22.05.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl
üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek ýyl
üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy
ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda işläp
düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek
hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu
taslamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de
maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri anyk kesgitlenildi. Geljek
ýylyň Döwlet býujeti, maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende Türkmenistanyň
Prezidentiniň degişli maksatnamasyndan, hakyky mümkinçiliklerden, degişli
hasaplama görkezijilerinden ugur almak göz öňünde tutulýar.
Geljek ýylda ýurdumyzyň
makroykdysady ýagdaýyny, jemi içerki önümiň ösüş depginini, maliýe, pul-karz
ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi we giň
gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini täze
önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak, pudaklara
sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, amatly
işewürlik gurşawyny döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan
beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli
işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleri geljek
ýylda hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet
býujetini düzmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän
ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt
maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda döredilen hukuk, ykdysady şertler hem-de
oňyn maýa goýum gurşawy esasynda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz
pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hususan-da, Hazar deňziniň
türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek
babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar we möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň
özleşdirilmeginiň uglewodorod gorlaryny artdyrmaga, daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmäge ýardam berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleri dowam etdirmek baradaky teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda
gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Daşoguz welaýatynda şaly ekmek işleri geçirilýär, Lebap welaýatynda şaly ekmek
möwsümine taýýarlyk görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň
öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy ýeterlik
möçberde üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hasyly ýygnap almak işleri
alnyp barylýar.
Wise-premýer ýetişdirilen
bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, hormatly
Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we
mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň,
il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamagyň
senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň
möhümdigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýere welaýatlaryň gowaça ekilen
meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini dowam
etdirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda
gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda
3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla
oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna
«bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz
zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda
umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu etrabyň “Bagyr” ýaşaýyş toplumynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny hem-de saglyk öýüni gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän mekdeplerde we çagalar bagynda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli oňaýly şertler dörediler. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, guruljak saglyk öýüni häzirki zaman lukmançylyk serişdeleri we kämil enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzy, şol sanda Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini
nygtady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini
has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda
umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak hakynda
Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli
geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şanly sene
mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň
bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Serginiň
çäginde Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny
ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan
halyçysy» atly döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak göz öňünde tutulýar.
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine birnäçe döwletden
belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat
hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle-de paýtagtymyzda «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly maslahatlaryň
geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns
berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen halysynyň
baýramy mynasybetli çäreleri, haly önümleriniň sergisini hem-de türkmen
halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we
olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iýun aýynyň
dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni,
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli
çäreleriň, dabaralaryň, aýdym-sazly medeni çäreleriň, sergileriň, sport
ýaryşlarynyň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, birnäçe halkara
maslahatlar we olimpiadalar, sergiler geçiriler.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň
Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, «Talyp
joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynyň, Balkan
welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreleriň
geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda
Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy
guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara
güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni,
Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň
şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary
ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli
ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça
alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 3-nji
iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde
tutulýar. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda
welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport
ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri
geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy giňden
beýan edýän halkara sport baýramydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýurdumyzda bu sene mynasybetli bedenterbiýe-sport çärelerini
guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer hasabatyny
dowam edip, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna
göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany” tassyklamak
hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki
döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň iň
gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda,
olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä
derejesinde ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, bu ugurda
Milli strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli
çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini
wagyz-nesihat etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, ilat arasynda
ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek maksady bilen
taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyz birnäçe ýyllaryň dowamynda halkara
ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp gelýär we olar dünýä jemgyýetçiligi
tarapyndan yzygiderli goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiz bu ýoly ýokary
derejede dowam etdirmek bilen, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek,
durnukly ösüş işini ösdürmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de
halkara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ilerletmek bilen bagly meseleler
boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasy bu ugurlar
boýunça birnäçe Kararnamany kabul etdi.
Şu ýylyň 20-nji maýynda
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde
Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy
we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň
orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Wise-premýer, daşary
işler ministri hormatly Prezidentimizi bu halkara ähmiýetli waka bilen tüýs
ýürekden gutlap, berk jan-saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan
beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda
Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ugrunda edýän
tagallalarynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.
“Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geljekde hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip,
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda
Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe boldy. Dünýä
ykdysadyýetine çalt depginler bilen goşulyşmak, bazar gatnaşyklaryny halkara
hukuga laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň bu gurama
agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi.
Bu topar tarapyndan Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň milli
bähbitlerimize laýyk gelýän ähli ugurlary içgin seljerilip, guramanyň agzasy
bolmak üçin talap edilýän köptaraplaýyn söwda ylalaşyklary we beýleki
kadalaşdyryjy hukuk namalary düýpli öwrenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere
täzeden itergi bermek babatda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada
Ähtnamany işläp düzmek maksady bilen iş topary döredildi. Şeýle hem Maliýe we
ykdysadyýet ministrliginde bu gurama bilen hyzmatdaşlyk bölümi açyldy.
Häzirki wagtda BSG bilen alnyp
barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklip taýýarlanyldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň gutarnykly
görnüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli iş toparynyň nobatdaky mejlisini
şu ýylyň 10-njy iýunynda geçirmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda
Guramasyna agza bolmagy bilen bagly bu guramanyň çäklerinde döredilen Türkmenistan
boýunça iş toparyna başlyklyk etmek üçin doly ygtyýarly agza ýurtlaryň
arasyndan birini kesgitlemek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu
ugurda BSG bilen bilelikde Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerinden bolan
ýurtlaryň arasyndan saýlamak we kesgitlemek boýunça degişli işleri geçirmäge
başlamak baradaky teklip beýan edildi.
Türkmenistanyň Bütindünýä
Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly gepleşikleri alyp barjak Milli
gepleşik toparyny döretmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli
gepleşik toparynyň düzümini kesgitlemek we tassyklamak, Bütindünýä Söwda
Guramasy bilen bilelikde bu toparyň wekillerini degişli taýýarlyk okuwlaryna we
gurama tarapyndan geçirilýän mejlisleriň işine synçy hökmünde gatnaşdyrmak
boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony giňeltmek üçin uly
mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli
hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň
maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu pudaga halkara ülňülere laýyk gelýän
täze tehnikalar ornaşdyrylýar, ilatymyza ýokary hilli we medeniýetli hyzmat
etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli
abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunda
öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny
berkitmek, ilatymyza ýokary hilli hyzmat etmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Demirýollary» açyk görnüşli
paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçy wagonlaryny abatlamak boýunça taýýarlanylan
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Arkadagly Gahryman
Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 25-nji maýda Aşgabat
şäheriniň gününiň hem-de uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasynyň giňden bellenip
geçiljekdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda üç günläp, ýagny
27-28-29-njy maýda Gurban baýramynyň belleniljekdigini aýtdy we şunuň bilen
baglylykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. “Gurbanlyk
günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we
mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, «Soňky jaň» dabarasy, Gurban baýramy
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem
döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy bu şanly seneler mynasybetli tüýs
ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov