05.05.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde
hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile möwsümini guramaçylykly
geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnama üstünlikli amal etmek üçin zerur
çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara
laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary
berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen
işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak
işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş
alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri
geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar.
Pile möwsümi boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek
işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde şu ýyl welaýatda
meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça, bugdaýa ideg işlerini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda
gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak
üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri
ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň
çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary
hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny
belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli,
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp,
ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Pile
möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini
belledi we häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
zerurdygyna ünsi çekdi.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen
meýdanlarda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda
hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk
ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň bellenen
kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny
aýtdy we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly
taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş
suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek
işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde
welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen piläni ýygnamak işleri
alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça,
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda
geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze
çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen
birlikde, ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygy bellenilip, bu
babatda degişli tabşyryklar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.