Düýn türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen
duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki
ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz
myhmanlary mübärekläp hem-de olary ak mermerli Aşgabatda kabul etmäge şatdygyny
belläp, koreýaly işewürleriň şu gezekki saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi we däp bolan gatnaşyklary
ilerletmek boýunça täze başlangyçlary durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw
etdi.
Şunuň bilen baglylykda,
Halk Maslahatynyň Başlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda ýurdumyzy
senagatlaşdyrmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekdi.
Munuň özi koreýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny
açýar.
“Hyundai Engineering Co., Ltd”
kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik
hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman
Arkadagymyza Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň we
Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli salamyny,
iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli
sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa
Respublikasyna bolan saparyny we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly
duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şonda Koreýa Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň Başlygy bilen geçirilen duşuşykda dostlukly döwletara dialogy
mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejede, şeýle hem Hökümetara, pudagara derejelerdäki saparlar, gepleşiklerdir duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi berýär.
Türkmenistan bilen
Koreýa Respublikasynyň köptaraplaýyn meýdançalarda netijeli hyzmatdaşlyk
edýändiklerini bellemek gerek. Ýurtlarymyz sebit we ählumumy gün tertibiniň
möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini
görkezmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara
düzümleriň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýarlar.
“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky hyzmatdaşlyk-da netijeli
häsiýete eýedir.
Ynsanperwer ulgam hem
türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamda bilim,
ylym, medeniýet ugurlary boýunça yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunda iki
ýurtda hem bilelikdäki dürli döredijilik çäreleriniň guralmagy, bilim
maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklaryň
höweslendirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Koreýa
Respublikasynyň baý ruhy, maddy medeni mirasy bolup, bu ugurda hyzmatdaşlygyň
çuňlaşdyrylmagy halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Saglygy goraýyş, sport,
syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga-da uly ähmiýet berilýär.
Koreýa Respublikasynyň
wekilleri ýurdumyzda geçirilýän «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy
ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşdylar. Saglygy
goraýyş barada aýdylanda bolsa, bu ulgamdaky edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk
etmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Döwletara gatnaşyklar
birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda
yzygiderli ösdürilýär. Dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp
barylýar. Şunuň bilen birlikde, parlament diplomatiýasyna, kanun çykaryjy
edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet
berilýär. Şunda “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” parlamentara dostluk
toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýdyp,
koreý kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Bu
kompaniýalar eýýäm köp ýyllardan bäri milli ykdysadyýetimiziň nebithimiýa, gazy
gaýtadan işlemek, ulag we beýleki pudaklarynda netijeli işläp gelýärler.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulagy awtoparkynyň ep-esli bölegini
Koreýa Respublikasynda öndürilen awtoulaglar düzýär.
Koreýaly işewür
toparlaryň wekilleri dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan
Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi we bilelikdäki
maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin berk binýadyň
döredilendigini belläp, durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýan, ägirt uly ykdysady
kuwwaty bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny
nygtadylar.
Gahryman Arkadagymyz
koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri
bolan «Galkynyş» käninde kükürtden arassalaýjy zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly awtoulag benzinini öndürmek
boýunça desganyň, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen gazhimiýa
toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen
belledi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary hil taýdan täze
derejä çykaryldy.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň
birini eýeleýändigini belläp, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, şeýle hem
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň
gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine
ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz “Galkynyş” gaz käniniň
dördünji tapgyryny özleşdirmek, ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmek
boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi.
Myhmanlar ägirt uly
uglewodorod kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda
ýokary üstünlikleri gazanýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek
üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, Koreýa Respublikasynyň
kompaniýalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa
geçirilmegine gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň
köpýyllyk tejribesiniň bardygyny, mawy ýangyjy çykarmak we gaýtadan işlemek
bilen baglanyşykly uly meýilnamalary nazara almak bilen, uzak möhletleýin
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda, bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy
innowasion işläp taýýarlamalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm
talap hökmünde kesgitlenildi.
Işewürler dürli
ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp,
Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga
taýýardyklaryny tassykladylar. Myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden
möhüm teklipleriniň doly öwreniljekdigini nygtap, olar boýunça degişli
ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň we tejribe alyşmagyň wajyp mesele bolup
durýandygy aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri ýurdumyzda dünýä belli kompaniýalaryň köp sanlysynyň iş alyp
barýandygyny belläp, desgalaryň gurluşygynda olaryň ýokary hil standartlaryna
we ekologik kadalara laýyk gelmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyna ünsi
çekdi. Bu ugurda koreý kompaniýalary özüni jogapkärçilikli hyzmatdaşlar
hökmünde görkezdiler. Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň
hem koreý tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.
Koreýa Respublikasynyň
işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzyň çäginde bar bolan ýangyç we himiýa
serişdeleriniň gaýtadan işlemek üçin ýaramlylyk derejesiniň ýokarydygyny
nygtadylar. Bu bolsa netijeli bilelikdäki iş üçin möhüm şert bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri koreýaly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika, senagat pudaklarynda
hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny ýene-de bir gezek
belläp, bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine
ynam bildirdi.
Gämigurluşyk pudagynda hem tagallalary birleşdirmek üçin giň
mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş
zawody Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co.,
Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük
gämileriniň ikisini gurmak barada şertnama gol çekdi. Bu ugurda degişli işler
alnyp barylýar. Täze ülňä laýyklykda, zawodyň önümhanalarynda we önümçilik
meýdançalarynda gaýtadan enjamlaşdyryş, ölçeg işleri geçirilýär. “Balkan” gämi
gurluşyk we abatlaýyş zawody üçin halkara ISO güwänamalaryny almak ugrunda
çäreler görülýär. Şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça
meselelere seredilýär.
Ulag-logistika, ýük howa gatnawlarynyň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň
strategik ugurlarynyň hataryndadyr. Iki ýurduň arasynda ýolagçy howa gatnawyny
ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.
Myhmanlar söhbetdeşlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara
bähbitli köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek
tassykladylar.
tdh.gov