26.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu merkez diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň tehnologiýalaryny özünde jemläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge goşant goşar.
Ir bilen hormatly
Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän Stomatologiýa merkezine
geldi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow
döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň
maslahatlaryndan ugur alyp, Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Ol öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde
merkeziň gurluşy, onuň gurluşygynda ulanylan dürli serişdeler, şol sanda bezeg
işleri, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary barada
giňişleýin maglumat berdi.
Mälim bolşy ýaly, merkeziň
gurluşyk işlerine Milli Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi. Häzirki wagtda
bu ýerde gurluşyklar tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Täze Stomatologiýa
merkezi islendik ýaşdaky raýatlara stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa
lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda lukmançylyk işlerini
dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak
meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda bu ýerde
Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk
enjamlary oturdyldy. Şeýle hem merkezde işlejek ökde hünärmenleri seçip-saýlap
almak işleri alnyp barylýar. Merkez maddy-tehniki binýady, häzirki zaman
anyklaýyş mümkinçilikleri bilen tapawutlanyp, stomatologik, bedeniň äň-ýüz
böleginiň kesellerini, şikeslerini anyklamak, öňüni almak we döwrebap bejermek
üçin niýetlenendir. Merkez dolandyryş ulgamyndan, ýatymlaýyn we gatnawly
kliniki bölümlerden, hojalyk-tehniki, elektron barlaghana toplumlaryndan ybarat
bolup, ýüz tutýan raýatlaryň elektron resminama dolanyşygy arkaly sanly
maglumatlary ýöredilip, ol ýöriteleşdirilen monitoring maksatnamalary arkaly
dolandyrylar.
Hasabatyň dowamynda dünýäniň
öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň
bölümleri barada durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde kabul ediş
otaglary, şol sanda gaýragoýulmasyz kabul ediş bölümi bolup, operasiýa,
gije-gündiz işleýän stomatologiýa bejeriş otaglary bilen üpjün edilendir.
Şeýle-de şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, kliniki barlaghana, funksional
anyklaýyş, birnäçe operasiýa otagly operasiýa we sterilizasiýa,
anesteziologiýa, reanimasiýa, fizioterapiýa bölümleri, dermanhana otaglary bar.
Döwrebap enjamlar toplumy emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan
seljerme geçirip, äň-ýüz böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde,
rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri
gazanmaga mümkinçilik berer.
Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministri M.Gaýypow şeýle döwrebap tehnologiýaly täze Stomatologiýa
merkezini gurduryp berendigi hem-de merkezde sanly ulgama esaslanýan innowasion
mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz şanly
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň gününiň ýakynlaşyp gelýändigini aýdyp,
Stomatologiýa merkezini olaryň hünär baýramçylygy mynasybetli açyp ulanmaga
bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz desganyň daş-töwereginiň gök zolaklar bilen gurşalyp alynmagynyň
zerurdygyny nygtady. Munuň özi ekologik nukdaýnazardan örän wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz täze
desgada oturdylan döwrebap enjamlaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmat etmegini
gazanmak üçin enjamlar ulanylanda, olardan ussatlyk bilen baş alyp çykýan
hünärmenleriň bolmalydygyny tabşyrdy. “Hünärmenler her bir enjamyň
mümkinçiliklerinden doly peýdalanmalydyrlar” diýip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz belledi. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz merkezi ýokary bilimli hünärmenler
bilen üpjün etmek üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersiteti bilen utgaşykly işlemelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz her bir
enjamyň emeli aňyň mümkinçiliklerini halka hödürlemelidigini aýdyp, sanly ulgam
arkaly keseli dessin anyklamak mümkinçiliginden peýdalanmagy tabşyrdy.
“Merkeziň bir wagtyň özünde birnäçe adamy kabul edip bilýändiginden ugur alyp,
ýüz tutjak raýatlaryň tiz kabul edilmegini gazanmak zerurdyr. Şunda lukmanlaryň
maslahat beriş ukyby hem ýokary derejede bolmalydyr” diýip, hormatly
Prezidentimiz nygtady.
Soňra Arkadagly Gahryman
Serdarymyz merkeziň bölümlerine aýlanyp, anyklaýyş bölüminiň mümkinçilikleri,
bu ýerde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy. Dünýäniň öňdebaryjy
öndürijileri tarapyndan öndürilen häzirki zaman tehnologik enjamlary arkaly bu
ýerde keselleri tiz we takyk anyklap bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz enjamlaryň her biriniň aýratynlyklaryndan netijeli peýdalanmagy
tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
bejeriş bölümine bardy. Bu ýerde ähli işler multimedialaşdyrylan kompýuterler
arkaly dolandyrylýar. Döredilen şertler operasiýa wagty monitorlaryň üsti bilen
beýleki degişli bölümler bilen onlaýn usulda habarlaşyp iş alyp barmaga
mümkinçilik berýär. Ýüz tutan raýatyň keseli baradaky maglumatlar dessin göni
alşylýar. Başga bir monitor bolsa otagyň howasynyň kadaly derejede saklanmagyny
awtomatik usulda sazlaýar. Şeýle hem monitorlar arkaly näsag baradaky ähli
maglumatlar elýeterli bolýar. Sanly ulgamda işleýän stomatologik mikroskoplar
we ulgamlar dişleriň tebigy durkunyň, kökleriniň bozulmalaryny häzirki zaman
usullarynda bejermekde hem-de gaýraüzülmeleriň öňüni almakda giňden ulanylýar.
Ulgamyň döwrebap stomatologik gurnamalar bilen arabaglanyşykda bolmagy
bejerginiň netijeliliginiň ýokary bolmagyny üpjün eder.
Stomatologiýa merkezinde
ornaşdyrylan, özünde innowasion sanly ulgamlary we emeli aň tehnologiýalaryny
jemleýän lukmançylyk enjamlary arkaly çagalarda, uly ýaşly näsaglarda agyrylary
howpsuz aýyrmak, dişleri sogurmak, petiklemek, agyz boşlugynyň, kentlewügiň
kesellerini irki döwürde anyklamak, öz wagtynda netijeli bejermek, emeli diş
goýmak, implantlary ornaşdyrmak, diş hatarlaryny göneltmek, bedeniň äň-ýüz
böleginde ýüze çykyp biljek dürli agyrylary irki döwürde takyk anyklamak we
dikeldiş hirurgiki bejergileri amala aşyrmak, diş protezleriniň reňklerini
näsagyň öz dişlerine mahsus bolan tebigy reňkine gabatlap, gysga wagtda
taýýarlamak hem-de oturtmak boýunça lukmançylyk amallaryny gysga wagtyň
dowamynda, ýokary hil derejesinde amala aşyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz bu
ýerde döredilen tehnologik mümkinçilikleri emeli aňyň üsti bilen oýlanyşykly,
dogry we dürs ulanmagy tabşyrdy. Şunda ýörite monitorlar arkaly ýurdumyzyň
beýleki saglygy goraýyş edaralaryndaky maglumatlar, şeýle hem daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygyň üpjün edilmegi möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz ýatymlaýyn
otagda döredilen mümkinçilikler bilen hem tanyşdy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz näsagyň bejergi almagy bilen baglylykda, operasiýadan öň we soň
özüni örän oňaýly hem-de rahat duýmagynyň wajypdygy barada aýdyp, birnäçe
tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
implantologiýa bölümine-de baryp gördi. Bölümdäki bejeriş otaglarynda
ornaşdyrylan häzirki zaman sanly tehnologiýalary, 3D skanerli ulgamlardaky
emeli aňyň esasy aýratynlyklary uly göwrümli maglumatlara gysga wagtda seljerme
geçirip, näsagyň äňinde goýuljak implantlaryň ýerleşişi, burçlary, biri-birine
bolan aralygy ýokary derejede takyk ölçemäge mümkinçilik berip, ýerine
ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar. 3D skaner enjamlary sanly ulgamda
işleýän ýokary çözgütli we takyk şekilleri almaga niýetlenendir.
Sanly ulgam arkaly
dolandyrylýan diş tehnikleriniň barlaghanasy 45 tehnige niýetlenip,
intellektual dolandyrylýan döwrebap kompýuter goldawly taslama we önümçilik
(CAD/CAM) toplumlary, awtomatik 3D nusgalary çap ediş hem-de arassalama
enjamlary bilen üpjün edilendir. Onuň esasy aýratynlygy toplumlarda “akylly”
emeli aň ulgamynyň bolmagy bilen, garaşylmaýan ýalňyşlyklary aradan aýyrmakdan
we takyklygy üpjün etmekden, taslamalary sanly, awtomatlaşdyrylan görnüşde
amala aşyrmakdan, ýokary hilli serişdeleri giňden ulanmakdan; implantyň üstüne
berkidilýän çylşyrymly protezleri gysga möhletde taýýarlamakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz bölümiň aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ýerde oturdylan
kämil enjamlaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz merkez
bilen tanyşlygyny tamamlap, bu desgany Saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede
taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berdi. “Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35
ýyllygynyň bellenilýän ýylynda şeýle döwrebap lukmançylyk desgasynyň açylyp
ulanmaga berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge
uly goşant bolar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz desgany
öz wagtynda hem-de ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek üçin öňde durýan
işlere örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy we bu ýerden
ugrady.
tdh.gov