda
dünýä jemgyýetçiliginiň öňündäki meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Döwlet
Baştutanymyz bu ugurda köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli
hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek ugrunda
netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 15 — 19-njy
apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň
agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär
wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine laýyklykda,
guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň
2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş
meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň
taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň
hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleleri ara
alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
sebit ähmiýetli ulag geçelgelerini ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini,
özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna Aşgabat şäherinde Demir
ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji
mejlisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.