Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň
agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de
2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede
geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen
guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk
Maslahaty başlyklyk edýär.
Gahryman
Arkadagymyz, ilki bilen, mejlise gatnaşyjylary täze ýyla gadam basylmagy bilen
gutlap, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde
üstünlikleri, 2025-nji ýylyň ýurdumyz üçin ösüşlere we rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde duran wezipeleri ara
alyp maslahatlaşmak barada karara gelendigini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy
Türkmenistanyň halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy bolmak bilen, parahatçylyk
söýüji, oňyn daşary syýasaty alyp barýandygyny, Türkmenistanyň başlangyjy
esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji
ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan
kabul edilendigini belledi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy,
durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Ministrler
Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýylyň ahyrynda geçirilen
giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň şygary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edildi. Milli Liderimiz bu ýylda Garaşsyz ýurdumyzda
hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljakdygyny,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy
mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleriň
geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. “Ýakynda gol çekilen Permanyň
esasynda bu ugurda döredilen guramaçylyk döwlet toparyna Türkmenistanyň Halk
Maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Biz bu baýramçylyk dabaralaryny we halkara
çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalary ederis. Ýurdumyzyň
asuda, abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen asylly işlere mynasyp goşant
goşarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we şol çäreleri ýokary
derejede geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine ünsi çekdi.
Gahryman
Arkadagymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, geçiriljek çäreler bilen
bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda
wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy hem-de Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy
bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik
nyşanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer H.Geldimyradowa öňde
boljak çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala
aşyrylmagyny üpjün etmegi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanowa bolsa ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek çäreleriň guramaçylyk
meselelerine zerur bolan ýardamy bermegi tabşyrdy.
Soňra
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýüzlenip, ýubileý ýyly mynasybetli
baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatly harytlar, milli tagamlar bilen
bagly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz çäreleriň
geçirilýän döwründe dürli görnüşli, ýokary hilli azyk harytlary, şol sanda
çörek we çörek önümleri, gök-bakja önümleri, dürli miweli içgiler, suwlar bilen
üpjünçiligi üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen
birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri azyk önümleriniň gaplarynyň bezegine-de
aýratyn üns bermegi, olarda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň gelşikli
ýerleşdirilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de
wise-premýere ýurdumyzy, aýratyn-da, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek
bilen, arassaçylygy, abadançylygy üpjün etmegi tabşyrdy.
Gahryman
Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän
orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, çäreleriň geçirilýän günlerinde
paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly
şertleriň döredilmegini, bu möhüm senä taýýarlyk görmek bilen bagly Aşgabadyň
abadanlaşdyrylmagyny, ýylyň şygary bilen baglanyşykly bezeg işleriniň
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Halk
Maslahatynyň Başlygy şanly sene mynasybetli sowgatlyk harytlar baradaky meselä
geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary N.Atagulyýewe Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlaryny
açyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik
harytlaryň söwdasynyň ýokary hilli guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de
hormatly Arkadagymyz dokma kärhanalarynyň şanly sene bilen bagly sowgatlyk
önümleri öndürmelidiklerini aýtdy, wise-premýere geçiriljek çärelere bagyşlanan
sergileri ýokary derejede taýýarlamak üçin zerur bolan ýardamy bermegi, halkara
çärelere gatnaşyjylaryň hormatyna beriljek günortanlyk we agşamlyk naharlaryny
ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet
ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Mämmedowa ýüzlenip, medeniýet edaralary
tarapyndan ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek medeni-köpçülikleýin,
baýramçylyk çäreleriniň, teatr sahnalarynyň ýokary derejede guralmagyny, şanly
senä bagyşlanan maslahatlarda medeniýet bilen bagly ähli meselelere
seredilmegini, çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary
derejede beýan edilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa geçiriljek çäreler
bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak boýunça degişli teklipleri
taýýarlamagy, ýokary okuw mekdeplerinde şanly senä degişli okuw sapaklaryny
yzygiderli guramagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, halkara çäreleriň
geçirilýän hem-de myhmanlaryň bolýan ýerlerinde sanitariýa we arassaçylyk
kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň
zerurdygyna üns çekildi.
Milli
Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredowa ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, bu halkara çäreleri hem ýokary
derejede, guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz wise-premýer, daşary
işler ministrine halkara çäreler bilen ugurdaş çäreleri guramaçylykly,
many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagy,
olaryň protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak wezipesini ýerine
ýetirmegi tabşyrdy.
Halk
Maslahatynyň Başlygy wise-premýer, daşary işler ministrine Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde halkara çäreleriň
maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi hem-de
olara gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny
anyklamak bilen bagly degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Gahryman
Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, degişli Permana laýyklykda
wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň guramaçylyk döwlet toparynyň
başlygynyň orunbasary bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda,
toparyň agzalaryna göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmek üçin ähli meseleleri R.Meredowyň üsti bilen utgaşdyrmagy tabşyrdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri halkara çäreler bilen bagly ulag-aragatnaşyk meselelerine
ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa
gatnawlary bilen getirmek, alyp gitmek, garşy almak we ugratmak işlerini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz
ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlaryny guramagyň, ýokary derejedäki
resmi wekiliýet agzalaryny awtoulaglar bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly
Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň daşary
syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini, bu ugurda ýurdumyzda
halkara derejede netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy
mynasybetli geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly
däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp
ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris”
diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de Diýarymyzda Birleşen Milletler Guramasy
bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreleriň dünýäde parahatçylygy we
ynanyşmagy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşmak
babatda möhüm waka boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Gahryman
Arkadagymyz şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp
maslahatlaşylandygyny belledi we öňde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi
çekdi. “Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin bizde ähli mümkinçilikler
bar. Şoňa görä-de, biziň her birimiz öz borjumyza örän jogapkärli garap, bu
çäreleri ýokary derejede geçirmelidiris. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara
abraýyny öňküden-de ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur çäreleri görmelidiris”
diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri,
guramaçylyk döwlet toparynyň utgaşdyryjysy R.Meredow çykyş etdi. Ol türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy
Gahryman Arkadagymyzyň şu gün geçirýän döwletli maslahatynyň ähmiýetini
nygtady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna
laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli
çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.
Gahryman Arkadagymyz toparyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, olary
üstünlikli durmuşa geçirmek babatda gymmatly öwüt-nesihatlaryny, maslahatlaryny
berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri şanly
seneler mynasybetli halkara çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak, olaryň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň
ediljekdigine ynandyrdy.
Gahryman
Arkadagymyz geçiriljek halkara çäreler bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylaryň
hersine öz gözegçilik edýän ulgamlary boýunça BMG-niň degişli düzüm birlikleri
bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi tabşyrdy.
Häzirki
wagtda ýurdumyz parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk eýerip, BMG-niň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär we bu iri halkara
guramanyň umumadamzat ähmiýetli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady
bilen, ýakyn günlerde guramaçylyk döwlet toparynyň agzalary saparda bolarlar.
Şeýle hem Milli Liderimiz toparyň agzalaryna bilelikde Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýuny ýokary
derejede geçirmek boýunça konsepsiýany taýýarlamagy tabşyrdy hem-de öňde durýan
wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip
yglan edilmegi hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mejlisi
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov