Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

Katar döwletiniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Söwda öýi» kärhanasynyň müdiri Serdar Kepbanow bilen Katar döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň (Qatar Chamber) Dolandyryş we maliýe meseleleri boýunça müdiri Hussian Ýusuf Al Abdulgani Katar döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň ştab-kwartirasynda  duşuşygy guraldy.

Katar döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň web sahypasynda gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda we senagat ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, iki ýurduň telekeçilerini bileleşik we hyzmatdaşlyk gurmaga höweslendirmegiň, şeýle hem iki ýurtda maýa goýumyň ýagdaýyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Duşuşykda taraplar Katar döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklara ýokary baha berdi hem-de öz ýurtlarynyň ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky isleglerini mälim etdi.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 metbugat gullugy