19.09.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary
hakynda, Zähmet, Maşgala, Sanitariýa kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby
gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek,
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny
döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen
bir hatarda, Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň
Geňeşiniň Baş sekretary bilen, Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň
wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, täze kanun
taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan
goramak ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini
ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler
yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek
babatda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini
ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň
durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ilaty durmuş taýdan goramak
ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işgärleriniň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen
Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ykdysadyýetiň
dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin
has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli
işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan
beýläk-de gowulandyrmaga, ildeşlerimiziň zähmete bolan höwesini has-da
artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň
nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen döwrebap
ýaşaýyş jaýlar toplumyny gurmak maksady bilen, onuň ilkinji tapgyry hökmünde
jemi 256 hojalyga niýetlenen 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 4 sany 4
gatly, her biri 24 öýli, Balkanabat şäherinde bolsa jemi 240 hojalyga
niýetlenen 10 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Türkmenbaşy şäherinde bir sany 12
gatly, 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Wise-premýer pursatdan peýdalanyp, döredip berýän şeýle
ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza toplumyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän
işgärler üçin has oňaýly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de
taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
Diýarymyzyň welaýatlarynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça
degişli işler ýerine ýetirilýär. Möwsümde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny
netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün
etmek, bugdaý ekiljek ýerlerde suw tutmak, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş
suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak ugrunda-da
işler dowam edýär. Tabşyrylan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, pagta
kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek işleri alnyp barylýar.
Welaýatlarda
ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler
bilen ilatymyzy üpjün etmek üçin häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda
güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek, hasyly ýygnap almak babatda degişli
işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň işini kämilleşdirmegi dowam
etdirmegiň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekişini talabalaýyk geçirmegiň
wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap
almagy guramaçylykly alyp barmagy hem tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlarda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bu
kärhanalary, hususan-da, «Tejenkarbamid» zawodyny önümçilik taslama kuwwatynda
we yzygiderli işletmek maksady bilen zerur işler geçirilýär. Munuň özi
öndürilýän önümleriň içerki sarp edijileri kanagatlandyrmagy bilen bir hatarda,
olaryň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagyna hem ýardam
berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda
işledilmeginiň möhümdigini aýtdy hem-de «Tejenkarbamid» zawodyny netijeli
işletmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi we bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň
14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, toparyň mejlisiniň
Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň
gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek,
ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, maliýe
we bank, gümrük, sanly tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da,
bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn
gatnaşyklary giňeltmek, daşky gurşawy goramak, döwlet kadastry, işewür
toparlarynyň hyzmatdaşlygy ýaly meseleler barada pikir alşylar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup
durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny
aýdyp, toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldady we
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň baý
mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan gelýän
gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp
barylýan işleri döwrebap guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem
“Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Muzeýleriň
derejeleriniň sanawynyň hem-de Muzeýlere derejeleri bermegiň tertibiniň
taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý
mirasyny, şan-şöhratly taryhyny giňden wagyz etmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri
kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Mämmedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni
mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan
işlenip taýýarlanylan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň
çäklerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň täze
goşmaça binalar toplumyny, Aşgabat şäherinde gurlan Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkezini, Halkara pediatriýa merkezini, Stomatologiýa merkezini
dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem hünär baýramyna
gabatlap, “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe” atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek,
beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň işini kämilleşdirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de «Saglygy goraýyş,
bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara
sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzda täze saglygy goraýyş edaralaryny
açyp ulanmaga bermek mynasybetli dabaralara gowy taýýarlyk görmegi we olary
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna
amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy»
ilkinji sammitine gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň bir ugry döwletimiziň Aziýa — Ýuwaş
umman sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny
ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda Koreýa Respublikasyny we «Merkezi Aziýa —
Koreýa Respublikasy» formatyny görkezmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy
sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Koreýa döwlet saparyny amala aşyrdy
we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda amala aşyran işleriniň
netijesinde hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk
alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň sapary syýasy, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan çärelere baý boldy. Hususan-da,
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary
derejedäki gepleşikleri, hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň Milli
Assambleýasynyň Başlygy we Premýer-ministri bilen duşuşyklary geçirildi.
Saparyň dowamynda Songýungwan uniwersitetinde döwlet Baştutanymyzyň syýasy ylmy
tejribesini, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary
pugtalandyrmaga goşan aýratyn goşandyny ykrar etmegiň nyşany hökmünde hormatly
Prezidentimize bu uniwersitetiň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi
berildi.
Hormatly Prezidentimiziň we Koreýa
Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik
maslahaty geçirildi. Onuň işine türkmen tarapyndan 100-den gowrak, koreý
tarapyndan 90-a golaý wekil gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistan bilen
Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluga we umumy ösüşe goşan goşandy üçin
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan
Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy. Maslahatyň işiniň netijeleri
boýunça döwlet we hususy taraplara degişli birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol
çekildi.
Medeni-ynsanperwer ugur boýunça Gwangju we
Seul şäherlerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň
netijeleri boýunça jemi 44 resminama gol çekildi. Saparyň dowamynda
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýet agzalarynyň Koreýa Respublikasynyň
Hökümetiniň, kompaniýalarynyň we beýleki edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri
bilen jemi ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň 31-si geçirildi.
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda,
saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy»
ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy we onuň barşynda 2007-nji ýylda döredilen bu
mehanizmiň işini ulgamlaýyn esasda ösdürmek babatda birnäçe başlangyçlar bilen
çykyş etdi. Sammitiň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji
işewürlik sammiti geçirildi. Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda agzalan
formatda senagat, emeli-aň, ylym, tehnologiýa, tokaý hojalygy we howanyň
üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler derejesindäki
duşuşyklar guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň türkmen-koreý
gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Koreýa
bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny
dowam edip, Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar
bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada
aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň
innowasion-ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň ähmiýetini has-da
ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň milli hukuk binýadyny halkara standartlara
laýyklykda kämilleşdirmek, awtorlyk hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün
etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu
babatda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik
ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» esasy resminama
bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri
durmuşa geçirmekde öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek we ony ýurdumyzda ulanmak,
milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçilik
ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, hususan-da, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik
Guramasy hem-de Ýewraziýa Patent Guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek üçin birnäçe teklipler beýan edildi.
Nygtalyşy ýaly, Ýewraziýa Patent Guramasy
bilen bilelikde şu ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Innowasion
ösüş we oýlap tapyjylar üçin goldaw — sebitleýin we global mümkinçilikler» atly
okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Onuň dowamynda intellektual eýeçiligi
goramak, oýlap tapyşlary bellige almagyň, olary önümçilige ornaşdyrmagyň, bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak
göz öňünde tutulýar. Bu çärä degişli döwlet edaralarynyň, ýokary okuw
mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň, hususy pudagyň wekilleriniň, Ýewraziýa
Patent Guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
21 — 23-nji oktýabrda Täjigistan
Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Ýewraziýa Patent Guramasynyň
Dolandyryjy geňeşiniň 48-nji mejlisine, onuň bilen ugurdaş geçiriljek
intellektual eýeçilik boýunça halkara maslahata Türkmenistanyň wekiliýetiniň
gatnaşmagy teklip edilýär. Bu çäreleriň çäklerinde Ýewraziýa patent ulgamyny
mundan beýläk-de ösdürmek hem-de degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy
giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri Ýewraziýa
Patent Guramasynyň agzasy bolup, bu guramanyň Dolandyryjy geňeşine 2025-nji
ýylda başlyklyk etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren
Patent işini tizleşdirmegiň Ýewraziýa maksatnamasy boýunça özara düşünişmek
hakynda Ähtnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.
Ýurdumyzyň bu maksatnama goşulmagy milli patent edarasynyň daşary ýurtlaryň
degişli edaralary bilen tejribe alyşmagyny giňeltmäge, gaýtalanýan ekspertiza
amallaryny azaltmaga, patent arzalaryna has netijeli seredilmegine ýardam
berer.
Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň
çäklerinde 1994-nji ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda
Şertnama we 2006-njy ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar
hakynda Singapur Şertnamasyna hem Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Bu
Şertnamalaryň maksady haryt nyşanlaryny milli we sebit derejesinde döwlet
belligine almak bilen bagly amallary düzgünleşdirmekden, bu ugurda gelip
gowuşýan ýüzlenmeler boýunça amala aşyrylýan hukuk taýdan ähmiýetli hereketleri
ýönekeýleşdirmekden, olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmekden ybaratdyr.
Bütindünýä
Intellektual Eýeçilik Guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan «Innowasion
mümkinçilikler boýunça ugrukdyryjy» atly täze guraldan peýdalanmak boýunça
degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
wekiliýetiniň şu ýylyň 16 — 20-nji noýabrynda Ženewa şäherinde geçiriljek
Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik
boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşmagy, onuň çäklerinde bu guramanyň
degişli düzümleriniň wekilleri bilen agzalan guralyň mümkinçilikleri, ondan
peýdalanmagyň aýratynlyklary we ony ýurdumyzda ulanmagyň ýollary boýunça
gepleşikleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara
konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyp, bu ugurda netijeli işleri alyp
barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek boýunça
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan degişli işler
geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga
uly ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygyny yzygiderli ösdürmäge
ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz pudagyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanan
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlise
gatnaşyjylar Koreýa döwlet saparynyň we “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy”
ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi, Songýungwan uniwersitetiniň syýasy
ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda
assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet
Baştutanymyz gutlaglar üçin mejlise gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk
bildirdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov