26.09.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meselelere seredildi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş
kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň
günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri
yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.
Şunuň
bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri
taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat
edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy
mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýermek bilen, iş kesilen 1054
raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky
Permana gol çekýändigini aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri
B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi
geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine,
maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz
Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyny
arzuw etdi.
Soňra
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda agzybirlik,
ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky
mejlisi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli
däplerine ygrarlydygyny, eziz Watanymyza bolan buýsanjy, çäksiz söýgini, röwşen
geljegimize berk ynamy berkidýän ägirt uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka
boldy.
Maslahatda
milli demokratiýamyz giňden dabaralandyrylyp, halkymyz hem-de Watanymyz üçin
bähbitli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we taryhy ähmiýetli
çözgütler, kararlar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman
Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna, egsilmez pähim-paýhasa ýugrulan çykyşlary
Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen strategik
häsiýetli binýatlyk taglymat bolup, maslahata gatnaşyjylar hem-de ähli halkymyz
tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Döwlet
Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ahalteke bedew atlarynyň
genofonduny gorap saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde
olaryň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanda
ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol
çekmegi döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, ahalteke bedewlerini
gorap saklamakda hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk baýramy mynasybetli raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada
beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglarynyň
dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini
aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri
ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Bu şanly
sene döredijiligiň, rowaçlygyň we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan
ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, bagtyýar halkymyzy täze belentliklere
hem-de ösüşlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde şanly sene mynasybetli
sergiler ýaýbaňlandyrylýar, kitaphanalarda we beýleki medeniýet ojaklarynda
dürli çäreler geçirilip, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde filmleriň
görkezilişleri guralýar. Teatrlarda mähriban halkymyzyň beýik gahrymançylygyna,
bagtyýarlygyna hem-de watansöýüjiligine bagyşlanan sahna oýunlary görkezilýär.
Şanly
senä bagyşlanan gepleşikler hem-de wideoşekiller taýýarlanyp, milli we daşary
ýurtlaryň hyzmatdaş teleýaýlymlarynda görkezilýär. Bu şanly senäni, Garaşsyzlyk
ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, şol sanda halkara
derejede gazanylan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden
beýan etmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Şanly sene mynasybetli
ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertlerine ýokary derejede
taýýarlyk görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk
baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
“Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda” Kararyň taslamasy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik
ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň
hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan, olaryň
jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmekden
ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyza we halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt
raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek,
olaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri,
hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi
bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Nygtalyşy ýaly, şeýle
hyzmatdaşlygyň çäklerinde raýatsyzlygyň öňüni almak we ony azaltmak, adamlaryň
hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň
toplan tejribesini halkara derejede paýlaşmak boýunça degişli çäreler amala
aşyrylýar.
Mälim
bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer
ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy
bolmadyk adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak babatda uly
işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, bu işleriň netijesinde, häzirki wagta
çenli 5 müň 294 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanda
ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Hormatly
Prezidentimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatyny durmuşa
geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan
Türkmenistanda hemişelik ýaşamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň şahsy
ýüztutmalaryna seretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.
Hususan-da, Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan hossarlarynyň ýanynda
ýaşaýan, ýurdumyzyň raýatlary bilen nika baglaşan, şeýle hem Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletler bilen wiza düzgüni girizilmezinden
ozal Türkmenistanda ýazga alnan daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny
düzgünleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky şahsy
ýüztutmalary hasaba alnan 146 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň
berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama
berilmegine hödürlenilýän adamlar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16
milletiň wekilleri bolup durýarlar. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek
adamlardyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny
goramak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama
bermek hakynda” Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny
dowam edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen
resminamalaryň syýasy ähmiýeti barada aýtdy. Ilki bilen, wise-premýer, daşary
işler ministri hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda
paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli
geçirilmegi mynasybetli mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, her ýyl ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän
günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň geçirilmegi asylly
däbe öwrüldi. Bu mejlisler döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek we ýurdumyzyň geljekki
ösüşiniň esasy ugurlaryny anyklamak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen
baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisiniň şu ýylyň iň möhüm jemgyýetçilik-syýasy
wakalarynyň biri bolandygy bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň mejlisdäki taryhy çykyşlarynda
Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine we ýeten belent sepgitlerine aýratyn
üns çekildi, ýurdumyzyň ösüşiniň esasy netijeleriniň beýan edilmegi bilen bir
hatarda, geljek döwürde öňde durýan möhüm wezipeler aýdyň kesgitlenildi. Şeýle
hem çykyşlarda döwletimiziň syýasy-hukuk esaslaryny ulgamlaýyn pugtalandyrmak,
ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, türkmen jemgyýetinde asudalygy,
jebisligi we agzybirligi berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan
beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler giňden beýan edildi.
Mejlisiň
dowamynda bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen çözgütler hem
kabul edildi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz birnäçe wajyp döwlet resminamalaryna gol
çekdi. Olaryň her biri ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň aýratyn möhüm
ugurlaryny öz içine alýar. Şol resminamalaryň biri hem “Türkmenistany senagat
taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasydyr”. Bu
strategiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli
senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.
Mälim
bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň
senagat ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurda düýpli başlangyçlar öňe
sürüldi we möhüm işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 23-nji
oktýabrynda geçirilen ählihalk forumynda, ýagny Türkmenistanyň Ýaşulularynyň
maslahatynda Milli Liderimiz döwlet Baştutany hökmünde ýurdumyzy senagat taýdan
ösen, häzirki zaman döwletine öwürmek, ýagny senagatlaşan jemgyýeti kemala
getirmek baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdi. Şol döwürden bäri bu ugurda giň
möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda nebitgaz, himiýa, maşyn gurluşygy,
dokma we beýleki pudaklarda döwrebap önümçilik kärhanalary guruldy, iri senagat
toplumlary döredildi. Doly önümçilik tapgyrlaryny öz içine alýan täze
kuwwatlyklar ýola goýuldy, gaýtadan işleýän senagatyň binýady berkidildi. Şunuň
ýaly ägirt uly başlangyçlaryň we gazanylan tejribäniň esasynda häzirki döwürde
hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bu asylly işlerini
täze şertlerde ýokary derejede dowam edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň senagat
taýdan ösüşiniň täze tapgyryna gönükdirilen 2030 — 2045-nji ýyllar üçin möhüm
wezipeler kesgitlenildi we degişli Milli strategiýa tassyklanyldy. Bu resminama
ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, senagaty döwrebap
ösdürmäge we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmaga ýardam
berjek uzak möhletleýin maksatlary özünde jemleýär.
Halk
Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda gol çekilen “Türkmenistanda ýaşlar barada
döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy” hem uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesil
baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň
kemala gelmegine we yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi aýratyn
bellenildi. Bu döwlet syýasaty häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň
başlangyçlary netijesinde täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Döwlet Baştutanymyz
ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny has-da berkitmäge,
olaryň öz döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge
aýratyn üns berýär. Şu maksada laýyklykda, hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda
geçirilen nobatdaky gurultaýyna gatnaşyp, ýaşlar syýasatynyň geljekki ugurlary
boýunça maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Ýaş
nesle bildirilýän döwlet aladasynyň aýdyň beýany hökmünde 2023-nji ýyl
ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň
bilen birlikde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň halkara ugurlaryny ösdürmek
maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» tassyklady. Ýaşlaryň
ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere we halkymyzyň
jemgyýetçilik durmuşyna has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu mejlisde gol çekilen täze Döwlet
maksatnamasy ýurdumyzyň ýaşlar babatdaky syýasatyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri we täze
başlangyçlary öz içine alýar.
Halk
Maslahatynyň mejlisinde gol çekilen resminamalaryň ýene biri “Türkmenistanda
ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen halkynyň milli mirasynyň
aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak,
atçylyk we atly sport pudagyny ösdürmek, milli seýisçilik däplerini
kämilleşdirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine
öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu asylly işleri täze derejede dowam edýär.
Ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek, olaryň genetiki seljerme işlerini
geçirmek, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döwlet
derejesinde toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda
geçýän 2026-njy ýylda ahalteke bedewlerimizi we milli atçylyk sungatymyzy
dünýäde giňden tanatmak boýunça giň gerimli milli we halkara çäreler üstünlikli
geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda
ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul
edilmegi bilen, milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň genofonduny
we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly goramak hem-de
geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk şertleri döredildi.
Halk
Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli
konsepsiýasyna hem gol çekildi. Bu resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň
esasy ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan
Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara
hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Bu ugurdaky köpýyllyk tagallalaryň nobatdaky möhüm netijesi hökmünde Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy
esasynda 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly»
atly Kararnamanyň kabul edilendigi aýratyn bellenildi. Bu möhüm resminama
halkara hukugyň ýörelgelerini berkitmäge, döwletleriň halkara hukuk kadalaryna
ygrarly bolmagyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ählumumy parahatçylygy,
howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Wise-premýer,
daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan
hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
35 ýyllyk şanly ýubileýi mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde
kabul edilen resminamalaryň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde
möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Garaşsyzlyk
baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini belledi we şunuň bilen
baglylykda, bu çäreleri guramaçylykly geçirmek işlerini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň
ýetip gelendigini aýtdy. “Geçen 35 ýyl berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz
üçin şan-şöhratly ýyllar boldy. Biz mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň
binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça
alyp barýan işlerimizi dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban
halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler
toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe
gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabaranyň
başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň
degişli kararyny okady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy
halkymyzyň ýokary ruhubelentliginde uly dabaralara beslenilip, guwandyryjy
zähmet üstünlikleri bilen garşylanylýar. Halkara gatnaşyklarda hemişelik
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine
eýerýän, dünýä döwletleri we halklary bilen özara bähbitli, deňhukukly
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýan Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna
laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn
binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli
harby özgertmeleriň netijesinde, Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň
gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk
etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden gulluk etmegi,
mukaddes borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri raýatlaryň,
aýratyn-da, ýaşlaryň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmakda, olary
ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde görelde
mekdebidir.
Türkmenistanyň
döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň goranmak
kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny,
kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan taryhy başlangyçlary bilen Ýer ýüzünde
durnuklylygy hem-de parahatçylygy pugtalandyrmakda we döwletimiziň halkara
abraýyny belende galdyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, harby gullukçylary
Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde goşan
uly şahsy goşandyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde
tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden,
zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda hem-de
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň
Kararyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly
baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly
harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşurylýar.
Soňra
dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe
gatnaşyja” atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň
Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi döwlet sylagy hem-de
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň
abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri
arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli
durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly
baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata
Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyny uly dabaralara besläp,
guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
şanly 35 ýylynyň içinde ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde beýik işler
amala aşyryldy.
Soňra
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we
hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar
Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý
medalynyň gowşurylmagy bilen, şeýle hem şanly baýramçylygymyz mynasybetli tüýs
ýürekden gutlady.
Diňe
goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk
söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän ýurdumyzyň Harby doktrinasynda
kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Milli goşunyň
döwrebaplaşdyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn we ylym-bilim binýadynyň
pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler
Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň
goranyş kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip,
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý
medalynyň berilmegini halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini
aýtdy.
Dabaranyň
ahyrynda döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene-de bir gezek mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap,
eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov