11.10.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa
merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý
sowgady boldy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, raýatlaryň
bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns
berilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň
hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp
barylýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasyna
laýyklykda, gysga döwrüň içinde Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde
döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar we
derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň
mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öňdebaryjy
tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Bilşimiz
ýaly, düýn Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça
täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Täze desganyň açylmagy Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge
aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan
üstünlikler, ýetilýän sepgitler bütin dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Bina
edilýän saglyk merkezleriniň halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna we
şahadatnamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.
tdh.gov