04.10.2026
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy
edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.
Şeýle hem mejlisde Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga,
olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, harby
we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýolbaşçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen
sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi
hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini
ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Watanymyzyň
goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen zerur çäreler görüldi. Şunuň bilen
birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby
gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle-de
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby
ýörişiň netijeleri barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda
Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine häzirki wagtda dowam edýän,
raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak işlerini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda
alnyp barlan işleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine
geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri hem-de prokuratura edaralaryny
ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň berjaý edilmegine prokuror gözegçiligini
amala aşyrmak işlerini dowam etmegiň, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik
bähbitleriniň, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny hemişe üns merkezinde
saklamagyň zerurdygyny belledi we bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň
başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik
düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni
almak boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle hem sentýabr aýynda “Ýol
hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen geçirilen
biraýlygyň jemleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni
almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de
ministre ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň
berjaý edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýanwar
— sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek we
öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda kanunçylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny goramak, şeýle hem
kazyýet ulgamyny ösdürmek, işgärleriň hünär bilimini artdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen
baglylykda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu
ýylyň dokuz aýynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda
asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen maksatnamalaýyn işler barada hasabat
berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleri
mundan beýläk hem netijeli dowam etmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda
ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak,
serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barlan işler, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň serhediniň dost-doganlyk serhedidigini
belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna serhet goşunlaryny ösdürmegiň
maksatnamasyna laýyklykda mukaddes serhetlerimiziň goraglylygyny yzygiderli
üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat
döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek
maksady bilen alnyp barlan işler, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak we ministrligiň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda
kämilleşdirmek işini dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyzda kabul
edilýän hukuk namalarynyň kanunçylyga laýyk gelmegine yzygiderli gözegçilik
etmegi ministre tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan
işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak
maksady bilen görlen çäreler we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý
edilişine gözegçilik etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň yzygiderli
ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine
öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak hem-de düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda
göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen geçirilen çäreler
barada hasabat berdi.
Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysy hormatly
Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, daşary
ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary
bermek baradaky resminama gol çekendigi üçin ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ähli
işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de döwlet
Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan
döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gullugyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak we raýatlara ýokary hilli hyzmatlary
ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi
we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş
häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün
etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we
olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak
boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky
işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de
bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly
üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov