28.04.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul
ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla
oragy möwsümine taýýarlamak babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça
ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara
bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde
ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň talabalaýyk
geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime
degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz
welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny
tutmak işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady
bilen, kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny
taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekişi dowam edip, möwsümi
bellenen möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Ekiş
geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulyp, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Pile
möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg
etmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň
talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň toplumlaýyn çemeleşmäni
talap edýändigini belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekin
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş
kärhanalaryny we elewatorlary galla oragy möwsümine taýýar etmek babatda zerur
çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda
hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere
ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, bugdaýa ideg
işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan
başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda
tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwy tutulýar.
Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak babatda
zerur işler geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli
möwsümi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş
geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Sebitde pile
öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan
esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, tehniki we
beýleki serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň ekinlerden bol hasyl almagyň
önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmagyň esasy şerti bolup durýandygyny
aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň
çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine
ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan
kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýar etmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi
dowam edip, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek
işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.
Welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edip, bu ugurda pileçi
kärendeçilere degişli ýardamlar berilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin
ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny
belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine
taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz
wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek
babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gowaça ekişi dowam edip, ekiş
geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara
bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatlarda pile
möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda
alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba
hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki
möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan
kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly
taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli tabşyryklary
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov