Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň bagtyýar körpeleri!
Mähriban çagalar!
Sizi
beýik
baýramymyz
bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn
asyry» atly
bäsleşigiň çäklerinde
guralýan
Türkmenistanyň
zehinli çagalarynyň
«Garaşsyzlygyň
merjen däneleri» atly döredijilik
bäsleşiginiň döwlet derejesindäki
jemleýji
tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş ýyldyzlary bolan siziň Berkarar
döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy
döwründe gazanylýan
belent sepgitleri we ýeňişleri, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi,
bagtyýarlygy
wasp edýän, ýüreklerimize ylham, kalbymyza
joşgun
berýän
ajaýyp
sungat eserleriňiz — hoş owazly
aýdymlaryňyz, şirin
sazlaryňyz
elmydama belentden ýaňlanyp dursun!
Eziz körpeler!
Biziň Watanymyz aýdym-saz sungatynyň dörän iň
gadymy ojaklarynyň biridir. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň
baýlaşmagyndaky we jahana ýaýramagyndaky orny, senetçilige, ussaçylyga,
külalçylyga, zergärçilige, halyçylyga, binagärlige, seýisçilige, aýratyn-da,
aýdym we saz sungatynyň kämilleşmegine goşan goşandy çäksizdir. Asyrlaryň
dowamynda ussat bagşy-sazandalarymyzdyr ozanlarymyzyň zehini hem-de ylhamy
bilen türkmen dutarynyň, gyjagynyň, gargy tüýdüginiň, gopuzynyň mylaýym
owazyndan kalplary lerzana getirýän şirin mukamlardyr aýdymlar, bu gymmatly
senediň dürli-dürli ugurlary hem-de mekdepleri döredilipdir. Garadäli Gökleň,
Kel bagşy, Şükür bagşy, Weýran bagşy, Amangeldi Gönübek, Nobat bagşy, Sahy
bagşy, Pälwan bagşy, Magtymguly Garly, Gurt Ýakubow, Juma Wellekow ýaly türkmen
saz sungatynyň ägirtleri şabram şelpeli, şirin nagmaly aýdym-sazlary arkaly
parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, jebisligi ündäp, watansöýüji we ynsanperwer
nesilleri terbiýeläpdirler.
«Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi»
aýdym we tans dessurynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we
bagşyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegi hem biziň milli aýdym-saz sungatymyzyň dünýä medeniýetinde
tutýan ornunyň örän beýikdigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Mähriban çagalar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe siziň durmuşyňyzyň bagtyýar bolmagyny, watansöýüjiligiň,
zähmetsöýerligiň, mähriban ýurdumyza we eziz halkymyza wepalylygyň belent
ruhunda terbiýelenmegiňizi, döwrebap bilim almagyňyzy üpjün etmek ugrunda örän
möhüm işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda dünýä
ölçeglerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze mekdepler,
çagalar baglary, medeni-dynç alyş, sport maksatly desgalar depginli gurlup,
ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk
edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
Siziň juwan kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp
sungat eserleriňizde eziz Watanymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de Bitaraplygymyz,
berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, beýik döwrümiz, gözel tebigatymyz, milli
ýörelgelerimiz joşgunly wasp edilýär, ýüreklerimize egsilmez şatlyk, joşgun
paýlaýar, belent maksatlara tarap barýan ýolumyzda bizi mäkäm jebisleşdirýär.
Dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz
galdyran halkyň nesilleri hökmünde siz ata-babalarymyzyň öwüt-nesihatlaryna,
ynsanperwer ýörelgelerine pugta eýerip, milli medeniýetimize, aýdym-saz
sungatymyza bolan söýgiňiz, buýsanjyňyz bilen dostlugy, ynsanperwerligi,
bagtyýarlygy has-da yhlasly wasp etmelisiňiz.
Bagtyýar körpeler!
Mähriban çagalar!
Sizi ýurdumyzyň milli baýramyna — Garaşsyzlyk
gününe bagyşlanyp geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri»
bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, çaga kalbyňyzda beslän
päk arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň
abraý-mertebesini has-da belende götermegiňizi arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov