Şu
gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygy köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança bolup, agza
döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we häzirki
döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek üçin köpri bolup hyzmat edýär.
GDA diňe bir ykdysady birleşik bolman, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk
üçin hem giňişlikdir. Agza ýurtlar söwda amallaryny ýeňilleşdirmek,
infrastrukturany ösdürmek, tehnologiýalary alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk
edýärler. Türkmenistan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine
ygrarly bolmak bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde bu prosesde aýratyn
orny eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde ynanyşmagy, durnuklylygy
pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki
hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysady ösüşe goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, has
durnukly we abadan giňişligi döretmäge-de şert döredýär.
Ykdysady
gatnaşyklar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýar. Ulag we logistika ýurtlaryň integrasiýasynda aýratyn orny eýeleýär.
Esasy ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan täze ugurlary
döretmek üçin infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň “Beýik Ýüpek ýoluny
gaýtadan dikeltmek” strategiýasy, şeýle hem täze awtomobil, demir ýollaryň
gurulmagy Arkalaşygyň ýurtlaryny Hytaý, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleri
bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary ykdysady ösüşe
itergi bermek bilen bir hatarda, sebitleriň arasynda gatnaşyklary
pugtalandyrmaga-da ýardam edýär. GDA-nyň çäklerindäki energetika hyzmatdaşlygy
energiýa serişdeleriniň ygtybarly eksport ugurlaryny üpjün etmäge, bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna
eýe bolan Türkmenistan energetika geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlara
işjeň gatnaşmak bilen, Gün we ýel elektrik stansiýalary ýaly gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem ösdürýär.
Medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň giňişliginde umumy taryhy mirasy gorap saklamaga
ýardam berýär. Türkmenistan bilim ulgamynda GDA ýurtlarynyň ýokary okuw
mekdepleri bilen talyplary hem-de mugallymlary alyşmak babatda netijeli işleri
alyp barýar. Ýurdumyzy bu gurama girýän döwletler bilen däp bolan dostluk,
hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak
üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerinde
däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary
syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.
Şu
gezekki mejlisiň gün tertibi hem GDA-nyň giňişliginde integrasiýanyň ähli
ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli
çözgütleriň kabul edilmegi özara gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmäge
ýardam berer.
...Hormatly
Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine — “Kasri Millat” köşgüne
bardy. Bu ýerde belent
mertebeli türkmen myhmanyny Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli
garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek
dabarasy tamamlanandan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
geçirildi.
Täjigistan Respublikasynyň
Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan
Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň
Prezidentleri, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary gatnaşdylar. Prezident Emomali Rahmon
sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara
bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlar boýunça
gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak babatda şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň
gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady. Soňra mejlise
gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki
bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen
myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň özüni özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk formaty
hökmünde görkezýändigini, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda daşary
syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça netijeli
dialogyň alnyp barylýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, hökümetara we
pudagara duşuşyklaryň gurallary ýola goýuldy, medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär,
GDA-nyň beýleki köptaraplaýyn düzümlerdir birleşikleriň işine gatnaşmagy
giňeldilýär. Bularyň ählisi halklarymyzyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň
guraly hökmünde Arkalaşygyň uly kuwwatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. GDA-nyň
giňişliginde howpsuzlygyň, durnuklylygyň ygtybarly ulgamyny gorap saklamak
bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da
galýar. Şunda Türkmenistan ähli agza döwletleriň hoşniýetli goňşuçylygyň,
ylalaşygyň we özara düşünişmegiň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy
häsiýetnamasy bolmalydygyna gyzyklanma bildirýändiginden ugur alýar. Şunuň
bilen baglylykda, GDA-nyň çäklerinde syýasy-diplomatik geňeşmeleriň yzygiderli
geçirilmeginiň wajypdygyny bellemek gerek. Olaryň dowamynda netijeli pikir
alşylýar. Şeýle duşuşyklar hyzmatdaşlaryň garaýyşlaryny has gowy öwrenmäge we
köp halatda özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.
Türkmenistan şeýle geňeşmeleriň ösdürilmegi hem-de häzirki döwrüň wehimlerini
nazara almak bilen, olaryň gün tertibine girizilýän meseleleriň giňeldilmegi
ugrunda çykyş edýär.
Halkara hukugyň we Birleşen
Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň berjaý edilmegini GDA-nyň daşary syýasy
wezipeleriniň esasylarynyň biri diýip hasaplaýarys. Türkmenistan Baş
Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynda halkara hukugy goramagyň hem-de
pugtalandyrmagyň zerurdygyny anyk beýan etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 6-njy
awgustynda Baş Assambleýanyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň kabul
edilmegi bilen baglylykda, açylýan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak zerur
diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we GDA ýurtlarynyň daşary
syýasat edaralaryna BMG-de bu mesele boýunça ylalaşykly işe girişmegi,
geňeşmeler mehanizmini işläp taýýarlamagy we oňa BMG-ä agza döwletleriň mümkin
boldugyça köp sanlysyny çekmegi tabşyrmagy teklip etdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk GDA-nyň
çäklerinde tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ileri tutulýan
ulgam hasaplanýar. Häzirki geoykdysady ýagdaýlarda guramanyň ykdysady,
önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, ony beýleki ýurtlar we birleşikler üçin
güýçli hem-de peýdaly hyzmatdaşa öwürmek möhüm wezipedir. Onuň çözülmegi
Arkalaşygyň içinde ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmek bilen bir hatarda,
GDA-nyň Ýewraziýadaky ornuny pugtalandyrmaga, iri yklym, sebit we halkara
taslamalara uzak möhletleýin esasda gatnaşmaga, döwrebap ulag, energetika
infrastrukturasyny, senagat we tehnologik hyzmatdaşlyk guşaklyklary döretmäge
mümkinçilik berer. Şunda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasy
esasy ugur görkeziji bolup durýar. Türkmenistan bu Strategiýa doly derejede
durmuşa geçirilmeli, ýurtlarymyzyň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan hemişe
goldanylmaly we oňa bilelikdäki ösüşiň hem-de hyzmatdaşlygyň strategik wezipesi
hökmünde seredilmeli diýip hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we
ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdi.
Häzirki wagtda Demirgazyk —
Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika ulgamlary
döredilýär. Olar GDA-nyň tutuş giňişligini diýen ýaly gurşap alýar. Şeýlelikde,
biziň ýurtlarymyz üçin yklymüsti gatnawlaryň esasy merkezleri bolmak, bu
taslamalara häzirki zaman ýörelgelerine we ölçeglerine laýyklykda gatnaşmak
üçin diňe bir geografik artykmaçlyklaryny däl, eýsem, tejribesini, önümçilik,
tehnologik, hyzmat kuwwatlyklaryny ulanmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýewraziýada möhüm logistika merkezleri
hökmünde Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň
netijeli ulanylmagy GDA-nyň ähli ýurtlarynyň ykdysady, söwda, maýa goýum, logistika
bähbitlerine hem-de zerurlyklaryna laýyk gelýär.
Şu ýylyň awgustynda
Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynda Hazar deňzi mowzugynyň işjeň ara alnyp
maslahatlaşylmagy tötänden däldir. Maslahatda Hazar deňziniň üstaşyr-logistika
kuwwatynyň ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Aziýa — Ýuwaş umman
sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogara, Russiýadan günorta tarapa — Eýrana,
Hindistana, Pars aýlagynyň ýurtlaryna gidýän Ýewraziýa gatnawlarynyň esasy
ýollary hut Hazar deňzi sebitiniň üstünden geçer. Arkalaşygyň ýurtlary Hazar
logistika merkezini döretmäge doly derejede gatnaşmalydyrlar, özara bähbitlilik
we ylalaşyk esasynda bu taslamada öz orunlaryny pugtalandyrmalydyrlar diýip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň munuň
üçin ýardam bermäge, Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny umumy bähbitlere
ulanmak mümkinçiligini hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny
tassyklady.
Ýurdumyz özara söwda,
Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda senagat, tehnologik zynjyrlary döretmek,
bilelikdäki önümçilik taslamalaryny işläp taýýarlamak ýaly hyzmatdaşlygyň wajyp
ugurlaryna ünsi çekýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşligiň barha artýan şertlerinde
biz — GDA döwletlerine ösüşimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin kepilliklerini
üpjün etmek, taryhy, düzümleýin artykmaçlyklarymyzy ulanmak arkaly
hyzmatdaşlygyň berk we netijeli nusgalaryny döretmek zerurdyr. Tehnologiýalar
we innowasiýalar GDA-nyň ykdysady ösüşiniň hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň
möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns bermek, tehnologik
hyzmatdaşlyga girişmek, bilim hem-de tejribe alyşmalary yzygiderli esasda ýola
goýmak zerur diýip hasaplaýarys. Bu prosesde GDA-nyň çäklerindäki ylmy-tehniki
dialoga esasy orun berýäris. Arkalaşygyň degişli düzümlerine GDA-nyň
ylmy-tehniki, tehnologik ugurly edaralarynyň ornuny pugtalandyrmaga işjeň
ýardam bermegi, olaryň hökümetara we pudagara dialoga gatnaşmagyny hem-de
çözgütleri kabul etmegini höweslendirmegi tabşyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady.
Däp bolşy ýaly,
medeni-ynsanperwer ulgam döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn orny
eýeleýär. Munuň özi birek-birege has gowy düşünmäge, ýurtlarymyzda,
jemgyýetçilik aňynda esasy gymmatlyklary, sagdyn ahlak we etiki ýörelgeleri
berkarar etmäge ýardam berýär. Arkalaşygyň halklarynyň medeni mirasy
jemgyýetçilik, syýasy we durmuş ösüşiniň intellektual hem-de ruhy daýanjydyr
diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen
medeni, ylym, bilim, sport ulgamlarynda giň gerimli hyzmatdaşlyga berk
ygrarlydygyny, şeýle gatnaşyklaryň goldanylmagynyň dowam etdiriljekdigini
tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl
Türkmenistanyň taryhy wakany — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny
belleýändigini aýdyp, GDA ýurtlarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň halkara
derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny, BMG-de, beýleki halkara
guramalarda we forumlarda muňa işjeň ýardam berendiklerini nygtady hem-de
mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly senä
bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, halkara
parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Siziň bu ähmiýetli
çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar hem-de
Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet
Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona şu ýyl
ýurdunyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle
hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň
işini netijeli utgaşdyrýandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin
minnetdarlyk sözleri beýan edildi.
Soňra 2026-njy ýylda Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi hem-de
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 9-njy
oktýabrynda ýurdumyzda geçirmek baradaky çözgütler yglan edildi.
Soňra ýokary derejedäki
duşuşyk öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Täjigistanyň Prezidenti geljek
ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Türkmenistana
geçýändigini aýdyp, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
söz berdi.
Döwlet Baştutanymyz 2026-njy
ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmegi baradaky kabul edilen çözgüt üçin
minnetdarlyk bildirip, munuň ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistana
bildirilen hormatyň we ynamyň nyşany, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde kabul
edilýändigini aýtdy. “Biz bilelikde çözmeli wezipelerimiziň gerimine doly
derejede düşünmek bilen, Arkalaşykda başlyklyk wezipesine jogapkärçilikli
çemeleşeris. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň Konsepsiýasy
işlenip taýýarlanylar. Onda, biziň pikirimizçe, häzirki wagtda has derwaýys
zerurlyklar nazara alnyp, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň
çemeleşmeleri beýan ediler. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň
ýurtlaryna öz wagtynda iberiler. Türkmenistanyň bu möhüm wezipä girişmeginiň
öňüsyrasynda GDA-nyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek,
Arkalaşygyň döwletlerini netijeli ösdürmek, ýurtlarymyzyň halklarynyň durmuş
derejesini ýokarlandyrmak üçin agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi başlyklyk döwründe öz baş
maksadymyz hasaplaýandygymyzy aýtmak isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz
sözüni dowam etdi we Arkalaşygyň binýadyna goýlan ýörelgelerdir maksatlara
eýermegiň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk ediji döwlet hökmünde alyp barjak
işiniň möhüm häsiýetnamasy boljakdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň
mundan beýläk-de oňa agza ýurtlaryň hoşmeýilli erkine, deňhukuklylyga we özara
hormat goýmaga, her bir ýurduň milli bähbitlerine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň
möhüm guraly bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirip, hut şu ýagdaýyň
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we
gözýetimlerini açmaga ýardam berýändigini, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň
şertleriniň biri hökmünde Arkalaşygyň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýändigini
belledi hem-de kabul edilen çözgüt we bildirilen ynam üçin ýene-de bir gezek
minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Emomali Rahmon
çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, başlyklyk döwründe
Türkmenistana üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem sammitiň çäklerinde
Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi,
geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit
durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe guramaçylyk
meselelerine garaldy. Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul
edildi.
Täjigistan Respublikasyna iş
saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden
Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyz umumy meseleler üçin innowasion çözgütleri teklip edip, Arkalaşykda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy dowam etdirýär.