2025-nji ýylyň 7-nji
ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw
Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat
wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň
mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny, şeýle-de däp bolan dostlukly döwletara
dialoga ygrarlylyk baradaky sözlerini ýetirdi.
Döwlet
Baştutanymyz belarus Liderine mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan
edip, Stanislaw Çepurnoýy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen
gutlady. Belarusuň doly ygtyýarly wekiliniň öz wezipesini ýerine ýetirýän
döwründe ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn
ýardam etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz oňa işinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň
dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki
ýagdaýy hem-de geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen
baglylykda, ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn
görnüşde, halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde
işjeň gatnaşyk edýändikleri kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen bir
hatarda, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ylym-bilim, sport, medeniýet,
sungat ulgamlaryndaky ýakyn hyzmatdaşlygy iki ýurduň we olaryň halklarynyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Diplomat
döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we jogapkärli wezipäni ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw edendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, däp bolan türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
berkitmek hem-de iki dostlukly ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
*
* *
Onuň
Alyhezreti,
Türkmenistanyň
Prezidenti
jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň
Alyhezretiňiz!
Ýurtlarymyzyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men
jenap Stanislaw Çepurnoýy Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň
ýokary hünär we şahsy häsiýetleri öz borçlaryny Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna,
hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň
Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we
Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Size ähli beýan etjeklerine
ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Aleksandr
LUKAŞENKO,
Belarus
Respublikasynyň Prezidenti.
tdh.gov