02.05.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu döwürde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik
desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny
we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini
ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik
serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak
boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Çad
Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür
Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç
hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Birleşen Milletler
Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek
we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara maslahat
geçirildi. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny
paýlaşmak, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen,
Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde guralan Merkezi Aziýa
döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogy, Mejlisiň we Pakistan Yslam
Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň
Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda
döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly
duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Türkiýe
Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji
Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan forumlara gatnaşdylar.
Mejlisde
dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň
wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak
boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri
halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş
edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar.
Halkara tejribeleri öwrenmek üçin deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň
7-si amala aşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary
üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda
ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda
2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen
önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri
gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary
söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça
Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy
böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat
döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet
kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary
öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine
ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ykdysadyýet, maliýe we bank
toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek
boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
107,1 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan
işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň
meýilnamasy 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,7
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan
gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy
çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan
möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik desgalaryny doly
kuwwatynda ulanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi, geologiýa-gözleg, buraw
işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň geçen dört aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk
işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 100,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
100,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,7 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 116,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 100,6 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 115,8 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 127,5 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek
işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, galla oragy
möwsümine taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine,
ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň
dowamynda ýurdumyzda, daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça
çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary
netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň
şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä
ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Özbegistan
Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek
atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň
nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini
artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, oba hojalyk önümleriniň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz
wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda,
daşary ýurtlarda hem birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini, hususan-da, şu
ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara
çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga
ýardam berjekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere agzalan
atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke
bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi. Bu meýilnama Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça 105,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça 122,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106 göterim
ýerine ýetirildi. Awtomobil
ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,6
göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 154
göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasyna 122,9 göterim amal edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň
doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny
artdyrmagy üns merkezinde saklamagyň, täze ýollary gurmak, bar bolanlarynyň
durkuny täzelemek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletde, ýokary hilli tamamlanmagyna
berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Nygtalyşy
ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 109,2
göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Dokma
senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä,
103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,2 göterim, nah
matalaryňkyda 100,5 göterim, gön önümleriniňkide 103,1 göterim ösüş depgini
gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy
107,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat
döwründe 97 birža söwdasy geçirilip, olarda 10 müň 136 şertnama hasaba alyndy.
2026-njy
ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 119,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 7 sergi, 5
maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk
we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda
halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny gözegçilikde
saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk harytlary bilen üpjün etmek üçin degişli
çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar guraldy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty
netijesinde Aşgabat şäherinde «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk
sergisi we maslahat guramaçylykly geçirildi. 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabry —
2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Italiýanyň Rim şäherindäki Kapitoliý
muzeýinde geçirilen «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik
sergi öz işini tamamlady. Sergide Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän gadymy
Margianadan we Nusaý galalaryndan ýüze çykarylan tapyndylar görkezildi.
Hasabat
döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni
çärelere, maslahatlara, okuwlara yzygiderli gatnaşdylar. Şeýle hem olar Daşkent
şäherinde geçirilen türki dünýäniň suratkeşleriniň duşuşygyna, onuň çäklerinde
guralan sergä gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Köpçülikleýin habar beriş
serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi
tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň maý aýynda meýilleşdirilen çärelere
gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet
ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly
saklamak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky işler dowam etdirildi.
Okuwçylar, talyplar halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, jemi
807 medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara olimpiadalaryň
6-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 7-si, mekdep okuwçylarynyň arasynda III
Halkara matematika olimpiadasy geçirildi.
Hasabat
döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler alnyp baryldy.
Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglar
utgaşdyryldy. Lukmançylykda keselleriň öňüni almak, bejermegiň öňdebaryjy
usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda işler dowam etdirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli
görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Şu döwürde bedenterbiýäni,
sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy
toparlarynyň agzalary jemi 169 medal gazandylar. Bütindünýä saglyk güni
mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag
şäherinde we welaýatlarda medeni-sport çäreleri geçirildi. “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli
ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.
Şeýle
hem wise-premýer Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň
başlangyçlary, hemaýat-goldawlary bilen mekdebe ilkinji gezek gadam basýan
okuwçylara kompýuterleri sowgat gowşurmagyň däbe öwrülendigini, hasabat
döwründe bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport
ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, saglygy goraýyş edaralarynyň
işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sport desgalaryny netijeli dolandyrmagy üns
merkezinde saklamagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek,
innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli ýaşlary ýetişdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synp
okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen taýýarlanan
Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek,
Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe
degişli işler amala aşyryldy.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki
saparlardyr duşuşyklar esasy orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň 16 — 19-njy fewralda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 17 — 19-njy
martda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelde Awstriýa Respublikasyna
saparlary guraldy.
Hormatly
Prezidentimiz 21-22-nji aprelde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas
etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň
nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala
aşyrdy.
Abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom
energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi
boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen
duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň
Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martda bolsa Aziýada
özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary
ýurdumyzda saparda boldy.
Hasabat
döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 220 wekiliýet döwletimize
sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 400 wekiliýet gitdi. Şu
ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň
169-sy geçirildi. Türkmenistanda daşary döwletler we halkara guramalar bilen
bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 711-si guraldy. Döwletimiziň
halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň
57-si bilen ýetirildi.
Daşary
işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň
arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Bu babatda
hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap
Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň
derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. 2026-njy ýylyň geçen dört aýynda
Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan
Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat
edaralary bilen geňeşmeler guraldy.
Daşary
ýurtlaryň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar
ýurtlary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň
bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik
wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe
Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň,
Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenilen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi.
Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky
ilçileri, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmeleri boýunça halkara agentligiň we Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky
hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň
gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli
çäreler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň
ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan
şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm
halkara duşuşyklar geçiriler. Şolaryň hatarynda her ýyl geçirilýän “Russiýa —
Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy görkezmek bolar.
Şeýle-de “Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO”, “Halkara emläk bazary”
atly sergiler we maslahatlar, “Kazan halal bazary” halkara ýarmarkasy, “Asylly
moda güni” festiwaly geçiriler.
Atly
sport boýunça ýaryşlar guralar. Olaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi
nygtaldy. Mundan başga-da, wise-premýer, daşary işler ministri Beýik
Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor
halkara atly oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini
aýtdy. Bu halkara atly sport çärelerine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy göz
öňünde tutulýar. Häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we
türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça işler
alnyp barylýar. Bu atly oýunlardyr ýaryşlaryň ahalteke bedewine bagyşlanan
şanly ýylda geçirilmegi many-mazmun taýdan örän ähmiýetlidir.
Hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda
türkmen wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti
tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
(UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji
mejlisine gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi barada-da aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga
gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary we
abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim
ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz şu ýylyň maýynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň birnäçe halkara
çärelere gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara
çärelere ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ýokary derejede guramagyň,
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
bilen baglylykda, 16-17-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we
Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine boljak iş
saparyna hem gowy taýýarlyk görmegiň, 17 — 22-nji maýda Baku şäherinde
geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy
boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde
2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir
ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş
depgini 102,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary
ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime,
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 124,2 göterime,
“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8
göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 106,3
göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114,3 göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň
biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp,
halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki
üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen dört
aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini,
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp
barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3
göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
“Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam
edýändigini bellemek gerek” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda,
ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegi, bu
işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov