Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine
gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Merkezi Aziýa döwletleri bilen
Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän
we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy-medeni, ykdysady
gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag,
ylym-bilim ýaly ulgamlary öz içine alýar. Milli bähbitlere, özara hormat
goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny
üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine
esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bu
formatda oňyn orny eýeleýär.
“Merkezi Aziýa — Russiýa”
formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly
bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň
netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat
edinýändigini tassyklady. Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine
saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada, hyzmatdaşlygyň baý
tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary ilerletmäge işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa
döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi
munuň aýdyň mysallarynyň biridir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen
berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine Merkezi Aziýa
sebitinde durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant hökmünde garalýar. Bitaraplyk
ýörelgeleri Türkmenistana ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli
hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär we giň halkara hyzmatdaşlyk
üçin amatly geosyýasy hem-de geoykdysady şertleri döredýär.
Russiýa bilen Türkmenistanyň
arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk
derejesine çykaryldy. Munuň özi taraplaryň hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda
pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar. Ykdysady
hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasyndaky özara bähbitli
gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Russiýa sebitiň ýurtlarynyň iri söwda
hyzmatdaşydyr. Özara haryt dolanyşygynyň düzüminde çig maldan başga-da, senagat
harytlary, oba hojalyk, nebithimiýa, metallurgiýa önümleri agdyklyk edýär.
Munuň özi ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýetine şaýatlyk edýär.
Möhüm ulag-kommunikasiýa,
energetika infrastrukturasyna eýe bolan Merkezi Aziýa ählumumy durnukly ösüşi
gazanmak babatda öňdebaryjy sebitleriň birine öwrülýär. Türkmenistan gatnaşyjy
ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berýän
köpşahaly sebit ulag infrastrukturasyny döretmäge işjeň gatnaşyp, bu ulgamda
goňşy döwletler bilen iri taslamalary durmuşa geçirýär. Energetika ulgamyndaky
hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmegiň
binýatlaýyn esasy bolup durýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna
eýe bolan Türkmenistan eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, energetika
howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen energetika diplomatiýasyny işjeň
ilerledýär. “Merkezi Aziýa — Russiýa” formaty tutuş Ýewraziýa yklymynda
durnukly ösüşi hem-de abadançylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän köpugurly,
özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň mysalydyr. Medeniýetleriň ýakynlygy we
taryhy gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat
edýär.
...Paýtagtymyzdan ugur alan
hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan soňra, Duşenbe şäheriniň sammite
gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline
gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri
nyzama düzülipdir. Döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň resmi adamlary, şeýle hem
ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda
hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitiniň geçirilýän ýerine —
Kabul edişlikler köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan
döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan
soňra, “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk
geçirildi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde
geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň,
Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem
gatnaşdylar.
Prezident Emomali Rahmon
sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana
gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki ýokary derejedäki
duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna
ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali
Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Merkezi
Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň
geçirilmeginiň şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini
görkezýändigini belledi. Munuň özi kanunalaýykdyr. Merkezi Aziýa we Russiýa
diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem,
köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen hem
baglanyşandyr. Hut şeýle şertleriň jemi biziň hyzmatdaşlygymyzyň
mümkinçiliklerini häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletleýin geljekde ugurlaryň
giň gerimi boýunça ösdürmek üçin berk esas bolup durýar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Merkezi Aziýada durnuklylygy,
howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işimiz ýurtlarymyzyň
hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ulgamda sebitiň ýurtlarynyň, şeýle-de
Russiýanyň baý tejribe toplandyklaryna, daşary syýasat edaralarynyň, beýleki edaralaryň
wekilleriniň gatnaşmagynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilýändigine ünsi çekdi.
Häzirki wagtda olaryň gün tertibine täze wehimlerdir howplara garşy tagallalary
utgaşdyrmak, şol sanda maglumat we biologik howpsuzlygy, ýurtlarymyzyň
durnuklylygyny üpjün etmek boýunça meseleler girizilýär. Bular örän möhüm
bolup, biz olary esas goýujy gymmatlyklarymyza, däplerimize, taryhy tejribä
esaslanyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilelikde çözýäris diýip,
döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we halkara düzümleriň, ilkinji nobatda,
BMG-niň çäklerinde ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny,
utgaşdyrylmagyny dünýä giňişliginde umumy wezipeleriň esasylarynyň hatarynda
görkezdi. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny goramak, BMG-niň
ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak
ýörelgeleri esasynda ählumumy howpsuzlygyň arhitekturasyny gorap saklamak
meselelerinde bilelikde tagalla etmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz halkara
gatnaşyklarda özara hormat goýmak dialogynyň medeniýetini, açyklygy we
ynanyşmagy gaýtadan dikeltmegiň wajypdygyny belläp, bu wezipeleriň häzirki
wagtda çylşyrymly bolandygyna garamazdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de
Russiýanyň bilelikde bu maksatlary gazanmaga ep-esli täsir edip biljekdigine
ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan
Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyny hem-de işjeňleşdirilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugry hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda birnäçe iri
taslamalaryň başy başlandy. Ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly,
durnukly, netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki
hereketleriň esasy maksadydyr. Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar
kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň
döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Bu ulag geçelgesi ähli
gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag
taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady we Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň
arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň
ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz
portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, şunda ýurdumyzyň
elektroenergetika aýratyn üns berýändigini belledi. Şunda hormatly
Prezidentimiz döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, şeýle
hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak
meselesine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa
çeşmelerini ulanmak babatda-da has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr. Döwlet
Baştutanymyz şu barada aýdyp, ýurtlarymyzyň bilelikde toplan, şeýle-de täze
tejribeleriniň, ylmy-tehniki gazananlarynyň esasynda birek-birege teklip edip
biljek zatlarynyň bardygyna ynam bildirdi.
Innowasion ulgamda
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris. Munuň özi içerki ösüş we
halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete
eýedir. Russiýanyň tehnologiýalar we innowasiýalar babatda giň halkara
kooperasiýa gönükdirilen strategik ugruna ýokary baha berýäris. Biziň
formatymyzda hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna
ynanýarys. Häzirki wagtda innowasion ösüş Türkmenistan üçin milli ykdysadyýeti
we durmuş ulgamyny ösdürmegiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup
çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň
özara bähbitlilik esasynda senagat pudagyna, oba hojalyk toplumyna, şähergurluşyk,
“akylly” şäherleri gurmak ulgamlaryna hyzmatdaşlaryň innowasion
mümkinçiliklerini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Ekologik deňagramlylygyň üpjün
edilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň bilelikde köp meseleleri
çözmeli ugurlarynyň biridir. Hazar deňziniň suw derejesiniň pese düşmegi, Araly
halas etmek, senagatda we oba hojalygynda howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak
çäreleri, daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly meseleler
hem-de beýlekiler şolaryň hataryndadyr.
Şu ýyl biziň ýurtlarymyz üçin
aýratyn many-mazmuna eýedir. Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80
ýyllygyny bilelikde belläp geçdik. Bu waka hemişe halklarymyzy we
döwletlerimizi birleşdirýän berk binýatdyr. Biz döwletara gatnaşyklarymyzda umumy
taryhy mirasymyza, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk taglymlaryna
ygrarlylygymyza esaslanýarys, hemişe olaryň mizemez gymmatlyklardygyny
tekrarlaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda
ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm bolup durýar. Bu
gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýar, geljek üçin berk esasy döredýär,
ýurtlarymyzyň halklarynda, şol sanda ýaşlarda birek-birege hormat goýmagy
terbiýeleýär. Biz bu oňyn meýilleri goldamalydyrys we höweslendirmelidiris
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga
taýýardygyny hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly hyzmatdaşlyk formatynyň
möhümdigine, onuň uly kuwwatynyň bardygyna berk ynanýandygyny tassyklady.
Täjigistan Respublikasynyň
Prezidenti Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk
bildirip, çykyşda beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
TDH