Geçen
hepdäniň wakalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli
berkidilýändiginiň, ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» şygary astynda amala
aşyrylýan durmuş ugurly syýasata ygrarlydygynyň, ikitaraplaýyn hem-de
köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda jogapkärli, işjeň we başlangyçly orny
eýeleýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Bitarap Türkmenistan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn sebit we ählumumy
başlangyçlara doly derejeli goşulyşmak maksady bilen, özara gatnaşyklaryň iň
möhüm görnüşlerini kesgitlemäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň
ylalaşykly çemeleşmelerini hem-de gurallaryny işläp düzmäge, hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmäge mynasyp goşant goşýar.
30-njy
oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş
maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek meseleleri
girizildi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belläp, oba hojalygy bilen
baglanyşykly ähli çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem
ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, täze durmuş maksatly
desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görmek babatda birnäçe görkezmeleri
berdi.
1-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň daşary işler
ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda dürli ulgamlarda
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» formatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň
mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe
resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi. Mejlisiň kanun
çykaryjylyk işi, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
mundan beýläk-de pugtalandyrmak mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
«Halkbank»
paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin «NFC» we «QR-kod»
tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge
niýetlenen «Sanly kart» programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygy
habar berildi. Diýarymyzyň zähmetsöýer ekerançylarynyň geljek ýylyň hasyly üçin
jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirip, bu ugurda bellenen meýilnamany
üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Hormatly
Prezidentimiz tohumçylyk işini ylmy esasda mundan beýläk-de ulgamlaýyn
kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem şu
ýylyň noýabr aýynda geçiriljek halkara derejeli möhüm çärelere görülýän taýýarlyk
barada habar berildi.
Mejlisiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli türkmenistanlylary
ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik
şäherleriniň toruna girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu çözgüt
31-nji oktýabrda — Şäherleriň bütindünýä gününde Fransiýa Respublikasynyň Pariž
şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) merkezi edarasynda kabul edildi.
Ýokarda agzalan hukuk derejesi paýtagtymyza häzirki zaman halkara urbanistika
kadalary bilen ösýändigi üçin berildi.
3-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş
saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň
düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik
geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna
birikdirmäge, soňra bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň düzüminde kuwwaty 70 megawat sagada deň bolan gaz turbina desgalarynyň
işe girizilmegine ak pata berdi.
Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gaz turbinalaryny gurmak we
elektrik bekediniň durkuny täzelemek taslamasyna halkara güwänamalary —
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we
energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň, Duisburg-Essen döwlet
uniwersitetiniň, Magdeburg şäheriniň Otto Won Gueriсke adyndaky
uniwersitetiniň, degişlilikde, Hil şahadatnamasy, Iň ýokary inženerçilik
taslamasy baradaky şahadatnamasy, Ekologik taýdan arassalygy we durnukly
taslamadygy baradaky şahadatnamasy gowşuryldy. Soňra dabaralar Guwlymaýak şäherçesinde
dowam etdi. Bu ýerde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň
işgärleri üçin niýetlenen iri ýaşaýyş jaý we binalar toplumynyň düýbi tutuldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň awgust aýynda gol çeken Kararyna
laýyklykda, bu ýerde 472 hojalyga niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýy, 320 orunlyk
umumybilim berýän orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy we söwda-dynç alyş merkezi
gurlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynda
kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly gaz we bug dolanyşygynda işlejek
täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasy hem boldy. Bu ýerde ABŞ-nyň
«General Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz, 2
sany hem bug turbinasy oturdylar. Täze energiýa öndüriji desgada ökde hünärli
işgärleriň 150-den gowragy zähmet çeker.
Döwlet
Baştutanymyz geçirilen giň gerimli çäreleriň dowamynda her ýylyň 3-nji
noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi
bellemek baradaky teklibi makullady.
4-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde
ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.
Ekologik
çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, harby
we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, şäher häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň,
jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Arkadag şäheriniň köp sanly
ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara
guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bu asylly işi goldadylar. Tutuş
ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde saýaly, pürli
we miweli bag nahallarynyň 472 müňden gowrak düýbi ekildi, ozal oturdylan,
häzirki wagtda bolsa ösüp boý alýan 2 milliona golaý düýp baga ideg edildi.
Bag
nahallaryny oturtmak çäresiniň nobatdaky tapgyry başlanmazdan ozal, döwlet
Baştutanymyz 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana baryp,
olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bu desganyň gurluşygy tamamlandy. Hut şu
künjekde taryhyň dowamynda dünýä meşhur bolan, ady rowaýata öwrülen behişdi
bedewler ösdürilip ýetişdirilipdir. Häzirki döwürde bu ýerde Halkara ahalteke
atçylyk sport toplumyny, atşynaslar üçin ähli amatlyklary bolan Aba Annaýew
adyndaky häzirki zaman obasyny we döwrebap innowasion taslama bolan Arkadag
şäherini öz içine alýan dünýä nusgalyk gurşaw emele geldi.
Döwlet
Baştutanymyz atçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmelidigine we ýokary
derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara
birnäçe anyk tabşyryklary berdi, şeýle hem täze athana toplumynyň açylyş
dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna gabatlanyp guralmagynyň
maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hepdäniň
beýleki wakalaryna geçmek bilen, Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde
Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň,
Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary
işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy
hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilendigini bellemek gerek. Forumyň çäklerinde
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler
ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygynyň we durnukly
ösüşiň möhüm ugurlaryny, şol sanda serhetleriň howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi,
daşky gurşawy goramak, ulag ulgamy boýunça meseleleri ara alyp
maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn
resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
«Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň gün tertibine
syýasy-diplomatik ugur boýunça, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
alty ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy girizildi.
Çykyşlarda altytaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna seljerme
berildi, bu ýurtlaryň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynda
gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine çemeleşmeleridir garaýyşlary beýan edildi.
Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly
geljegi kemala getirmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek
arkaly hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýylda utgaşykly özara gatnaşyklaryň esasy
mowzugy hökmünde kesgitlenendigi bellenildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny işläp
taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Bilim, ylym, medeniýet, sport
ulgamy şol strategiýanyň esasy düzüm bölekleri hökmünde görkezildi we birnäçe
anyk teklipler beýan edildi.
Forumyň
jemleri boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul
edildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň
Sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy.
Forumyň
çäklerinde «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň bäşinji
mejlisi, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň dördünji
mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş
telekeçileriniň işewürlik forumy geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň
möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, dürli ugurlarda işewürlik
gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. «Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde
«Berkarar» işewürlik merkezinde «Daewoo Engineering & Construction Co.Ltd»
kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
31-nji
oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Onuň
dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy
mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin
wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde milli demokratiýany we ýaşlar
baradaky döwlet syýasatyny ösdürmek, hukuk medeniýetini hem-de ylmy
kämilleşdirmek, bilim we sport ulgamlaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns
çekildi.
1-nji
noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp,
täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly
binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg
işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman
Arkadagymyza «Saglyk» seýilgähiniň şekil taslamasy, Gorjaw etrap häkimliginiň
edara binasynyň, muzeý binasynyň, saglyk öýüniň, awtotoplumyň we bellige alyş
nokadynyň, demir ýol menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, söwda we
hyzmat ediş toplumynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň,
«Arkadag» futbol toparynyň ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri
görkezildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek
desgalaryň ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulyp gurulmalydygyny,
şäheriň ekologik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda
häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesi işjeň
ulanylmalydyr.
Gahryman
Arkadagymyz iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
öňdebaryjy «Edison Teсhnologies», «Teamtechniсk», «Reifenhäuser» kompaniýalarynyň
ýurdumyzda saparda bolýan wekilleri bilen duşuşdy. Işewürler Arkadag şäherinde
lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga uly
gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar, şeýle hem degişli hünärmenleri
taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada aýtdylar.
3-nji
noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet
Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş
sapary boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Taraplar özara bähbitli
türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny we Türki Döwletleriň Guramasynyň giňişliginde
dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp
maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine aýratyn üns çekildi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy sammitde eden çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň
ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmegi,
Türkmenistanyň logistik mümkinçiliklerini ulanmagy, energetika pudagynda
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamagy teklip etdi we
medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.
Hepdäniň
beýleki wakalarynyň hatarynda Aşgabat şäherinde Hytaýyň Türkmenistandaky
Medeniýet ýylynyň dabaraly açylandygyny bellemek gerek. Iki dostlukly ýurduň
Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilen giň gerimli bu döredijilik çäresi
türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly
däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Özbegistan
Respublikasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri biziň
halklarymyzyň köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň,
sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklady. Giň
gerimli medeni çäräniň dowamynda sungat ussatlarynyň konserti boldy, türkmen we
özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi, iki ýurduň sazçylyk
ugurly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy guraldy, şeýle hem
türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly
däp-dessurlaryna, senetçiligine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.
Buhara
şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan önümhananyň açylyş
dabarasy çäräniň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu ýerde haly we haly önümleri,
haly dokalanda ulanylýan gurallaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.
Geçen
hepdede milli manadyň dolanyşyga girizilmegine 30 ýyl doldy. Bu mynasybetli
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda ylmy-amaly maslahat
geçirildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi babatda
Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda
bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum
syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Geçen
hepdäniň wakalary şulardan ybarat bolup, olar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly» şygary astynda geçýän ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
Watanymyzyň okgunly ösýändiginiň, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat
strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ýurdumyzy mundan
beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmaga gönükdirilen iri maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň
amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
tdh.gov