2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag
şäheri Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde geçirilen akylly şäherleriň
«World Smart City Expo 2024» sergisinde üç sylag bilen sylaglandy.
Sergide dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we
daşary ýurt şäherleri, şeýle hem kompaniýalary ýokary sylaglara eýe boldular.
Arkadag akylly şäheriniň çärede ilkinji sylaglanan gatnaşyjy bolandygy
bellärliklidir.
Türkmen tarapyna aşakdaky sylaglar – Diňe Arkadag
şäherine gowşurylan «akylly şäher» ulgamyndaky belent üstünlikler üçin (Smart
City Excellence Award) sylag, şeýle hem «Daşary ýurt «akylly şäheri» (Foreign
city award) we «World Smart City Expo 2024» Bütindünýä «akylly şäherleriň»
sergisine goşan goşandy üçin» ýaly ugurlardaky sylaglar gowşuryldy.
Sylag gowşurylyş dabarasynda türkmen
wekiliýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow minnetdarlyk sözi bilen
çykyş etdi.
D.Orazow koreý tarapynyň Bütindünýä sergisini
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirendigini, «World Smart City Expo 2024»
sergisinde hödürlenen akylly şäher tehnologiýalarynyň we ulgamlarynyň häzirki
zaman standartlaryna laýyk gelýän iň ösen çemeleşmeleri şöhlelendirýändigini
belledi.
Bu babatda, akylly şäherleriň sergisine
gatnaşan Arkadag şäheriniň üstünlikleri ýokary baha mynasyp boldy. Gowşurylan
sylaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen wekiliýetiniň başlygy olaryň
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda milli şähergurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleriň
ykrarnamasy bolandygyny aýtdy.
Koreýa Respublikasynyň sebitlerinden başga-da,
«2024 World Smart City Expo 2024» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň, Hytaý
Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Taýland Patyşalygynyň, Wýetnam
Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň, Ysraýyl
döwletiniň we, şol sanda ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşandygyny
bellemelidiris.
60-dan gowrak ýurduň wekilleriniň, şol sanda
ministrleriň we häkimleriň gatnaşmagynda geçirilen sergide jemi 116 pawilýon
görkezildi.
mfa.gov