Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz
berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan
wezipelerinden ugur alnyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ileri
tutulýan ugurlaryny hukuk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen täze kanun
taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde,
hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary
girizmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet gullukçylarynyň
hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjileri üçin guralan
önümçilik tejribe okuw sapagy barada aýdyldy.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara
guramalar bilen özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça gatnaşyklar
pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentarileriň BMG-niň
Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda geçirilen iş
duşuşygyna hem-de Ženewa Konwensiýalarynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna
bagyşlanan “Halkara ynsanperwer hukugyny ösdürmegiň we ornaşdyrmagyň wajyp
meseleleri” atly milli maglumat-amaly okuw maslahatyna gatnaşandyklary
bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl
üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp taýýarlanylan
meýilnamalarda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti
ilerletmek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek,
durmuş-ykdysady ösüşi, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, Döwlet býujetiniň üstünlikli
ýerine ýetirilmegini gazanmak, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, döwlet
emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak,
ulgama öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak hem-de kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny
ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça we
beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem wise-premýer “Türkmenistanda 2019 —
2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
sanly ulgama geçmek boýunça şu ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň
meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de sanly ykdysadyýeti mundan
beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini,
pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegiň, Döwlet býujetiniň üstünlikli
ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň iş meýilnamalaryny
makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat
berdi. Taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we
“Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek,
tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan
gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti
çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky
bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy
tarapyndan nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary
we ýerasty suwlary gözlemek hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak, ylmyň soňky
gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen
baglanyşykly işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, mawy
ýangyjyň gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz
känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen
Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýyl durmuşa geçirilmegi göz
öňünde tutulan iň möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup
durýandygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, pudagyň kärhanalarynyň
önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we
toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu
babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň
taslamalary barada hasabat berdi. Meýilnamalarda topluma degişli
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly işler, şol sanda oba hojalygyny we
weterinariýa işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba
hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige
ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek,
ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, suw hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini
netijeli peýdalanmak hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
meýilnamalarda pagta we ýüpek senagatyny ösdürmek, olary gaýtadan işlemekden
alynýan önümler bilen senagat kärhanalarymyzy üpjün etmek, galla senagatyny
ösdürmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, azyk senagatyny ösdürmek
hem-de azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek,
mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy ösdürmek, behişdi ahalteke
bedewleriniň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da
belende galdyrmak, şeýle hem topluma degişli ministrliklere we pudaklaýyn
dolandyryş edaralaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, olaryň işiniň
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de pudak boýunça
önümçiligiň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak bilen bagly
meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny
makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň
häkimliginiň iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu
meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän medeni-durmuş we
önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek, gurluşyklary
we milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün
etmek, ugurdaş täze döwrebap kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny
täzelemek, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa
senagaty pudagynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, önümleriň täze
görnüşlerini öndürmek, hereket edýän kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak,
awtomobil ýollaryny we köprüleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini gurmak
boýunça işleri dowam etdirmek, Aşgabat şäherinde bolsa medeni-durmuş we
önümçilik maksatly desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň we awtoýollaryň
gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk
gözegçilik etmegiň, senagat pudagynda gurluşyk önümleriniň öndürilişiniň
möçberini artdyrmagyň we pudaga sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň hem-de
kärhanalaryň doly güýjünde işlemeklerini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegiň
möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, gurluşyk we senagat
toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň iş meýilnamalaryny makullady hem-de
bu ugurda degişli işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalarda ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt
bolçulygyny hem-de bahalaryň durnuklylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, söwda
ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, dokma senagatynyň
önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak, hususy pudagyň milli
ykdysadyýetimizdäki ornuny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda
toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň, içerki bazarlarda
halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmegiň, sanly ykdysadyýeti we
elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dokma senagatynyň kärhanalarynyň
önümçilik kuwwatlyklaryny doly hem-de netijeli ulanmagyň zerurdygyny belläp,
söwda toplumynyň iş meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu babatda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň
taslamalary barada hasabat berdi. Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik
bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni
mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde
alnyp barylýan degişli işleri dowam etdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, muzeýleriň we kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw
mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, täze tehnologiýalary önümçilige
ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmak
boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan
we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri
ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek, Oguz han adyndaky
“Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurdumyzda
gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden
şöhlelendirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
halkara medeni hyzmatdaşlygy we syýahatçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işleri yzygiderli üns merkezinde saklamagyň, medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de
taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyna
ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çärelere
gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, medeniýet ulgamynyň iş
meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlanan iş
meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu meýilnamalarda
ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim
ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri
dowam etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş
edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullarynydyr
sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa
hereketini ösdürmek, ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty
ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamlaryna çekmek
bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp
barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ýeten
belent sepgitlerini, halkara abraýyny, ösüşlerini, milli medeni mirasymyzy
wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mundan
beýläk hem ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmäge aýratyn ähmiýet bermegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini
kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn
işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ylym,
bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň iş
meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket
etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň
taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugurda halkara
guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, adam hukuklaryny
hemmetaraplaýyn goramak we olara bolan häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmek
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu
maksat bilen ýurdumyzda adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda kanunçylygyň berk
binýady kemala getirildi. Munuň özi bu ugurda degişli işleri yzygiderli alyp
barmaga ygtybarly hukuk esasyny döredýär. Türkmenistan bu ugurda halkara
tagallalara anyk goşant goşýar. Ýurdumyzda adam söwdasyna garşy hereket etmek
boýunça 2016 — 2018-nji we 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli
meýilnamalary yzygiderli amala aşyryldy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň goldawy
bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça
pudagara topar döredildi. Häzirki wagtda agzalan toparyň utgaşdyrmagynda
Halkara Migrasiýa Guramasy hem-de BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky
müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek
boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy
işlenip taýýarlanyldy. Bu Meýilnama 5 bapdan ybarat bolup, olarda durmuşa
geçirilmegi meýilleşdirilýän maksatnamalaýyn çäreler, olary ýerine ýetirmegiň
möhletleri, degişli görkezijiler we jogapkär döwlet edaralary kesgitlenildi.
Şeýle hem bu ugurda abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige
esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, Garaşsyz Watanymyzda adam
hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn
işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Adam söwdasy dünýäde örän wajyp
hem-de ýiti meseleleriň biridir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz adam söwdasyna
garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça dünýä bileleşigi bilen utgaşykly
işleri alyp barmaly. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen,
Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy
ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny makullady hem-de wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
ulgamynyň düzüm birlikleriniň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalara laýyklykda, 2025-nji
ýylda döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, deňiz gämileriniň,
häzirki zaman önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň dowam
etdirilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de
pugtalandyrylmagy meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli
ulag-kommunikasiýalar toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin
degişli işleri alyp barmagyň, ulag üpjünçilik ulgamlaryny doly güýjünde
işletmek üçin zerur işleri dowam etdirmegiň, bu ugurda toplumyň işine sanly
ulgamy ornaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermegiň
zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ulag we kommunikasiýalar toplumynyň
iş meýilnamalaryny makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilendigini we şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu
şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde halkara çäreleri
geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, göz öňünde tutulýan halkara çäreleri
ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli Permana gol
çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk
döwlet topary döredildi.
Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşyna degişli
birnäçe beýleki meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov