2024-nji 5-nji fewralynda Türkmenistanyň we Indoneziýa
Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki
dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk
arkaly iş maslahaty geçirildi. Şeýle hem bu maslahata «Türkmenhimiýa» Döwlet
konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de
Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri onlaýn görnüşde
gatnaşdylar.
Wideoaragatnaşyk
arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa
Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde
tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
hem-de iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady
gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.