02.10.2026
Düýn
paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz
işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet
ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe
institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli
wekillerini hem-de bilermenlerini bir ýere jemledi.
Durnukly,
ýokary depginli ösüşi gazanmakda ýurduň maliýe-ykdysady syýasatyna we onuň
düzüm bölegi bolan maýa goýum syýasatyna aýratyn orun degişlidir. Şundan ugur
alyp, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini has-da ýokarlandyrmaga uly ähmiýet
berilýär. Maýa goýum işiniň döwrüň talabyna laýyklykda guralmagy, onuň
yzygiderli kämilleşdirilmegi we ösdürilmegi ýurdumyzda kabul edilen giň gerimli
özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge şertleri döredýär.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanda maýa goýum işi üçin ähli amatlyklar
döredilendir. Şeýle amatly şertleriň hatarynda, ilki bilen, parahatçylyk, oňyn
Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzy, durnukly ykdysady
ösüşi, halkara talaplara laýyk gelýän hukuk binýadynyň döredilmegini,
ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegini, uzak möhletli ýeňillikli karzlaryň
berilmegini, töleg-hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda amala aşyrylmagyny, tebigy
baýlyklarymyzyň ägirt uly gorlaryny görkezmek bolar. «Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden
çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Maýa
goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda milli we halkara derejede geçirilýän
forumlara, ylmy-amaly maslahatlara uly orun degişlidir. Olarda garalýan
meseleler we gazanylýan ylalaşyklar maýa goýum işini täze derejä çykarmak bilen
bir hatarda, bilelikdäki degişli taslamalary ýerine ýetirmäge hem giň
mümkinçilikleri döredýär. Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň yzysüre geçirilýän
Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem şeýle çäreleriň hataryndadyr. Ol
Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda gazanan üstünlikleri, milli
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän
taslamalar bilen ýakyndan tanyşmak, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin
şertleri özünde jemleýär.
Foruma
ýurdumyzdan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, ABŞ, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa,
Singapur, Saud Arabystany, Germaniýa, Hytaý, Fransiýa, Azerbaýjan, Ermenistan,
Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Şweýsariýa, Malaýziýa, Niderlandlar Patyşalygy,
Belgiýa, Katar ýaly ýurtlardan 700-den gowrak wekiliň gatnaşmagy okgunly ösüş
ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen özara bähbitli maýa goýum,
işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga dünýä giňişliginde gyzyklanmanyň
uludygyny aýdyň görkezýär. Gatnaşyjylar, ilki bilen, forumyň çäklerinde
guralan, halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň eserlerine hem-de ýurdumyzyň
hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň işlerine bagyşlanan sergi bilen
tanyşdylar.
Türkmenistanyň
maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we
durnukly ösüşiniň esasy şerti» atly plenar mejlis bilen badalga aldy. Onuň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy
ýaly, Türkmenistan öňdebaryjy ýurtlaryň has kämil tejribesini öwrenmek we
ornaşdyrmak bilen birlikde, oňyn ykdysady-maliýe gurallaryna hem-de öz
ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy
esasy maksat hökmünde kesgitleýär we dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli
goşulýan döwlet hökmünde tanalýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda
häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna
hem-de bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli
artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. “Biz mundan beýläk-de Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde çuňňur oýlanyşykly
we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän maýa goýum syýasatyny amala aşyrmagy
üstünlikli dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.
Mejlisde
çykyş eden ýurdumyzyň wekilleriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet kemala
getirilýär, senagat düzümi diwersifikasiýalaşdyrylyp, öňdebaryjy ylmy
tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän täze kärhanalar hem-de toplumlar
döredilýär. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda
täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki
binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär. Bilim we ylym ulgamlarynyň
maddy-enjamlaýyn binýady hil taýdan döwrebaplaşdyrylyp, ýokary derejeli
hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň
jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň indi birnäçe ýyl bäri 6,3 göterim derejede
saklanylmagy ykdysady ösüşiň durnukly häsiýete eýedigini görkezýär. Şu ýyl
ýurdumyzda 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa
goýumlar özleşdiriler. Onuň agramly bölegi bolsa täze önümçilik we
medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna
gönükdirilendir. Munuň özi durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň ýurdumyzyň
toplumlaýyn esasda senagatlaşdyrylmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini görkezýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistany
senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy»
tassyklanyldy. Onda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak boýunça uzak
möhletleýin wezipeler kesgitlenilýär.
Plenar
mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum
mümkinçilikleri we durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar bilen
tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, täze tehnologiýalary, döwrebap enjamlary
ornaşdyrmaga, adam maýasyna we ýurdumyzyň ekologik, durmuş-ykdysady
abadançylygyny üpjün edýän ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlarydyr.
Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly ýagdaýlary döretmek,
gurluşyga, ulag ulgamyna, maglumat tehnologiýalaryna we telekommunikasiýalara
aýratyn üns bermek bilen, taslamalara çekmek ykdysady syýasatyň möhüm ugrudyr.
Sanly
ulgama geçmegi we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary tehnologiýalary
peýdalanmagyň hasabyna ykdysady işjeňligiň netijeliligini ýokarlandyrmagy
durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin möhüm strategik ugur hökmünde görkezip
bolar. Bu babatda alnyp barylýan işler, uzak möhletleýin geljegi göz öňünde
tutmak bilen, ýurduň gülläp ösmegi üçin möhüm binýady üpjün edýär. Sanly
ykdysadyýetiň ösdürilmegi dünýä bazarlaryna çykmaga, halkara hyzmatdaşlygyň
täze görnüşleriniň peýda bolmagyna, sanly görnüşde ýerine ýetirilýän
hyzmatlaryň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Sanlylaşdyrmak we
innowasiýalar Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin giň
mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýasynda sanly
ykdysadyýetiň ösüşini senagat öwrülişiginiň geljekki tapgyrlaryna esaslanyp
amala aşyrmak bellenilendir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna energiýa
tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri
tutulýan ugry bolup durýar. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde orta
we uzak möhletleýin döwür üçin «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologik taýdan
arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramak babatda innowasion
çözgütleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde,
sanly tehnologiýalaryň, «ýaşyl» başlangyçlaryň utgaşdyrylmagynyň hem
zerurdygyny nygtamak gerek. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde
Arkadag şäherini görkezmek bolar. Şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher
konsepsiýasy we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek gurluşyk serişdelerini öndürmek
döwründen başlap, tä desgalary ulanmaga tabşyrmaga çenli ähli tapgyrlarda
durmuşa geçirildi.
Plenar
mejlisde çykyş eden dostlukly döwletleriň wekilleri, ilki bilen, Türkmenistanyň
ýakynda giň dabaralar bilen bellenilen Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli
gutladylar. Olaryň nygtamagyna görä, geçen 35 ýylyň içinde ýurduň gazanan ägirt
uly üstünlikleri daşary ýurtly maýadarlarda uly gyzyklanma döredýär. Çykyşlarda
bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi diňe bir
tebigy serişdeler bilen däl, eýsem, işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge
gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen hem şertlenendir. Çykyş
edenler Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak we ygtybarly düzümleýin
esaslary döretmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen
birlikde, maýa goýum meýdançasy hökmünde ýurdumyzyň strategik taýdan
netijeliligi aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, açyk dialog, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmegiň esasy şerti bolup
durýar.
Daşary
ýurtly wekiller Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen we geçirilýän
iri halkara taslamalaryň ählumumy ösüşi we parahatçylygy berkitmäge ýardam
berýändigini aýratyn bellediler. Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenistan —
Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça
ýokary woltly elektrik geçirijisini hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny
we başga-da birnäçe halkara ähmiýetli maýa goýum taslamalaryny görkezmek bolar.
Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde maýa goýum
taslamalarynda ulagyň ähli görnüşlerini halkara derejede ösdürmäge aýratyn
ähmiýet berilýär we ýokary netijeler gazanylýar.
Çykyşlarda
bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyçlary we durnukly ösüşde alyp barýan
Bitaraplyk we ynanyşmak diplomatiýasy diňe bir syýasy taýdan däl-de, ykdysady
taýdan hem halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär. Ynanyşykly halkara
gatnaşyklar we parahatçylykly syýasat ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekýär. Maýa goýujylar bolsa, öz gezeginde, köp babatda durnukly
ykdysadyýeti we açyklygy saýlaýarlar. Ýurdumyzda makroykdysady düzgünleşdiriş
institutlaryny kämilleşdirmäge, maýa goýum, işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga,
hususy telekeçiligi ösdürmäge, pul-karz we salgyt syýasatynyň höweslendiriji
ornuny güýçlendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, gazna bazaryny
ösdürmäge hem-de bäsleşikli bazar gurşawyny kämilleşdirmäge gönükdirilen
çäreler toplumy amala aşyrylýar. Ygtybarly infrastruktura ykdysady ösüşiň
binýady, maýa goýumlary çekmegiň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda uly ösüşleri gazanandygy bellenildi.
Goňşy
we sebit ýurtlarynyň döwlet ykdysadyýet, söwda we maýa goýum edaralarynyň
ýolbaşçylary Türkmenistan bilen yzygiderli ösdürilýän haryt dolanyşygyna hem
üns çekdiler. Bellenilişi ýaly, gazanylan görkezijileriň mundan beýläk-de
artdyrylmagyny üpjün etmek üçin ýurtlarymyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bar.
Ýangyç-energetika, ulag, söwda, oba hojalygy we başga-da özara gyzyklanma
bildirilýän ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde
ählumumy ösüşe ýardam berýär.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty nusgalyk
derejä eýedir. Onuň esasy wezipesi Watanymyzy has-da gülledip ösdürmekden,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmakdan we dünýä
döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Mejlisiň
dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy
senagat, ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň
gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Foruma gatnaşyjylar şu gezekki
halkara çäräniň geçirilmeginiň dünýä giňişliginde özüni ygtybarly hyzmatdaş
hökmünde görkezen Türkmenistanyň abraýyny täze derejä çykarýandygyny aýratyn
bellediler.
Soňra
Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýörite mejlislerde dowam etdi. «Energetika taýdan
durnuklylyk we ygtybarlylyk. Türkmenistanyň nebit-gaz we himiýa senagaty
pudagyndaky ileri tutulýan ugurlaryň ösüşi» atly mejlisde degişli pudaklary
ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi
ýaly, uzak möhletli senagat ösüşi üçin ygtybarly binýat bolup durýan iri çig
mal ýataklaryny tapgyrlaýyn özleşdirmäge uly üns berilýär. Bu işler öňdebaryjy
dünýä tejribesini ulanmak arkaly alnyp barlyp, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän
kärhanalaryny çig mal bilen üznüksiz üpjün etmegi kepillendirýär. Bu ugurdaky
döwlet syýasaty ýapyk aýlawly önümçiligi döretmäge gönükdirilendir. Şeýle
önümçilikde çig mal köp tapgyrly arassalaýyş ulgamyndan geçip, ýokary hilli
önüme öwrülýär. Nebiti gaýtadan işleýän pudagy döwrebaplaşdyrmak Türkmenistany
senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm bölegidir.
Önümçiligiň täze sepgitlerine çykylmagy maýa goýumlary çekmek, dünýäniň
öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly üpjün edilýär.
Döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy polimerlerden başlap, oba hojalyk
dökünlerine çenli dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň
giň görnüşlerini öndürmäge ýardam berýär.
«Ykdysady
ösüşiň durnuklylygynyň kepili hökmünde energetika arabaglanyşygy we energetika
howpsuzlygy. Ykdysadyýetiň senagat-gurluşyk pudaklaryny ösdürmek» atly mejlisde
bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan
energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmäge ygrarlydyr. Bu
möhüm ugurda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitde däl,
bütin dünýäde hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Türkmenistanda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy ugrunda
maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzdaky durnukly
energetika taslamalaryna halkara maliýe düzümleriniň gatnaşmagy üçin uly
mümkinçilikleri döredýär. Gurluşyk-senagat toplumynyň ösüşi hem netijeli
halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Täze sement zawodlarynyň,
kerpiç, demirbeton gurnamalaryny, aýna we beýleki gurluşyk serişdelerini
öndürýän önümçilikleriň gurulmagy Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli
gurluşyklary esasy serişdeler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda
önümçiligiň ekologik taýdan arassa bolmagyna, ýerli çig mal binýadyna
esaslanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň
Durnukly ulag ulgamlaryny, logistika arabaglanyşygyny we kommunikasiýa
infrastrukturasyny ösdürmäge bagyşlanan mejlisde yklymlary birleşdirýän ulag
ýollaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine üns çekildi. Aziýanyň we Ýewropanyň
çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan gysga taryhy
döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary
ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny işläp taýýarlamak
babatda baý tejribe toplady. Ýurdumyzda logistikany ösdürmäge hem-de
diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag-aragatnaşyk
strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan sebit we halkara
ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha
pugtalandyrýar. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça
möhüm ýollary birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan
beýläk-de giňeltmek ugrunda işler üstünlikli alnyp barylýar. Dünýä
ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşi şertlerinde ulag ulgamy ýurduň halkara
söwdasyna işjeň goşulyşmagynyň esasy şerti bolup çykyş etmek bilen, halkara
ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyna we deňagramlylygyna düýpli täsirini
ýetirýär.
«Durnukly
söwdany we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek. Täze söwda bazarlaryna çykmak.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy we ony ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanmagyň
görnüşleri» atly mejlisde çykyş edenler söwdanyň amallarynyň we düzgünleriniň
ýönekeýleşdirilmeginiň, sebit arabaglanyşygynyň durnukly ösüş üçin möhüm
ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Senagat pudagynda iri innowasion taslamalaryň
durmuşa geçirilmegi we ýurduň senagat ulgamynda döredilen önümçilik
kuwwatlyklary ýurduň daşary söwda dolanyşygynda gurluş üýtgemelerine getirdi.
Netijede, gaýtadan işleýän pudaklaryň ýokary goşulan gymmaty bolan önümleriniň
eksport edilýän görnüşleri ep-esli artdy. 2022-nji ýylda Türkmenistan
Bütindünýä Söwda Guramasyna girýän ýurt (işjeň synçy) derejesine eýe boldy. Bu
gurama agza bolmak öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlaryna eksportynyň
mukdaryny artdyrmaga mümkinçilikleri açýar we ýurda göni maýa goýumlary çekmek
üçin amatly şertleri döredýär. Logistika merkezleriniň, deňiz portlarynyň we
halkara howa menzilleriniň utgaşykly işiniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň
eksport kuwwatyny sebit we dünýä derejesinde artdyrmaga itergi berýär.
«Oba
hojalyk işewürligi, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we onuň gaýtadan
işleýän pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlar. Howanyň üýtgemegi we durnukly
geljek üçin çydamly infrastruktura» atly mejlisde toplumy ulgamlaýyn esasda
ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde obasenagat
toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady, ilkinji nobatda, azyk
bolçulygyny döretmekden, dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümleriniň
öndürilişini üpjün etmekden ybaratdyr. Ekerançylyk işleriniň kämilleşdirilmegi,
gallanyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy we oba
hojalyk önümçiligini ýöretmekde döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler,
ýeňillikler, oba hojalygynda bazar gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagy azyk
önümleriniň öndürilmegini artdyrýar. Oba hojalygyna ylmyň häzirki zaman
gazananlarynyň, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň we
ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.
Halkara
maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň
barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar
kesgitlenildi.
Forumyň
dowamynda Türkmenistanyň döwlet düzümleri we hususy kärhanalary bilen daşary
ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň
hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň
«OnU H&C» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara
düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol
ulaglary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CSCEC International
Construction Co., Ltd.» («China State Construction Engineering Corporation»)
kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Damen Workboats B.V.» we «Liamol
Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamyny
has-da ösdürmek we olary kämilleşdirmek ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň «Tianjin Bohua Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda
Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary
barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş
zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Damen Technical Cooperation
B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda 2026 — 2036-njy ýyllar
üçin Türkmenistanda gämi gurluşygy, gämi abatlaýşy, deňiz tehnologiýalary we
ýerli önümçilik babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama bar. Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň «Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasynyň arasynda Şertnama;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň
arasynda Şertnama gol çekildi.
Türkmenistanyň
maýa goýum forumy 2-nji oktýabrda öz işini tamamlar. Onuň ikinji gününde
«Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategik ugry. Halkara maliýe
guramalary we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk», «Wirtual aktiwleri
düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýalaryny ornaşdyrmak», «Innowasiýalar,
maliýe tehnologiýalary. Durnukly ösüşiň bähbidine sanly we «ýaşyl» özgertmeler»
atly mejlisler hem-de «Maýa goýumlaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilişi» atly
ugurdaş maslahat geçiriler.
tdh.gov