24.09.2026
Düýn paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky
mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň
öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban
halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm
meseleler girizildi.
...Maslahat
köşgünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, olary we ýurdumyzyň
ähli halkyny jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşyndaky möhüm waka — ata
Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady
hem-de berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, merdana türkmen halkymyza
gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw etdi. Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35
ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde merdana ata-babalarymyzyň
asylly däplerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň
geçirilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň
hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap,
şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban
enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki çagyrylan adamlar
gatnaşdylar.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda biz
ýurdumyzyň baş baýramyny — beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny aýratyn
buýsanç bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işler
amala aşyryldy. Türkmenistan dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriniň
birine öwrüldi» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Geçen
taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew batly ösüşini ynamly dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli
buýsanjymyzy has-da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere
ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi.
Dabaraly
pursat gelip ýetdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow
Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet senasy ýaňlandy.
Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuşyna
degişli wajyp soraglaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de möhüm
çözgütleriň kabul ediljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri
ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylandygyny yglan etdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip:
“Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35
ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris” diýdi.
“Garaşsyz
Diýarymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny, milli mertebesini belende göterýän
bu şanly sene biziň her birimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar. Biz
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýoluny,
öňde durýan wezipeleri aýdyň kesgitledik. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady,
senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek boýunça belent maksatlary goýduk” diýip,
türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Bellenilişi
ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy,
ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň beýik
ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň
ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi
tarapyndan doly goldanýandygyny aýdyň görkezdi.
“Garaşsyzlygymyzy
gorap saklamak we berkitmek biziň beýik maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň her bir
raýaty bu beýik maksat üçin, döwletimiz, halkymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de
hemişelik Bitaraplygymyz üçin ak ýürekden gulluk edýär. Bu ugurda
Türkmenistanyň Halk Maslahaty adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip,
öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär!” diýip, Gahryman Arkadagymyz
aýtdy.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin netijeli işler amala
aşyryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň
täze ulgamy döredildi, döwletimiziň konstitusion gurluşy has-da
kämilleşdirildi. Ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyz bilen birlikde milliligimizi
gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak ugrunda hem uly işler amala
aşyryldy.
Ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, watandaşlarymyzyň parahat, abadan we bagtyýar
durmuşyny üpjün etmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.
Häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary,
saglyk merkezleri, döwrebap etraplar, şäherler we obalar guruldy.
“Häzirki
wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna»,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna»
laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek,
sebitlerimiziň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek bilen
bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar” diýip, türkmen halkynyň Milli
Lideri nygtady.
Bellenilişi
ýaly, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlary we halklary
hormatlamak daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitlendi.
Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän
ýurdumyz oýlanyşykly daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä döwletleri, abraýly
halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda baý tejribe
toplady.
Ýurdumyzyň
geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşyň hatyrasyna
gönükdirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki
ýokary derejeli strategik hyzmatdaşy Birleşen Milletler Guramasy bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
üç gezek ykrar edilmegi, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler
Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkeziniň açylmagy möhüm syýasy wakalardyr.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy»
strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, Halkara Bitaraplyk gününiň
esaslandyrylmagy buýsandyryjy wakalardyr. Şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna
daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýamyz dünýäniň syýasy
giňişliginde möhüm ähmiýete eýe boldy.
“Men
bularyň ählisini biziň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we
ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly
baha, ýokary ynam diýip hasap edýärin” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy aýtdy.
“Türkmenistan
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün
tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen
wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň
ählumumy möhüm wezipelerini hem-de görkezijilerini milli ösüş strategiýalaryna
we maksatnamalaryna ornaşdyran ilkinji döwletleriň biridir.
Ýurdumyzda
daşky gurşawy goramak, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň
elýeterlililigini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle
hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we beýleki
ählumumy soraglar boýunça amala aşyrýan işlerimiz döwletimizi dünýäniň syýasy
we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurdy hökmünde ykrar edýär” diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Milli
ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýetilen sepgitler, ilkinji nobatda,
döwletliligimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistany dünýäniň senagat we
ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek üçin uly işlere badalga berildi. Bu
döwürde milli maýa goýum strategiýasy netijeli amala aşyrylyp, Türkmenistanda
döwrebap täze pudaklar hem-de senagat kärhanalary döredildi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, metallurgiýa,
himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, dokma hem-de azyk, derman senagaty ýaly
möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Ýurdumyzda
senagat pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri
öndürmegiň we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň baş ugry hökmünde amala
aşyrylýar.
“Bu
ugurda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda iri senagat desgalary ýurdumyzyň
ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orna eýedir. Bu senagat desgalarynyň
ählisi ahyrky netijede raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga
hyzmat edýär. Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod, «Marykarbamid»,
«Garabogazkarbamid» zawodlary, «Balkan», «Lebap» we «Bäherden» sement
zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmen aýna önümleri»
kärhanasy öz önümleri bilen ýurdumyzyň senagatlaşma strategiýasyna we importyň
ornuny tutýan önümçilige ägirt uly goşant goşýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz
aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagynyň gurluşy düýpli özgerdi. Ýurduň obasenagat pudagyny
ösdürmek bilen pagta we galla hasylyny ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň
özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm bolup durýar.
Energetika
senagaty hem ýokary depginde ösdürilýär. Täze gazturbinaly elektrik
stansiýalary gurlup, Gün, ýel stansiýalary ýaly innowasion taslamalar
üstünlikli amala aşyrylýar. Geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän
pudaklaryň ýene biri himiýa senagatydyr. Ýurduň tebigy baýlyklary mineral
dökünleriň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Himiýa kärhanalary
ýokary hilli mineral dökünleri, tehniki ýody, sulfatdyr beýleki himiki önümleri
öndürýär.
Gahryman
Arkadagymyz çykyşyny dowam edip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hem yzygiderli
ösýändigini belledi. Täze-täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär.
Nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara
taslamalar durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň
nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy»
ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmaga, halkara energetika bazarlaryna iberilýän harytlaryň
möçberini hem-de ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen strategiýadyr.
“Durmuşa
geçirilýän iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Bu transmilli taslama ýurdumyzyň
energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir hem-de tutuş sebitiň
durnukly ösüşine we doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir” diýip,
türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly «Galkynyş» gaz käni bolsa
ýurdumyzyň tebigy-serişde binýadynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ägirt uly
gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi tebigy gazyň ýurduň içine hem-de halkara
bazarlara ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Şu ýyl «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryna badalga
berildi. Bu taslama ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan
işlemäge mümkinçilik berýän desgalary döretmegi göz öňünde tutýar. Bu tapgyryň
durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmek bilen, gazyň çykarylyş
möçberlerini, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berer.
Ýurdumyzyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkider.
Bellenilişi
ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi geçen 18 ýylyň içinde 30 müňe golaý agzany özünde jemleýän iri jemgyýetçilik
guramasyna öwrüldi. Birleşmäniň agzalary tarapyndan gurlan 1500-den gowrak
senagat ugurly önümçilik hereket edýär. Olar plastik, metal önümleri, gurluşyk
materiallaryny, dürli himiýa önümlerini, haly önümlerini, elektroenjamlary, öý
harytlaryny, mebelleri we azyk önümlerini öndürýän köp sanly kiçi we orta
zawodlary öz içine alýar.
Ýurdumyzyň
senagat düzüminde täze ugurlar hem açylýar. Şolaryň biri-de elektron
senagatydyr. Elektron senagaty milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we
importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen ýurdumyzda giňden
ösdürilýän täze we innowasion pudakdyr.
Häzir
ykdysadyýetiň hiç bir pudagyny ýokary tehnologiýalary peýdalanmazdan göz öňüne
getirmek mümkin däl. Milli elektron senagatynyň döredilmegi ýurdumyzyň halk
hojalyk toplumyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Innowasion, öňdebaryjy
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek,
şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak şu günüň möhüm
wezipesi bolup durýar.
“Häzirki
döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda dürli görnüşli
elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmek boýunça netijeli işler alnyp
barylýar. Ýurdumyzyň elektron senagaty döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň
çäklerinde dürli görnüşli we ýokary hilli önümleri öndürýär” diýip, Gahryman
Arkadagymyz nygtady.
Bellenilişi
ýaly, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hem uly ösüşe eýe bolýar.
Ýurdumyzda döwrebap senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar, bar bolanlarynyň
durky täzelenýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk
önümleri we beýleki serişdeler bilen üpjün edýär.
“Ýurdumyzda
halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar senagat
pudaklarynyň okgunly ösüşine uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzy mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen uzak
möhletleýin strategiýanyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy
senagatlaşdyrmagyň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri
hasap edýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz çykyşyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe gazanylýan üstünliklerde ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny
nygtady. Dünýä derejesindäki abraýly ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda
hem-de sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlarymyzy, olaryň
halypa mugallymlaryny we tälimçileri sylaglamak indi asylly däbe öwrüldi.
Ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, olaryň
bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler
döredilýär.
“Men
bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleri, talyp ýaşlar
hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagymda giňişleýin durup geçdim.
Döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna
ýaşlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar
barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul
edilmegini möhüm hasap edýärin” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň ýaşlar barada döwlet syýasatyny
üstünlikli durmuşa geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ylymly-bilimli
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda häzirki zaman
tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralary gurulýar. Arkadag
şäheriniň ikinji tapgyrynda hem daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta
mekdebi, çagalar bagyny hem-de sport binasyny öz içine alýan desgalar
toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar toplumy kämil ýaşlaryň
ýetişmegini üpjün edýän okuw-usulyýet toplumyna öwrüler. Bu bolsa ýaşlarymyzyň
hemmetaraplaýyn bilimli we sagdyn bedenli bolmagyna giň ýol açar.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan orta mekdepde we
çagalar bagynda ýaşlaryň zehinini ösdürmek maksady bilen, dürli dersleriň işi
ýola goýlar. Şeýle hem bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde
jemleýän otagyň döredilmegi bilim-terbiýeçilik işinde örän netijeli bolar.
Dünýä tejribesinden ugur alyp, halkara talaplara laýyk gelýän bu orta mekdepde
we çagalar bagynda ýaş neslimize kämil, döwrebap hünär taýýarlykly pedagoglaryň
bilim-terbiýe bermegi möhüm bolup durýar.
“Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny ösdürmegiň milli
institutyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly we bu ugurda degişli
işleri geçirmeli. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary hünärli pedagogik işgärleriň
durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, okuw dersleri boýunça
mugallymlara bolan islegiň bäş ýyllyk çaklamasyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet
bermeli. Netijede, pedagogik ugurly bilim edaralarynyň uçurymlary orta
mekdeplerde we çagalar baglarynda öz alan bilimi we başarnyklary boýunça
ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşarlar” diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň gazananlary önümçilige giňden
ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň binýadyndaky ylmy
merkezlerde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp
barylýar. Innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde goşmaça maliýe
serişdeleri gazanylýar. Netijede, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki
hem-de ylmy binýadyny berkitmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz maliýe serişdelerini ylym-bilim bilen bagly
işlere, aýratyn hem, talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga
gönükdirmegi maslahat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan
goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan
başlap, durmuş syýasaty, öňi bilen, zähmeti goldamaga we goraga mätäç raýatlara
gönükdirilendir. Köp çagaly maşgalalara, hossarsyz çagalara, weteranlarymyza
giňden goldaw berilýär. Her bir raýatyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna
gönükdirilen bu syýasat jemgyýetimiziň agzybirligini, ýurdumyzyň syýasy hem
durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün edýär.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak,
howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olaryň
bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda giň möçberli
işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi gadymdan gelýän ynsanperwer
däplerimiziň täze mazmun bilen dowam etdirilýändiginiň we yzygiderli
kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
“Her
bir döwletiň durmuş-ykdysady kuwwaty, her bir jemgyýetiň sagdynlygy, ilkinji
nobatda, adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk
baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge,
öňdebaryjy saglygy dikeldiş merkezlerini hem-de şypahanalary gurmaga, halkyň
saglyk ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä belli
meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda netijeli işler durmuşa
geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Arkadag
şäherinde ýerleşýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy ýerli çig
mallar esasynda ýokary hilli lukmançylyk we sarp ediş serişdelerini öndürmekde
möhüm işleri durmuşa geçirýär. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge
gönükdirilen «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 —
2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan
beýläk-de kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar. Türkmen halkynyň Milli
Lideri geljekde hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmegiň dowam
etdiriljekdigini nygtady.
“Ahalteke
bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr. «Atym bar — ganatym bar», «At
agynan ýerde toý bolar», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» diýlişi ýaly,
halkymyz ähli haýyr işleri bedew bilen baglanyşdyrýar. Gözelligiň we kämilligiň
nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. «Asman atlary»,
«Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip, dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi
bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça maksatnamalaýyn
işler durmuşa geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen
2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek
atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasy işlenip
taýýarlandy. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary
döredildi. Şu ýyl Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş»
milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy ajaýyp
waka boldy. Atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz dünýä döwletleriniň
birnäçesinde atlar we atçylyk sungaty bilen bagly geçirilen halkara
maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary
ussatlyklaryny görkezdiler.
“Niderlandlar
Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik
bäsleşiginiň dünýä çempionaty bolsa ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we
şan-şöhratyny artdyrmakda aýratyn möhüm waka boldy. Ýene-de sanlyja günlerden
bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde biz
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly
ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Bu zatlaryň ählisi «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýäde uly meşhurlyk
gazanan behişdi ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterdi”
diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Bellenilişi ýaly, Köpetdagyň
eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik üstünlikleri
bütin dünýä aýan edýän iri şähergurluşyk taslamasydyr. Şäherde ornaşdyrylan
innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam mümkinçilikleri raýatlaryň ýaşaýyş
derejesini täze belentliklere göterýär.
“Häzirki
döwürde ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag
taslamasy amala aşyrylýar. Bu ugurdaky tejribämizi geljekde ýurdumyzyň beýleki
şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem giňden ulanarys. Häzirki wagtda
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen
birlikde, azyk, senagat önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini
öndürmek üçin kärhanalar hem gurulýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Biz bu toýa
häzirden gowy taýýarlyk görmelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk
toparyny döredip, anyk meýilnamalar esasynda yzygiderli işleri alyp
barmalydyrys” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Watana
bolan söýgi mukaddesdir. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini
gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Islendik
ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolmalydyr.
Biziň eziz Watanymyz — bagtyýarlygyň we döwletliligiň mekanydyr. Bu gadymy hem
mukaddes toprakda pederlerimizden miras galan agzybirlik bar, halallyk bar.
“Berkarar
döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň
bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar
halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz
sütünidir. Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyz hem-de hormatly
Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!» diýen taglymaty halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna
gönükdirilendir. Biz geljekde hem alyp barýan bu syýasatymyzy üstünlikli dowam
etdireris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz öz çykyşyny tamamlamak bilen, mejlise gatnaşyjylara hem-de mähriban
halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.
Soňra
wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanylýar. Gahryman Arkadagymyz olara
öz ýerlerine geçmeklerini haýyş edýär.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen soraglar
boýunça çykyş etjek adamlara söz berildi.
Gahryman
Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.
Ilki
bilen, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gutly Ballyýew çykyş etdi. Ol
çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp,
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen Halk Maslahatynyň mejlisine
gatnaşýan ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň
ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgelerinden ugur alyp, her bir tutumly işde
ýaşulular hem-de halkymyz bilen maslahatlaşmagy ýaşuly nesil üçin uly
mertebedir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi pederlerimiziň mukaddes
däpleriniň we halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň
aýdyň mysalydyr.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň abadan
durmuşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşaýyş
jaýlarynyň, halkara saglyk merkezleriniň, bilim ojaklarynyň yzygiderli gurlup
ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
«Şu
ýyl ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň uly zähmet ýeňşini gazanyp, Watan harmanyna 1
million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmaklary mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine toý sowgady boldy» diýip, G.Ballyýew sözüni
dowam etdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň halkara
derejede ykrar edilýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň
birnäçe ýurtlarynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömekleriniň iberilmeginiň
hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň ýerine
ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde
gurluşygy dowam edýän metjidiň adynyň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip
atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän sahawatly işlerine bolan
buýsanjyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň
Hormatly il ýaşulusy G.Ballyýew pursatdan peýdalanyp, her ýylda ildeşlerimiziň
haj parzyny berjaý etmeklerine döredilýän şertler üçin hajy Arkadagymyza hem-de
Arkadagly hajy Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdi. Ol ýaşlarymyzyň Watana
wepaly, milli ýörelgelerimize ygrarly, zähmetsöýer, kämil şahsyýetler bolup
ýetişmekleri ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ýaşuly nesliň
adyndan ynandyrdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw edip, çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.
Soňra
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
mugallymy Perhat Çaryýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitarap Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary
syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, hoşniýetli goňşuçylyk,
dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýar. BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistan
halkara giňişlikde sebit we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly
ösüşi üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar dünýä
bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen,
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar munuň aýdyň
beýanydyr.
Nygtalyşy
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog —
parahatçylygyň kepili» atly filosofik taglymatlary tutuş dünýäde durnukly ösüşi
we abadançylygy üpjün etmekde parahatçylygyň ýeke-täk ygtybarly gural bolup
durýandygyny aýdyň görkezýär.
P.Çaryýew
çykyşyny dowam edip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy okuw sapagynda
Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy köklerini, ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny beýan edendigini
aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän
«Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk
sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary, «Ýaşasyn parahat durmuş!»,
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen eserleri ýurdumyzyň
bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyny aýdyň beýan edýär.
P.Çaryýew
Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi we ajaýyp goşgy setirleri bilen sözüni
jemledi.
Soňra
Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek
gullugynyň lukmany Maýagözel Akmämmedowa söz berildi. Ol çykyşynyň başynda
ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly
senesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen
ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny
goramak, keselleriň öňüni almak hem-de adamyň ömür dowamlylygyny uzaltmak we
saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmek boýunça ägirt
uly işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy
häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala
aşyrylýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň kämil
lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalary yzygiderli
gurlup ulanmaga berilýär. Nygtalyşy ýaly, Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynyň
Tejen şäherinde köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmekde
alyp barýan işiniň halkara giňişlikde ykrar edilýändigi buýsanç bilen
bellenildi.
M.Akmämmedowa
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdi we şahyrana setirler bilen çykyşyny jemledi.
Soňra
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetiniň gämi gurluşykçysy Abdylwepa Araztuwakowa söz berildi. Ol çykyşynyň
başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ulag we aragatnaşyk toplumynyň
işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň
her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe
halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer
ýörelgesinden gözbaş alýan döwlet syýasatynyň netijesinde halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.
Täze
taryhy döwürde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça
maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň
strategik ulag-logistika çatrygynda ýerleşmek bilen, Beýik Ýüpek ýoluny
döwrebap derejede dikeltmekde ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, halkara söwda
gatnaşyklarynyň täze ugruny açýar.
Ýurdumyzyň
ulag-logistika kuwwatyny has-da artdyrmakda gurluşygy tamamlanan Aşgabat —
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly aýratyn ähmiýete eýedir. Uzynlygy
600 kilometr bolan bu ägirt uly taslama diňe bir milli bähbitlere hyzmat etmän,
eýsem, halkara ähmiýete eýe bolup, goňşy döwletlere Hazar deňziniň üsti bilen
Ýewropa bazarlaryna çykmaga giň ýol açýar. Ýurdumyzyň deňiz flotuny ösdürmek
hormatly Prezidentimiziň ulag syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň
ýüzüşe goýberilmegi Türkmenistanda deňiz we derýa ulaglarynyň düzümlerini
döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa
geçirilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.
A.Araztuwakow
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de
çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.
Soňra
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ussasy Batyrguly Çaryýewe söz berildi.
Ol çykyşynyň başynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ähli
işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden
gutlady. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine ägirt uly maýa goýumlaryň
gönükdirilmegi ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa
geçirilmegini üpjün edýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň
aýdyň mysalydyr. Şeýle-de bu maksatnamanyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de
ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalar, senagat kärhanalary, awtomobil ýollary gurlup ulanmaga berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, B.Çaryýew hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat
böleginiň açylyp ulanmaga berilmeginiň, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň
Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň
Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine ajaýyp sowgat bolandygyny belledi.
Ýurdumyzyň
elektroenergetika pudagy yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmen elektrik
energiýasy diňe bir içerki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem,
goňşy döwletlere-de eksport edilýär.
Bellenilişi
ýaly, himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Soňky
ýyllarda açylyp ulanmaga berlen himiýa kärhanalary, şeýle hem Türkmenbaşy
etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda goşmaça
täze toplumyň gurluşyklaryna badalga berilmegi ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň
ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Şeýle hem ýakyn
geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň
ikinji tapgyry, Mary welaýatynda mineral dökünleri öndürýän zawod pudagyň
önümçilik kuwwatyny has-da artdyrar.
B.Çaryýew
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi hem-de sözüni goşgy setirleri bilen jemledi.
Soňra
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Batyr Ataýewe söz
berildi. Ol çykyşynyň başynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň milli demokratik
ýörelgeleriniň kämil nusgasyna öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisiniň taryhy ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli
Watan goragçylarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy
taryhy nukdaýnazardan möhüm ähmiýete eýedir. Bu şygarda Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, gazanýan taryhy
üstünlikleri, pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlary
jemlenýär.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda harby ulgamda hem taryhy
özgertmeler amala aşyryldy. Milli Ýaragly Güýçlerimiz has-da kämilleşip,
kuwwatly goşuna öwrüldi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Bu bolsa dünýäde üç gezek ykrar edilen
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden ugur alýan Harby doktrinamyza
laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistanyň parahat durmuşyny goramakda Ýaragly
Güýçlerimiziň möhüm ornuny has-da pugtalandyrdy.
«Döwlet
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Watan goragçylaryny sylaglamak
maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp
taýýarlanylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen
dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek
hakynda Türkmenistanyň Kanunyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmegi
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümi üçin taryhy
waka öwrüldi» diýip, harby gullukçy B.Ataýew nygtady. Bellenilişi ýaly,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe harby we hukuk goraýjy
edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş
şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Munuň özi Watan goragçylaryna goýulýan
belent hormatyň nyşanydyr.
Ussat
mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly
ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň
şöhratly durmuş ýoly harby gullukçylar üçin görelde mekdebidir.
Goranmak
ministrliginiň harby gullukçysy B.Ataýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň
şahsy düzüminiň adyndan döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar üçin aýratyn
hoşallyk bildirip, harby gullukçylaryň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35
ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsanç bilen
geçjekdiklerini aýtdy we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Aýlar Gylyjowa söz
berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli
ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly,
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim
almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň we şertleriň netijesinde,
türkmen ýaşlary halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, sport bäsleşiklerinde
üstünlikli çykyş edýärler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Her ýylyň
Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga
berilmegi döwletimiziň kuwwatynyň we ýaşlaryň röwşen geljeginiň berk
binýadydyr.
A.Gylyjowa
Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” ýylynda watançylyk, durmuş, jemgyýetde öz ornuňy tapmak,
edep-terbiýe bilen bagly geçen umumy okuw sapagynyň ýaşlaryň durmuşynda ýatdan
çykmajak taryhy pursatlara beslenendigini aýtdy hem-de Milli Liderimiziň atalyk
maslahatlaryna, pentlerine we öwüt-nesihatlaryna wepaly bolup, ýurdumyzyň
dünýädäki abraýynyň has-da dabaralanmagy ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Halkara
ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby A.Gylyjowa Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür,
beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi we şahyrana
setirler bilen sözüni jemledi.
Milli
Liderimiz mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, şu günki taryhy mejlisde döwlet we
syýasy-jemgyýetçilik durmuşymyzdaky örän möhüm soraglaryň ara alnyp
maslahatlaşylandygyny, olar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini, mejlisde çykyş
edenleriň ählisiniň öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny aýtdy hem-de çykyş
edenlere we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda öz işini dowam etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň
geçirilýän ýerine — Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde dutarçylar toparynyň
çykyşy ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet
Baştutanymyzy Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýerine ýetirilen işleri beýan etmek
üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza söz berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara
ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk baýramynyň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere
berk jan saglygyny, bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylyň eziz Watanymyzy
mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.
“Kabul
eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Biz şu
gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz
döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli
resminamalary kabul ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
«Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen
görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda, milli ykdysadyýetimiz yzygiderli
ösdürilýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ykdysadyýetimizi kämilleşdirmäge
aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, iri taslamalar
durmuşa geçirilýär.
Bellenilişi
ýaly, raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy
üçin durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obalar, şäherçeler
hem-de şäherler gurulýar. Telekeçilik işini ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça
netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda karz, salgyt we nyrh gurallary
netijeli utgaşdyrylyp, ykdysady durnuklylygy saklamaga uly orun berilýär. Bank
ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli
kämilleşdirmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär.
“Döwletimizde
raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin dürli ugurlarda goldawlar we
ýeňillikler üpjün edilýär. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet
serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça
durmuş ýeňillikleri döredilýär. Biziň öňümizde goýýan esasy wezipämiz geljekki
ýyllarda täze durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, biz
geljekde hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini
ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary ederis” diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Bellenilişi
ýaly, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy
netijesinde, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini bellenen derejede
saklanýar. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş
depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň maliýe
bazaryny yzygiderli kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berýäris.
«Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy»
esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem uly üns berilýär.
“Täze
kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz
boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e
golaý bolar. Biz «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň
Konsepsiýasy» esasynda ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek
boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biziň
alyp barýan maýa goýum syýasatymyz ykdysadyýetimizi depginli ösdürmegiň möhüm
şertidir. Ýurdumyzda maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu
bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin
şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli
maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly
desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde
tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin
«Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum
Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
“Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi
ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň
bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy
goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň
gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik
maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimi,
medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 31,5 göterimi goýberildi.
Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, şeýle hem hususy pudagyň
paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy. Geljekde hem ýurdumyzy
ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.
Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar” diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda nebitgaz toplumynyň işini dünýäniň soňky gazananlary esasynda
döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Uglewodorod
serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, täze ýataklary
özleşdirmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek işleri
maksatnamalaýyn alnyp barylýar.
Häzirki
wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň
Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy,
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň
gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirilýär. Şeýle hem Seýdiniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp
barylýar. Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini
tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.
“Bu
gaz käniniň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda we dünýäniň
iri gaz döwleti hökmünde ornuny berkitmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şu ýyl
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň
dördünji tapgyryna — ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge
niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýerde ýakyn
geljekde 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Bu taryhy taslamanyň doly
durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport
möçberlerini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berer. Umuman,
«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi we Mary welaýatynyň
Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň
energetika we durmuş syýasatynyň iň iri taslamalarynyň biridir” diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ýurdumyzda
innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň
işi yzygiderli kämilleşdirilýär, senagat we durmuş maksatly desgalaryň
gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar, gurluşyk materiallary pudagynda dürli
görnüşli önümleri öndürmegiň möçberleri hem-de görnüşleri yzygiderli
artdyrylýar.
“Şu
ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny hem-de
gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizip, gurluşyk
pudagynyň binýadyny has-da berkideris. Himiýa senagatynda täze önümçilikleri
döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl himiýa
senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak
şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp
ulanmaga bereris” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän
toplumyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde
mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem
ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän
täze döwrebap toplumy, Balkan welaýatynyň «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki
ýod we brom hem-de tehniki uglerod öndürýän täze önümçilik desgalaryny,
«Guwlyduz» kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhanany gurmak
meýilleşdirilýär.
“Daşary
ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri
elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa
geçirilýär. Şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap köpugurly
Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň
mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik
stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar” diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna
gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça hem netijeli işler durmuşa
geçirilýär. Şu ýyl umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga
berildi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil
ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
“Şeýle
hem şu ýyl biz möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny
täzelemek işine badalga bermegi meýilleşdirýäris. Umuman, Türkmenistanda amala
aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy öňdebaryjy senagat we ýokary tehnologiýaly
önümçilik merkezine öwürmegi maksat edinýär” diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady.
Häzirki
wagtda Türkmenistan kuwwatly senagat döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösen
senagaty ykdysady we durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen
döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmek
maksady bilen, “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar
üçin Milli strategiýasynyň” kabul edilmegi döwrüň talaby bolup durýar.
“Biziň
alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlaryny, Aşgabat
we Arkadag şäherlerini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly»
şäher — Arkadag şäheri abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisi bolup
durýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry alnyp
barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz geljekde hem «akylly»
şäherleri döretmek ugrunda netijeli iş alyp bararys” diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Bellenilişi
ýaly, üstünliklere beslenýän ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 4 müň 500
hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berildi. Şu
ýyl Aşgabat şäherinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berler, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylyp ulanmaga
beriljek döwrebap obada hem bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatly
şertler dörediler.
“Bularyň
ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işleriň
üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Bu üstünlikler biziň alyp barýan
syýasatymyzyň netijesidir, ýagny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe
halky bilen döwletdir!» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam edip, oba hojalyk pudagynda azyk howpsuzlygyny
berkitmek, gaýtadan işleýän ýeňil senagaty çig mal bilen üpjün etmek we
önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny belledi.
Şu
ýyl Daşoguz welaýatynda kuwwatlylygy 60 müň tonna senagat pagta çigidini
gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň
düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegiň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Bellenilişi ýaly, ylmy-barlag institutlary tarapyndan ekerançylyk, maldarçylyk
we tohumçylyk babatda düýpli ylmy-barlaglar ýerine ýetirilýär. Şu ýyl Oba
hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki döwrebap
barlaghana binasy hem ulanmaga berler. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly
suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, hereket edýän suwarymly ýerleriň
melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
“Türkmenistan
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli
hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak we ekologiýa
abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly işlere hem uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar, her ýyl
ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde ekologiýa abadançylygy
üpjün edilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şu
ýyl gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan
gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bu zähmet üstünligi ýurdumyzyň zähmetsöýer
daýhanlarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllyk toýuna mynasyp
sowgadydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat
gallaçy daýhanlarymyzy gazanan netijeleri bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Watan harmanyna 1
million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik
pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa
geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we
guşçulyk pudagy hem ösdürilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň
baş sany yzygiderli artdyrylýar.
“Biz
oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde
hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi. Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýan halkdyr.
Behişdi bedewlerimiz parahatçylygyň nyşany, toý-baýramlaryň bezegi bolup
durýar. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek, tohum arassalygyny
gorap saklamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke
bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady
bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde giň gerimli halkara çäreler geçirildi.
“Ahalteke
bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak
işlerini dowam etmek maksady bilen, ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy
boýunça Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky alyp barýan
işlerimizi has-da kämilleşdirmäge ýardam berer” diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr.
Ýurdumyzda harytlaryň elýeterliligi we bahalaryň durnuklylygy üpjün edilip,
söwdanyň hili yzygiderli ýokarlanýar. Bazarlary öz ýurdumyzda öndürilen oba
hojalyk, azyk we beýleki sarp ediş harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça
netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanly
ýokary hilli önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmäge hem möhüm ähmiýet
berilýär.
Häzirki
wagtda Aşgabat şäherinde döwrebap söwda merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Şu
ýyl paýtagtymyzda köp sanly häzirki zaman söwda we hyzmatlar öýleri açylyp
ulanmaga berler.
“Ýurdumyzda
we dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar, işewürlik
duşuşyklary söwda hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär. Biz 2027-nji ýylda
Serbiýa Respublikasynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine milli
sergimiz bilen gatnaşarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bellenilişi ýaly,
dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm işler alnyp barylýar,
ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek bilen, halkara talaplara laýyk gelýän
eksport önümçiligi giňeldilýär. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge
hem aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli
kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde hususy
pudagyň orny yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
Döwlet
Baştutanymyz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegiň dowam
etdiriljekdigini nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam edip, ulag we aragatnaşyk toplumynda hem giň gerimli
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň kuwwatly ulag-logistika ulgamy ýurdumyz we sebitiň döwletleri
üçin ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň
geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny
has-da giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Emeli aň» tehnologiýalaryny
ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenip, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini
artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
“Türkmenbaşy
Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, milli deňiz söwda floty
yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş
zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine ak
pata berildi. Biz ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we
durmuş maksatly desgalary gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini
mundan beýläk hem dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hem
maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýaş nesiller üçin ähli
mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gahryman
Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni
mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen okuw sapagynyň ähmiýetini aýratyn
belledi. Hormatly Arkadagymyz ýaşlarymyza öz gymmatly oý-pikirlerini,
öwüt-nesihatlaryny berdi. Birnäçe tekliplerini, garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda
ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň”
kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe
boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat
şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat
şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň täze, döwrebap binalar toplumlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga
berildi, şeýle hem ýurdumyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary
ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy.
“Häzirki
wagtda gurluşygy dowam edýän «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezi bolsa
bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny, zehinini kämilleşdirmekde nusgalyk
merkeze öwrüler. Biz geljekde hem ýurdumyzda ýene-de köp sanly döwrebap bilim
edaralaryny gurmagy dowam ederis. Munuň özi bilim ulgamynda alyp barýan
işlerimiziň barha rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Bellenilişi
ýaly, ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini
ýokarlandyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Döwletimiz innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmak işini kämilleşdirmegi üns merkezinde saklaýar. Bu
ugurda alnyp barylýan işler geljekde hem dowam etdiriler.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip
taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda, ýurdumyzda milli saglygy
goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Täze
tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlarynyň
elýeterliligini, hilini ýokarlandyrmak arkaly pudagyň işi has-da
kämilleşdirilýär. Dünýä meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda
hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň
gerimli işler durmuşa geçirilýär.
“Şu
ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň gününe gabatlap,
Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkezini, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkezini, Stomatologiýa merkezini, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa
«Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny
dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow belledi.
Häzirki
wagtda Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda
saglyk öýüniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly
hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň
gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda 50 sany oba
saglyk öýleriniň we oba saglyk merkezleriniň düýbi tutular. Şeýle hem
ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa
merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde
welaýat köpugurly hassahanasyny, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki, Ýolöten
etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmak meýilleşdirilýär.
“Bu
işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy
tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny
görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak
biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzda
sagdyn durmuş kadasyny emele getirmek, köpçülikleýin sporty has-da ösdürmek
boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge,
ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşini üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljekde hem türgenlerimiziň
halkara derejeli ýaryşlarda döwletimiziň halkara sport abraýyny belende
galdyrjakdyklaryna, watansöýüjiligiň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny
görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa
geçirilýär. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin amatly
şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly
medeni merkeziň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzda dürli medeni çäreler,
daşary ýurtlaryň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary,
edebi mirasymyza bagyşlanan ylmy maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär.
Şu ýyl Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçirildi. Geljek ýyl bolsa
Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler. Bellenilişi ýaly, Birleşen
Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen
düzümi bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bularyň ählisi medeni
diplomatiýamyzy Ýer ýüzüne giňden dabaralandyryp, dünýä halklary bilen dostluk
we parahatçylyk köprülerini has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara
guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, ählumumy
parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň
tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini nygtady. Munuň özi daşary
syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şu
ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Halkara
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde
bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi
Bitaraplyk syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy waka öwrüldi. Şeýle
hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly
Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha
ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.
“Şu
ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet
Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi
meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan
Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi
geçiriler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek,
döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler” diýip döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugry ýylsaýyn uly abraýa we hormata
eýe bolýar, bütin dünýäde giň goldaw tapýar.
“Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçen okuw sapagynda hem Halkara
gatnaşyklary institutynda döredilen Bitaraplyk we parahatçylyk kafedrasynyň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi, bu ýerde parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni
alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek üçin geňeşmeleriň
geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy
bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetiniň döredilmegi bu
ugurda ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmakda möhüm ädim bolar” diýip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Nygtalyşy
ýaly, Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik gymmatlygydyr. Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň öz Bitaraplygy bilen halkara we sebit ýagdaýlarynyň birnäçesini
parahatçylykly ýol bilen çözmäge uly goşant goşandygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu
mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyny
kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi we bu resminamanyň Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny
mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz çykyşyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Mejlisiniň işiniň hem giňden ösdürilýändigini,
milli kanunçylygymyzyň halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli
kämilleşdirilýändigini nygtady.
“Garaşsyz
ýurdumyzyň Mejlisi raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň
pudaklaryny ösdürmek bilen bagly netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň
möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak zerurdyr. Şeýle hem täze
kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirip
durmagy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri diýip hasap edýärin” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
“Häzirki
wagtda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk
duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan
Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de
guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyz we
hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik
bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary
agzybirlikde amala aşyrmalydyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz sanlyja günden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň giňden dabaraly
ýagdaýda bellenilip geçiljekdigini we şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň
mejlisiniň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly
belläp geçmek maksady bilen, degişli Permana gol çekiljekdigini aýtdy. Permana
laýyklykda, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 27-nji, 28-nji, 29-njy sentýabrda
Garaşsyzlyk baýramy bellenilip geçiler.
Döwlet
Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy
eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw etdi.
“Goý,
Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun!
Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!” diýen şygarlar bilen
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemledi.
Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de
geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns berlip diňlenildi we dowamly
el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Gahryman
Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň
döwletimiziň we Hökümet agzalarynyň ýerine ýetiren işlerini beýan edendigini
aýtdy hem-de eden çykyşy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk
bildirdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm
ähmiýeti bolan Permandyr Kararlaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
«Ula
hormat, kiçä sylag» diýlişi ýaly, ilki bilen, hormatly ýaşulularymyzy we
enelerimizi sylaglamak hakyndaky, zähmetde gazanan üstünlikleri bilen
tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet
sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar, şeýle hem halkymyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy
üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, degişli Perman işlenip
taýýarlanyldy.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara
düşünişmegi gorap saklamaga hem-de berkitmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda
halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara
hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli konsepsiýa işlenip
taýýarlandy.
Şeýle
hem arassa ganly ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamak maksady
bilen, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda»
Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän
ýaşlar syýasatyny geljekde hem dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda
ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy»
işlenip taýýarlandy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan
ösdürmek maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan bu
işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen «Türkmenistany senagat taýdan
ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» işlenip taýýarlandy.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizden bu
resminamalara gol çekmegi haýyş etdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol
çekdi.
Gahryman
Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy
boýunça ertir sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi.
Soňra
arakesme yglan edildi. Arakesmede Söwda-senagat edarasynyň binasynda toý
sadakasy berildi.
Gahryman
Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün «Geňeşli il — döwletli il»
diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede
geçirilýändigini, häzir bolsa bilelikde toý sadakasynyň berilýändigini belledi.
Maslahatda
hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz, baky Bitarap
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da
gowulandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli işlerimizi giňden beýan etdi.
Ýurdumyzy ösdürmekde öňümizde duran möhüm wezipeleri kesgitledi.
Gahryman
Arkadagymyz halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, şu gün
ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň, türkmeniň gadymy däp-dessurlarynyň berjaý
edilýändigini, bularyň hemmesiniň sogap, parz işlerdigini belläp, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň
üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilen
taryhy işlerimiziň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.
Soňra
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy.
Tebärek
çykylandan soňra, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi. Duz-tagam dadylandan
soňra, toý töwiri okalyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy we
Türkmenistanyň abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň jan saglygy, olaryň ähli asylly işleriniň we başlangyçlarynyň
üstünlige eýe bolmagy dileg edildi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, bu gün, ine, hemmämiz
bilelikde parz işi ýerine ýetirdik, öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik
diýip belledi we şu günki berlen sadakalaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik
Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
“Toýlarymyz
toýa ulaşsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.
Arakesmeden
soňra, mejlis öz işini dowam etdi.
Gahryman
Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň gol çeken
Permanlary esasynda sylaglary gowşurmak dabarasyna başlamagy, Halk Maslahatynda
däp bolşy ýaly, hormatly ýaşulularymyza we enelerimize mynasyp bolan sylaglary
gowşurmagy teklip etdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan döwlet
Baştutanymyza her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden “Hormatly il
ýaşulusy” diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary
gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi.
Permanlary
okamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen
ada mynasyp bolan ýaşululara hem-de ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeländikleri,
şeýle hem dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti üçin «Zenan kalby» ordenine
mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Ýokary
döwlet sylagyna mynasyp bolan ýaşulular we mähriban eneler özleriniň zähmetine
berlen ýokary baha hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy barada
edýän aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk arzuw etdiler.
“Zenan
kalby” ordenine mynasyp bolan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 10-njy orta
mekdebiň iňlis dili mugallymy Aknabat Amanowa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, mähriban eneleriň
mukaddeslige, maşgalanyň bolsa şol mukaddesligiň gözbaşyna deňelýän eziz
Watanymyzda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň nesilleri terbiýelemegiň iň uly
bagtdygyny buýsanç bilen belledi.
“Biz
— eneler maşgala ojagynyň synmaz sütüni, ähli türkmen zenanlarynyň nusgalyk
göreldesi, milletiň käbesi Ogulabat ejäniň zehininden dörän sungat eserine meňzeş
el işlerini dowam edip, nesilden-nesle geçirmekde gujur-gaýratymyzy
gaýgyrmarys” diýip, A.Amanowa aýtdy.
Sylaga
mynasyp bolan ene “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanylandygy üçin ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň
dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdi.
Soňra
“Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen belent ada mynasyp bolan «Türkmen
atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses
operatory Annabaýram Paýaýew Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda milli atçylyk
syýasatyny mynasyp dowam etmekde asylly işleri alyp barýandygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, ýaňy-ýakynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik
bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi türkmen atşynaslary bilen
birlikde, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň atşynaslary üçin hem möhüm ähmiýetli
waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ýewropada ahalteke
atlarynyň şanyna uly toý tutuldy. Bu toý ahalteke bedewlerini ýetişdirmek bilen
meşgullanýan dünýäniň ähli atşynaslaryny bir ýere jemledi, olar türkmen atşynaslary
bilen dostlaşdylar. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza ähli atşynaslaryň adyndan sagbolsun aýdyldy.
A.Paýaýew
özüne “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen belent adyň dakylandygy üçin
tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýaşulularyň halkymyzyň agzybirligini we
jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizde Watana bolan söýgini,
zähmetsöýerligi terbiýelemekde, şeýle hem milli buýsanjymyz bolan ahalteke
atlarynyň şan-şöhratyny wagyz etmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk,
uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz jemleýji söz bilen çykyş etdi.
Gahryman
Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip: “Şu gün Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisinde siziň bilen örän möhüm soraglary ara alyp
maslahatlaşdyk. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda geljekde öňde durýan
wezipeleri kesgitledik. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de
gülledip ösdürmäge gönükdirilen resminamalary kabul etdik” diýip belledi.
“Garaşsyzlygymyzyň
35 ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler bilen birlikde, biziň kabul
eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek
üçin entek etmeli işlerimiz az däl. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
öňde goýlan bu belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde, jebislikde
üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli
Lideri sözüni jemledi.
Gahryman
Arkadagymyz gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga
gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, berkarar Watanymyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlady hem-de mähriban halkymyza, mejlise gatnaşanlara berk jan
saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmek bilen,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet senasy belentden ýaňlandy.
***
Halk
Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mejlisiň üstünlikli
geçmegi hem-de halkymyzyň parahat, asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün
edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi, şeýle hem
ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet
Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary-da ýurdumyzyň
okgunly ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyran bu mejlisiň üstünlikli
geçirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy
bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly
Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip,
hemmeleri Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi
hem-de ýetip gelýän baýram — ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy
bilen tüýs ýürekden gutlap, olara eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
tdh.gov