19.08.2026
Hormatly halkara
sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO: ähli
zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn.
Ata Watanymyzda ýokary
hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, iň kämil
tilsimatlardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji nobatdaky
wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Kabul edilen maksatnamalaryň esasynda
ýurdumyzda ýaş raýatlaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi, olaryň döwrebap
bilim almagy, döredijilikli işlemegi, bilim-başarnyklaryny ösdürmegi üçin ähli
zerur şertler döredilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent
maksatlaryň hasyl bolýan mekanynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda
durmuşymyzyň gül-gunçalary hasaplanýan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn
üns-alada bilen gurşalýar. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara
sergi-ýarmarkanyň asylly däbe öwrülip, Diýarymyzda her ýyl giň gerimde
guralmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň
we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan
kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini
we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny
görkezmäge mümkinçilik döreder.
Häzirki döwrüň bilim ulgamy
sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwrülip,
ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýar. Ol diňe
bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we
döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar.
Munuň şeýledigine şu gün dabaraly açylyp, öz işine başlaýan «Kids EXPO: ähli
zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň mysalynda-da doly göz ýetirmek
bolýar.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Türkmenistan çagalyk,
ýetginjeklik döwrüni adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär hem-de
çagalary jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik
işjeňligini ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk
duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şu
günki açylýan halkara sergi-ýarmarkada hem çagalaryň aň taýdan ösüşine,
döredijiligiň, aýdym-sazyň, sungatyň, sportuň olaryň durmuşyndaky ähmiýetine
bagyşlanan bölümleriň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýurdumyzda
emele getirilen sagdyn, abadan durmuş gurşawy çagalaryň beden we ruhy taýdan
kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerine, olaryň ukyp-başarnyklaryny,
köptaraply zehinini ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge şert döredýär. «Kids EXPO:
ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka şol köptaraply
mümkinçilikleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen birlikde, özboluşly
bäsleşikleriň, gyzykly ýaryşlaryň guralýan ýerine, ene-atalar we çagalar üçin
baýramçylyk çäresine öwrüler.
Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Kids EXPO: ähli zat
çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de
bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp
barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Serdar
BERDIMUHAMEDOW.