Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň
gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol döwrüň talaplaryna
laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda
Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen
kadalaryndan gelip çykýan esasy düzgünleri göz öňünde tutup, raýat-hukuk
gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň
täze beýanynyň taslamasyny hem-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda»
Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet
edaralarynyň işini kämilleşdirmek, administratiw önümçiliginiň kadalary bilen
baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kodekslere we beýleki
kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak
babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistiki hasabatlylygy Milli
hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak boýunça
ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär hem-de
bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” statistika ulgamyny Milli
hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak göz öňünde
tutulandyr. Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine geçmegiň
çäklerinde birnäçe döwlet klassifikatorlary, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş
işi, ylym, syýahatçylyk bilen bagly hem-de esasy serişdeleriň sarp edilişini
hasaplamagyň täze usulyýetleri işlenip taýýarlanyldy we statistika işine
ornaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu
babatda degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň statistika ulgamynyň döwrüň talabyna
laýyklykda kämilleşdirilýändigini hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary
bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi we statistika ulgamyny Milli
hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi esasynda alyp barmak baradaky
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow gözegçilik edýän toplumynda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet
konserniniň nebitli guýularynda nebit çykarmakda ulanylýan desgalaryň durkuny
täzelemek we täzelerini gurmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen
bir hatarda, önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek,
önümçilige döwrebap usullary, tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen,
nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli
işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini
artdyrmaga hem-de desgalary döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini,
häzirki zaman usullarynyň we tehnologiýalaryň önümçilige giňden
ornaşdyrylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil
çekmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny hem-de pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça
tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam
etdirilýär. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde häzirki wagtda bu ekinleriň tohumlaryny, ekiljek meýdanlaryny
möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem
wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hem-de melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň we
onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi. Gowaça ekiljek meýdanlarda degişli
agrotehniki işleri geçirmegi dowam etdirmek, oba hojalyk tehnikalaryny we
gurallaryny abatlap, ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak, tohumlyk pagtany
gaýtadan işlemek, tohumlary gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak işlerini üns
merkezinde saklamak, bugdaý ekilen meýdanlarda hem ideg işlerini dowam
etdirmek, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň
melioratiw ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak işlerini alyp barmak zerurdyr
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň
welaýatlarynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryňdyr desgalaryň meýilnamasyny
taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen
maksatnamalaryň çäklerinde her ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
binalaryň we desgalaryň sanawyny tassyklamak asylly däpleriň birine öwrüldi.
Häzirki
wagtda ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamalaryna,
kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, iri önümçilik, durmuş
maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklary dowam edýär. Şunuň bilen
baglylykda, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli
ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde, şu ýylda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň
we desgalaryň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Şu ýyl
ýurdumyzyň dürli künjeklerinde binalaryňdyr desgalaryň açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň
obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap obalar we şäherçeler bar.
Şeýle hem Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan we Türkmenistanyň Prezidentiniň
degişli Kararlary esasynda gurulýan iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly
binalary hem-de desgalary açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Diýarymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini
belledi we wise-premýere şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr
desgalaryň öz wagtynda talabalaýyk gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatyna
degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň dolandyryş ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli pagta egirme we nah ýüplük egriji
fabrikleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagaty pudagynyň önümçiligini
döwrüň talabyna görä ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we
dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň muzeý gaznalaryndaky
gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, täze taryhy döwürde milli medeniýetimiziň düýpli öwrenilmegi, aýawly
saklanylmagy we geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda zerur işler durmuşa
geçirilýär. Häzirki wagtda Medeniýet ministrliginiň garamagynda 37 sany muzeý
hereket edip, olaryň gaznasynda 367 müňden gowrak muzeý gymmatlygy bar. Şunuň
bilen baglylykda, muzeýleriň muzeý gaznasynyň sanyny artdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri has-da guramaçylykly ýola goýmak maksady bilen, muzeý
gymmatlyklaryny toplamak boýunça şu ýylda hem hünärmenleriň ýerlere iş
saparlaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap
saklamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýlere uly ornuň degişlidigini
belledi we wise-premýere ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň işini yzygiderli
kämilleşdirmek, milli mirasymyzy halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Aşgabat şäherinde mekdep
okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek boýunça
alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Häzirki
wagtda ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaş nesliň
tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ylma, döredijilige höwesini artdyrmak
boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga
möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň «Ýokary hilli
bilim» maksadyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýola goýulýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň aprelinde mekdep okuwçylarynyň arasynda
II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini
habar berdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bir hatarda,
daşary ýurtlaryň umumybilim berýän mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem
gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli
durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda
matematika dersi boýunça II Halkara olimpiadany geçirmek baradaky teklibi
goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu resminama “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 —
2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy”, hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň
9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren
tabşyryklary, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip
yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet
toparyny döretmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permany, şeýle hem
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen
guramaçylyk döwlet toparynyň birinji mejlisinde kesgitlenen wezipeler esasynda
taýýarlanyldy. Iş meýilnamasy 10 bapdan ybaratdyr. Hususan-da, resminamanyň «Guramaçylyk
meseleleri» atly babynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň kabul eden
resminamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň diplomatik gullugy
tarapyndan durmuşa geçiriljek işler barada bellenilýär. Şeýle hem dürli halkara
maslahatlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda
ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, öňe sürjek täze tekliplerini taýýarlamak
barada hem nygtalýar. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň
teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalary
durmuşa geçirmek bilen bagly işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Iş
meýilnamasynyň taslamasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik
wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işiniň esasy ugurlary barada-da
aýdylýar.
Meýilnamanyň
«Türkmenistanyň daşary syýasy hyzmatdaşlygy» atly babynda döwletimiziň Ýewropa,
Orta Gündogar, Ýakyn Gündogar we Afrika, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti, Amerika
ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler beýan
edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn saparlary, syýasy geňeşmeleri we
duşuşyklary, özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça beýleki çäreleri
guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, meýilnama «Halkara guramalar
bilen hyzmatdaşlyk», «Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa» ýaly
ugurlary öz içine alýar. Onuň «Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk» atly baby
Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda döredilen hökümetara toparlaryň
işlerini has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerine
bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary,
kompaniýalary we banklary, halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen
gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. «Hukuk
meseleleri» baby Türkmenistan tarapyndan baglaşylmagy göz öňünde tutulýan
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak
meselelerine bagyşlanýar. Şeýle hem ol konsullyk işine, maglumat-kommunikasiýa
tehnologiýalaryny ulanmak, protokol we beýleki meselelere degişli baplary öz
içine alýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga
gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz geljekde-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa
geçirilip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini,
«Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini nygtady we Daşary işler
ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri, hususan-da, «Türkmenawtoulaglary»
agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak,
ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek, şäheriçi awtobus
ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň
çäklerinde döwrebaplaşdyrylan şäheriçi awtobuslaryny satyn almak, olary
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli şu
ýylda ýurdumyza getirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçy gatnawyny yzygiderli
kämilleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we ýolagçylary
gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini
has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap awtobuslary satyn almak hakynda
Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi hem-de
bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda
ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. “Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen gurlan Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň kuwwatly binýadyny görkezýär.
Döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly
şertler döredildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Arkadag şäheriniň
binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, senagat taýdan kuwwatly
şähere öwürmek maksady bilen, «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny
gurmak hakynda», «Arkadag şäheriniň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny
gurmak hakynda», «Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen
halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov