15.05.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan
gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet,
Sanitariýa, Maşgala, Ýaşaýyş jaý kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk
hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň
Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçirilýär.
Mejlisiň deputatlary
ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar,
jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer
döwlet syýasatyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň
taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, bu baýram
mynasybetli “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň
esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli” atly ylmy-amaly
maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň
many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp
barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň
talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hil babatda
gözegçiligi amala aşyrmakda degişli çäreler görülýär. Hususan-da,
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky edaralaryň
barlaghanalarynda harytlaryň we önümleriň hil görkezijilerini anyklamakda
döwrebap serişdeler ulanylýar. Bu babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen
netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady
bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
korporasiýanyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalary tarapyndan ýurdumyzyň günbatar
sebitinde ýerleşýän känleriň we meýdançalaryň birnäçesinde nebitiň, tebigy
gazyň gözlegine gönükdirilen gözleg-barlag guýularynda buraw işleri netijeli
dowam etdirilýär. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleri amala aşyrmakda şu ugurda
işleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak,
gözleg-barlag guýularynyň buraw işlerini döwrebap ýerine ýetirmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini
gowulandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda
gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek
işleri dowam edýär. Hususan-da, hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Galla oragy möwsümini
guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz
ýygnap almak boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň,
gök-bakja ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen
ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda pile
öndürijiler tarapyndan welaýatlarda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek, pile
hasylyny ýygnap almak işleri geçirilýär.
Şeýle hem ýurdumyzda
ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak maksady bilen,
suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri,
welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlaryna agrotehniki kadalara laýyklykda ideg
etmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere
bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragy möwsümine
hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilnama
laýyklykda, dürli ugurlara bagyşlanan maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny,
wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sergileri, paýtagtymyzyň
gözel künjeklerine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 24-25-nji
maýy günlerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergini we
maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara sergide ýurdumyzyň
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli hususy
kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň dürli ugurlarda gazananlaryny
görkezýän sergi bölümlerini guramak meýilleşdirilýär. Serginiň çäklerinde
geçiriljek maslahatyň dowamynda paýtagtymyzy “akylly” şäher konsepsiýasyna
laýyklykda ösdürmek, maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp
maslahatlaşylar. Baýramçylyk günlerinde “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde
medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyrylar.
Dabaralara görülýän
taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzyň şaýollaryny, köçelerini arassa saklamak we
olaryň ugrundaky binalaryň abadanlaşdyrylyşy, bezelişi, yşyklandyrylyşy bilen
baglanyşykly toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara
sergini we maslahaty guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak
medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry
aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Green
Ekspo — 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede
gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary astynda guraljak bu
halkara sergä 80-e golaý ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlar bilen köpugurly
gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek halkara bagbançylyk
sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gazet-žurnallaryň elektron görnüşi ilata elýeterli edilýär. Şunda bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä, oňa neşirýat işi babatda döwlet syýasaty, döwlet goldawy hem-de döwlet buýurmasy bilen bagly işleri has-da kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek boýunça degişli üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, ýurdumyzda neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy,
“Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak
çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda okuw ýylynyň
tamamlanmagy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda Garaşsyzlyk
binasyna, ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralaryny
geçirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly
şygar bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara, kärine
ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary
gowşurylar. Baýramçylyk gününde uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň,
welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini
guramak meýilleşdirilýär. Baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat
ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda baýramçylyk dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda
«Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gahryman Arkadagymyzyň
şu ýylyň 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna
amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, saparyň
çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň resmi
wekilleri bilen syýasy nukdaýnazardan örän möhüm duşuşyklary we gepleşikleri
geçirdi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça mundan
beýläk-de berkitmek bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, 13-nji maýda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy gün tertibinde duran meseleler,
ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, iki
ýurduň bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelere seredildi.
Şunlukda, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün
tertibini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn
ykdysady hyzmatdaşlygy, esasan-da, ulag-logistika ýaly möhüm ugurda bilelikdäki
işleri ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan iki
döwletiň halklarynyň köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça birnäçe anyk teklipler beýan edildi.
13-nji maýda Kazan Kremlinde
Milli Liderimiziň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow
bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady
ugurda bar bolan giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak meselelerine uly
üns berildi. Şeýle hem medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat
bolup hyzmat edýän türkmen we tatar halklarynyň taryhy ýakynlygy barada aýratyn
bellenip geçildi.
Gahryman Arkadagymyz we Rustam
Minnihanow bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetine ünsi çekmek bilen,
häzirki wagtda Tatarystanyň bilim edaralarynda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň 8
müňe golaýynyň bilim alýandygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýokary derejeli resmi
wekilleri bilen hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.
14-nji maýda Gahryman
Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026” XVII halkara ykdysady
forumynyň işine gatnaşyp, yslam dünýäsine degişli döwletleriň arasyndaky medeni
gatnaşyklara çuňňur hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýetnama berdi. Şeýlelikde,
şol günlerde Kazanda geçirilen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň
ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazan
şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda ICESCO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň
bu gurama synçy ýurt hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi uly
ähmiýete eýedir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport
toplumyna baryp, at çapyşyklaryny synlady. Milli Liderimiziň Kazana amala
aşyran sapary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi we
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe
bolýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi.
“Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen halkara
ykdysady foruma we beýleki çärelere gatnaşmagy hem hyzmatdaşlygy berkitmekde
möhüm ädim boldy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri
hasabatyny dowam edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl
Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň
çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri
we beýleki duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda GDA-nyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabat şäherinde
geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň
Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde duşuşyga taýýarlyk görmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar.
Taýýarlanan maksatnamanyň
taslamasyna laýyklykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz bilen GDA-nyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşjak wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wekiliýet
ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi
meýilleşdirilýär. Şol gün wekiliýet ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde
mejlisleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň gün tertibiniň
taslamasyna laýyklykda möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem mejlisler tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy
geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer,
daşary işler ministrine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda 2026-njy ýylyň galla oragyny
guramaçylykly geçirmek üçin Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şertnamalaýyn esasda
ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna,
ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşamak, ulag serişdeleriniň
bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmek üçin degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagyny ösdürmek, pudagy
häzirki zaman awtoulaglary bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça netijeli
işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
ulag serişdelerini öz wagtynda taýýarlamak, ýükleri daşamakda hyzmatlaryň
möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda 18-nji maýda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenip
geçiljekdigini, bu baýramçylygyň halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da
pugtalandyrýandygyny belledi. “Şoňa görä-de, Konstitusiýamyza ygrarly bolmak bilen,
her bir raýatymyzyň durmuş-ykdysady bähbidini amala aşyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban
halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem
döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs
ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov