2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
döwrebap binasynda Ýaponiýanyň «GRANSOL INC» kompaniýasynyň wekilleri bilen
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň hem-de Edaranyň
agzalarynyň arasynda duşuşyk guraldy. Däp bolşy ýaly, iki tarapyň wekilleriniň
birek-birek bilen tanyşdyrylyşy tamamlanandan soňra, Ýaponiýanyň «GRANSOL INC» kompaniýasynyň wekilleri öz alyp barýan işleri
barada giňişleýin gürrüň berdiler. Esasan, hukuk we telekeçilik goldawyny
bermek, işewürleriň özara arabaglanyşygyny guramak we Ýaponiýanyň
kompaniýalaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürligi bilen tanyşdyrmak, olaryň
arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýardam etmek ýaly ugurlar
boýunça öz hyzmatlaryny hödürlediler.
Türkmen işewürligi, kompaniýalary we
telekeçileri hakynda maglumatlary almak we geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak
maksadyndan ugur alan ýaponiýaly işewürler bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalary bilen myhmanlaryň arasynda öz
alyp barýan işleri hakynda pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.