09.05.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan
welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi
gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe
goýbermek dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet
Baştutanymyz Balkan welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline geldi we bu ýerden Türkmenbaşy şäherine tarap ugrady. Biraz wagtdan
hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline
gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyz mähirli garşylanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz bu ýerden Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna tarap ugrady.
Soňky
ýyllarda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Balkan welaýaty hem
sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Türkmen hünärmenleriniň ykdysadyýetimiz üçin
ähmiýetli bolan gury ýük gämisini gurmagy guwandyryjy wakadyr. Munuň özi
Diýarymyzda ulag-logistika ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny
görkezýär.
Häzirki
döwürde yklymyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady
mümkinçilikleri netijeli ulanylýar. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň gurluşygyna uly
ähmiýet berilýär. Bu bolsa sebitiň çäklerinde halkara söwda dolanyşygynyň
mukdarynyň artmagyny, ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň
goşulyşmagyny üpjün edýär. Şunda Hazaryň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy
Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen
baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň sebitiň
üstaşyr ulag merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrýar. Ulag-logistika ulgamynyň
ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyz üçin Ýewraziýa giňişliginde
durnukly ösüşi, howpsuzlygy berkitmegiň möhüm şertini emele getirýär. Munuň özi
geçmişde ýurtlary we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan
dikeldilmegine giň ýol açýar.
Türkmenistanyň
çäk taýdan amatly ýerleşmegi, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli
durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň halkara ähmiýetli ulag merkezine, sebitde iri
logistika çatrygyna öwrülmegini üpjün edýär. Şunda ýurdumyz dünýäniň gyzyklanma
bildirýän ähli döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn
ulanylmagyna gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
...Medeniýet
we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini
çaýdy. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” atly
gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan
medeni-köpçülikleýin çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny
şertlendirdi.
Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz täze gurlan gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek
dabarasy mynasybetli çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Türkmenbaşy
şäherindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini
ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary şatlykly waka bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň
durmuşa geçirilýändigini, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny
ösdürmek, milli deňiz pudagyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýolagçy we ýük
dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylýandygyny, üstaşyr hem-de halkara
ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygyny
aýtdy.
Gündogar
— Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag
geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny aýratyn bellemek
isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda täze demir we awtoulag ýollaryny,
döwrebap Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine
alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamy döredildi.
“Bitarap
döwletimiz ulag diplomatiýasyny yzygiderli ösdürip, halkara guramalar bilen
netijeli gatnaşyklary alyp barýar. 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň başlangyjy
bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara ulag
hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 6 sany Kararnama kabul edildi. Bu möhüm
Kararnamalar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. 2016-njy ýylda Aşgabatda
Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy
maslahaty ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda ulag-logistika
ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan köp sanly halkara maslahatlar,
sergiler we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde
dikeltmek ugrunda ähli tagallalaryň edilýändigini belläp, bu ugurda «Balkan»
gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem
netijeli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň
ak pata bermegi bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe
girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm waka boldy.
Häzirki
wagtda bu zawodyň işi deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösüşine mynasyp goşant
goşýar. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna halkara derejede birnäçe
şahadatnama gowşuryldy. Munuň özi döwrebap ýük gämileriniň gurluşyk işlerini
alyp barmakda uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün ýurdumyzda ýük gämisini gurmak
boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan
«Gadamly» gämisiniň gury ýükleri daşamaga niýetlenendigini, onuň ýük
göterijiliginiň 6 müň 100 tonnadygyny, häzirki zaman tehnologiýalary bilen
üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga
ukyplydygyny belledi. Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda türkmen
hünärmenleri koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar.
“Koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan şu
ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri — «Menzil» ýük gämisi hem ulanmaga
berler. Ýurdumyzda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda
flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem munuň özi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ugradylýan, ýurdumyza getirilýän
we üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda,
Hazarýaka döwletlere öz ýüzüşlerini amala aşyrjak bu gämileriň ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn” diýip,
hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Gadamly» ýük gämisiniň
ýüzüşe goýberilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň Deňiz we
derýa ulaglary döwlet gullugynyň işgärlerine, hünärmenlerine berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny
arzuw etdi.
Soňra
taryhy ähmiýetli wakanyň hormatyna guralan dabara gatnaşýan Koreýa
Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology” kompaniýasynyň
prezidenti Çhwe Ýon Uka söz berildi.
Myhman,
ilki bilen, bu dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle
hem ol “Gadamly” gury ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy
mynasybetli hemmeleri gutlady. Munuň özi taryhy ähmiýetli waka bolmak bilen,
Türkmenistanyň ähli ugurlar, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça
sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Nygtalyşy ýaly, “Balkan” gämi
gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gury ýük gämisiniň gurulmagy bilelikdäki
tagallalaryň aýdyň netijesidir. Munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
esasy düzümleriniň biri bolan kärhananyň halkara ähmiýetli ýükleri daşamaga
ukyply döwrebap ýük gämilerini gurmak mümkinçiligine eýe bolandygyny
alamatlandyrýar. Munuň özi bu kärhananyň kuwwatynyň halkara taslamalary
üstünlikli amala aşyrmak, dünýäniň deňizçilik ulgamynda eýeleýän ornuny
pugtalandyrmak üçin zerur bolan tehniki mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň
güwäsidir.
Soňra
Çhwe Ýon Uk “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hem-de täze gurlan
gäminiň ýokary inženerçilik çözgütleri we gurnama işleri üçin berlen halkara
güwänamalary gowşurdy.
Soňra
Fransiýa Respublikasynyň “Bureau Veritas Marine & Offshore” kompaniýasynyň
menejeri Samat Kamalowa söz berildi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul
edilendigi we bu çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin hormatly
Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýtdy. Täze gury ýük gämisiniň
ýüzüşe goýberilmegi mynasybetli guralýan dabara diňe bir Türkmenistan üçin däl,
eýsem, sebit derejesindäki taryhy ähmiýetli wakadyr. Şeýle hem ol “Gadamly”
gury ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli we täze
gäminiň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini nazara alyp, “Balkan”
gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna hem-de gäminiň özüne ýörite güwänamalary
gowşurmagy özi üçin uly hormat hasaplaýandygyny nygtady. “Gadamly” gury ýük
gämisi häzirki zaman ekologik ölçeglerine laýyklykda guruldy. Munuň özi bu
kärhananyň gämi gurluşygy babatda dünýäniň ösen tejribelerine laýyk gelýän
strategik çemeleşmeleriniň we bu ugry ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň
netijesidir. Bu bolsa Türkmenistanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag
geçelgelerini netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri üpjün edýär. Gündogar —
Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde
ykrar edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebit ähmiýetli derejesini
yzygiderli pugtalandyrýar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz “Gadamly” gury ýük gämisiniň girelgesiniň ýanyna geldi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy deňiz we derýa ulaglary işgärleriniň lybasyndaky
çagalar şadyýan goşgulary bilen garşyladylar.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz bagtyýar çagalara minnetdarlyk bildirip, olara sowgatlary
gowşurdy. Çagalar çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizden
özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz
çagalaryň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Şanazarow hormatly
Prezidentimize “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe doly taýýardygy barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty kabul edip, gury ýük gämisiniň gurluş aýratynlyklary we
onda döredilen şertler bilen tanyşdy. Gämi gurluşygy we enjamlaşdyrylyşy
babatda ýokary halkara deňizçilik kadalaryna doly laýyk gelýär. Gämi gurluşygy
boýunça ýerli hünärmenleriň, inženerleriň, tehniki işgärleriň ýöriteleşdirilen
okuw sapaklaryny geçmekleri hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrdy.
Bu bolsa täze gäminiň gurluşygynyň ýokary halkara görkezijilere laýyklykda
ýerine ýetirilmegini üpjün etdi.
Gäminiň
kapitany täze gäminiň gurluşygyna döwlet tarapyndan berlen hemaýat-goldawlar,
öndürijilikli işlemek ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Deňiz we derýa ulaglary döwlet
gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda logistik netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen,
giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny we bu ugurda dünýäniň ösen
tejribesini işjeň özleşdirmek üçin halkara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini
belledi. Bu bolsa portuň ähli düzümleriniň işiniň häzirki zaman talaplaryna
kybap derejede berjaý edilmegini şertlendirýär.
Döwlet
Baştutanymyz gäminiň kapitanyny täze gäminiň ýüzüşe goýberilmegi bilen gutlap,
alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
gäminiň kapitany hormatly Prezidentimizden “Gadamly” ýük gämisini işe girizmäge
ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi. Gäminiň kapitany Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen ýörite düwmäni basýar. Şeýlelikde,
gäminiň baş hereketlendirijisi işjeň ýagdaýa geçýär. Gäminiň zogunyň çalynmagy
bilen deňizçilik ulgamynyň asylly däbi berjaý edilýär. Bu bolsa asyrlar aşyp
gelýän ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýerine
ýetirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Döwlet
Baştutanymyz ýene-de bir gezek hemmelere uly üstünlikleri arzuw edip, “Gadamly”
gury ýük gämisinden düşdi. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Ministrler Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman
Arkadagymyzy “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi bilen gutladylar.
Munuň özi ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag geçelgeleriniň işjeň
ulanylýandygynyň we ulag-logistika düzümlerinde alnyp barylýan işleriň
yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Hormatly
Prezidentimiz «Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmeginiň ýurdumyzyň
ähli ugurlarda, şol sanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini
ösdürmekde edýän tagallalarynyň aýdyň netijesine öwrülen taryhy wakadygyny
belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan
işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy we hemmelere üstünlikleri
arzuw edip, bu ýerden ugrady.
***
Pederlerimiziň
taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ýagşy dessurlaryna eýerilip, täze
gäminiň ulanmaga berilmegi mynasybetli milli ýörelgeler berjaý edildi.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyklylykda dili senaly eneler täze gämä “Ak zat
alnyňa ýagşy” diýen däbe eýerip, ak un sepdiler. Onuň ýanynda müň derdiň
dermany hasaplanýan üzärligiň tütedilmegi we gäminiň şturwalyna alaja dakylmagy
asyrlar aşyp gelýän milli däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýanyna öwrüldi.
Şeýle
hem bu ýerde “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmeginiň hormatyna toý
sadakasy berildi.
tdh.gov