16.05.2026
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we
Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Maslahat köşgünden
Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň
jogapkär ýolbaşçylary ugratdylar.
Ýurdumyzyň
möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik
gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýlandygyny bellemek gerek. Beýik
Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda geçirilen
50-nji sessiýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň
kabul edilmegini we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, häzirki
zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli
başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.
...Milli
Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi hem-de bu ýerden Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Birnäçe
sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna bardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde
Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk
toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça
wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl
III bilen duşuşdy. Karl III türkmen halkynyň Milli Liderini aýratyn hormat
bilen garşylady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşýandygyna örän
şatdygyny nygtady.
Karl III 2015-nji ýylda Türkiýe
Respublikasynyň “Çanakkala” ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerde Milli
Liderimiz bilen duşuşandygyny aýdyp, şol duşuşygyň özünde ýatdan çykmajak
täsirleri galdyrandygyny belledi. Şol duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan
meseleler iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary bu günki gün has-da
ýygjamlaşdyrýar. Ol Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde uly abraý gazanan meşhur
syýasatçy hökmünde tanalýandygyny aýdyp, halkara giňişlikde abraýly Lider bilen
duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl
III-ä hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny
ýetirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň
sazlaşykly ösdürilmeginde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara möhüm orun
degişlidir.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady.
Karl III türkmeniň ahalteke
bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman
Arkadagymyzyň “At — myrat” diýen paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny
belledi. Şeýle hem ol geljekde ahalteke atlarynyň üsti bilen iki ýurduň
arasyndaky atçylyk hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini
tassyklady. Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk
sport çärelerine behişdi ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna
garaşylýandygyny aýtdy.
Birleşen Patyşalygyň Patyşasy
şu günki çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň
gatnaşmagynyň britan halkyna goýulýan hormat hökmünde kabul edilýändigini
belläp, munuň taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Karl
III gaznanyň wise-prezidentiniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwer
işlerini mynasyp dowam etdirýändigine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz hem-de
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy
birek-birege hoşniýetli sözlerini aýdyp, iki ýurduň halklaryna abadançylyk,
gülläp ösüş arzuw etdiler.
Bu ýerde Milli Liderimiz
Edinburgyň Gersogy Şazada Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen gürrüňdeş
boldy. Söhbetdeşlikde Sofi Helen Türkmenistanda atlara uly sarpa goýulýandygyny
belläp, özüniň hem bedewlere söýgi bilen garaýandygyny beýan etdi. Ol Patyşa
maşgalasynda atly sportuň nesilden-nesle geçirilip gelinýändigini, bu däbiň
geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç
bilen aýtdy. Şazadanyň maşgalasy dünýäde atçylyk pudagyny ösdürmekde, oňa
hemaýatkär bolmakda taryhy işleri bitirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza
hoşallygyny bildirdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli
Lideri Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada
Edward Gahryman Arkadagymyzy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz bu ýerde
mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada hormatly
Prezidentimiziň iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şazada Edward
tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz
bu ýerde atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belläp,
munuň üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Atly sport çärelerine Türkmenistan bilen
birlikde, 20 ýurtdan dürli atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Milli Liderimiz
bu çäräniň gözbaşyny 1943-nji ýyldan alyp gaýdýandygyny, ony geçirmek
başlangyjyny Şazadanyň ejesi, merhum Şa zenany Ýelizaweta II-niň öňe
sürendigini we tassyklandygyny ýatlady. Gahryman Arkadagymyz 1944-nji ýylda at
çapyşyklaryna Ýelizaweta II-niň hem gatnaşyp, birinji orny eýeländigini we onuň
ýanýoldaşy, Edinburgyň Gersogy Filippiň bolsa atly sportuň beýleki görnüşinde
ikinji orny eýeläp, adyny taryha ýazdyrandygyny aýtdy. Şol wagt Şa zenany
Ýelizaweta 17-18 ýaşlarynda eken.
Bu sözleri Şazada Edward uly
tolgunma bilen kabul edip, ýakymly ýatlamalar we goýýan hormaty üçin Gahryman
Arkadagymyza öz adyndan hem-de Karl III-niň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan etdi.
Milli Liderimiz duşuşykda
1956-njy ýylda ýurdumyzyň ussat atşynasy Babaly Taýmazowyň alyp gitmeginde
Meleguş atly altynsow bedewiň Şa zenany Ýelizaweta II-ä sowgat berlendigine
ünsi çekdi. Şonda aty görkezenlerinde, Ýelizaweta II oňa bir zadyň
ýetmeýändigini aýdýar. Şol pursat ata eýerini, şaý-seplerini, beýleki esbaplary
dakýarlar. Bu pursady synlan Şa zenany ýene-de bir zadyň ýetmeýändigini
aýdanda, egnine gyrmyzy dony geýen, ak silkme telpekli ýigit ata atlanýar.
Ýatdan çykmajak pursatlara nazary düşen Şa zenany: «Türkmenlerde at — ýigidi,
ýigidem aty bezeýär» diýip, bu görnüşe haýran galypdyr. Hormatly Arkadagymyz şu
wakany gürrüň berip, munuň şol döwürlerde-de behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan
şan-şöhratyndan habar berýändigini aýtdy.
Gepleşikleriň dowamynda Şazada
Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa
bilen gürrüňdeş boldy. O.Atabaýewa behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň
kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň
geçirilýändigini aýtdy. Bedewleriň ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri halkymyzyň
köpýyllyk tejribesiniň aýdyň beýanydyr. Şazada Edward şeýle tejribä uly
gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman
Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda,
onuň maşgalasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň adyndan toý
sowgatlaryny gowşurdy.
Milli Liderimiz Beýik
Britaniýanyň Patyşasy we Şazadasy bilen bolan duşuşyklarda Patyşa maşgalasynyň
agzalaryny şu ýyl ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk
toýuna hem-de behişdi bedewlerimiz bilen bagly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Bu
çakylyklar uly hormat bilen kabul edildi.
Şazada Edward Gahryman
Arkadagymyz bilen geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň
taryhyna täze sahypany ýazjakdygyny belledi we munuň üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan atly sport
çykyşlaryna tomaşa etdi.
Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň biri bolan Beýik Britaniýada atçylygyň we atly sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde dürli tohumdaky atlaryň arasynda atly sportuň görnüşleri boýunça halkara bäsleşikler, at çapyşyklary guralýar. Munuň özi atly sportuň dünýäde giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir.
Abraýly halkara atly sport
baýramçylygynyň guralýan ýerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly
parlaýar. Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ahalteke atlarynyň asyl
mekany hasaplanýan ýurdumyzda atly sport sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda
türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň halkara derejede geçirilýän atly
sport bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny bellemek
gerek.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu
ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini synlady. Sergide dünýäniň medeni
mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke atlarynyň gözelligini, olaryň
reňkleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, toý-tomaşalaryň bezegi bolan bedewleriň
syn-sypatyny açyp görkezýän gymmatlyklar ýerleşdirilipdir. Bu ýerde “asman
atlarynyň” gözelligini beýan edýän sungat eserleri sergä gelenlerde ýatdan çykmajak
täsirleri galdyrdy. Şöhratly pederlerimiziň, zehinli ussalaryň elinden çykan at
esbaplary, bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary babatda nusgalyk
hasaplanýar.
Milli Liderimiz Windzor
galasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin
Guliýew bilen duşuşdy. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň
Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi
we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň ýörite sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman
Arkadagymyz minnetdarlygyny bildirip, Prezident Ilham Aliýewe hoşniýetli
sözlerini beýan etdi.
Soňra Halk Maslahatynyň
Başlygy bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň atly ýigitleriniň görkezme
çykyşlaryna tomaşa etdi. Häzirki wagtda dünýäde atlar bilen bagly dürli çärelere
uly gyzyklanma bildirilýär. Atlar bilen ýigitleriň bilelikdäki sazlaşykly
hereketleri tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
topary hem dünýäde uly meşhurlyga eýedir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bu topar ýurdumyzda hem-de dürli
ýurtlarda üstünlikli çykyş edýär. Diýarymyzda at çapyşyklaryna, atly sporta,
atlar bilen bagly dürli görkezme çykyşlaryna uly ähmiýet berilýär. Bu babatda
atşynaslarymyz tejribe toplamak bilen, yzygiderli kämilleşýärler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Windzor galasyndan ugrady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparyny
tamamlap, Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.
Milli Liderimiziň bu sapary
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň
geljegi uly mümkinçiliklerini kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.
tdh.gov