2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda
Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid
Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary
Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk
geçirildi.
Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen
TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we
gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýyl türki dilli
dünýäde Türkmenistan üçin ähmiýetli ýyl bolup durýar, çünki üstümizdäki ýyl
TÜRKSOÝ tarapyndan Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň we akyldarynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we
akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Änew şäheri Türki dünýäsiniň medeni
paýtagty diýlip yglan edildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar beýik akyldar şahyr
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni
ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki
çäreleriň guralyşy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan
bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasyny
gorap saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň
netijeli häsiýetini nygtadylar.
mfa.gov