PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Ilçisi Malaýziýanyň aragatnaşyk we multimediýa Komissiýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

25.01.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Diniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Ilçi ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Din, öz gezeginde KHBS-iň ugry boýunça gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berjekdigi barada nygtady.

mfa.gov


Bulary hem okaň