14.05.2026
Şu gün türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan
halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Kazan şäheriniň “Yslam
dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.
Sport toplumynda Gahryman
Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary,
oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy
Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli
garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de RF-niň Tatarystan
Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow sport toplumynyň çäginde
Tatarystanyň oba hojalyk önümlerine bagyşlanan sergini synladylar.
Häzirki wagtda Türkmenistan
bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sepgitlere
ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň RF-niň Tatarystan Respublikasyna şu gezekki
saparynyň çäklerinde Prezident Wladimir Putin bilen telefon arkaly
söhbetdeşligi geçirildi. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik
hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, ulag, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer we beýleki
ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz
telefon arkaly söhbetdeşlikde birnäçe teklipleri beýan etdi. Şeýle hem
söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine giriziljek meseleler barada pikir alşyldy.
...Sergide ýerli önümçilige
degişli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Hünärmenler
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu önümleriň aýratynlyklary bilen
tanyşdyrdylar.
Gahryman Arkadagymyz we
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bu ýerde atlara bagyşlanan sungat
eserlerini synladylar. Bölümde Milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da»
atly kitabynyň rus dilindäki nusgasyna aýratyn orun berlipdir. Gahryman
Arkadagymyzyň ýelden ýyndam behişdi bedewlere bagyşlap döreden “Ahalteke bedewi
— biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplarynyň
möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Olar daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime
edilip, giň dünýä jemgyýetçiligine ýetirildi hem-de Ýer ýüzünde ahalteke
bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda wajyp orny eýeleýär.
Soňra bu ýerde hünärmenler
hormatly Arkadagymyzy Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň aýratynlyklary we
bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar.
Milli Liderimiz hem-de Rustam
Minnihanow soňra at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Oňa türkmen çapyksuwarlary
hem gatnaşdylar.
Kazanyň halkara atçylyk sport
toplumy Ýewropanyň iň iri toplumlarynyň biridir. Umumy meýdany 90 gektara golaý
bolan bu köpugurly toplum döwrebap düzümleri özünde jemleýär. Onuň çäginde 1
müň 800 we 1 müň 600 metr uzynlykdaky çapuw ýodalary bar. Şeýle hem bir wagtda
6 müň tomaşaçyny kabul edip bilýän açyk we ýapyk meýdançalar hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny, milli atçylyk
sungatyny dünýä derejesinde ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Kazan şäherinde
geçirilen şu gezekki at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary
ussatlygyny görkezmekleri-de munuň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow şu ýylyň başynda 2026-njy ýylyň dowamynda atçylyk we atly sport
çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we
onuň düzümini tassyklamak bilen bagly degişli resminama gol çekdi. Munuň özi
tutuş dünýäde behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermekde
möhüm ädim boldy.
Şeýlelikde, Kazan halkara
atçylyk sport toplumynda geçirilen ilkinji at çapyşygynda ýurdumyzyň ussat
çapyksuwary B.Agamyradow ynamly ýeňiş gazandy. Bu günki geçirilen at
çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlary tatar atlarynda ýaryşa gatnaşdylar. Örän
çekeleşikli we gyzgalaňly geçen at çapyşygynda ezber türgenlerimiz
ussatlyklaryny, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, mertligini görkezip,
baýrakly orunlary eýelediler. At çapyşygyndaky baýraklar ahalteke atlarynyň
hormatyna goýuldy. Olary almak bolsa türkmen türgenlerine nesip etdi.
1 müň 800 metr aralyga
geçirilen ýene bir çapyşykda ýurdumyzyň çapyksuwarlary ezberliklerini
görkezdiler. Bu çapyşykda B.Berdimuhammedow pellehana birinji bolup gelmegi
başardy.
Soňra ýeňijileri sylaglamak
dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz ýeňiji bolan ussat türkmen
çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.
Ildeşlerimiz milli atşynaslygy
ösdürmäge we öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredýän giň
mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň abraýyny mundan
beýläk-de belende galdyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça olar
bilen ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz
Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi
mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy. Agza
döwletleriň arasynda bilim, ylym, medeniýet, aragatnaşyk ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, yslam dünýäsiniň siwilizasion maksatlarynyň,
yslam gymmatlyklarynyň çäklerinde bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, agza
döwletlerde, olaryň çäkleriniň daşynda halklaryň arasynda özara düşünişmegi
pugtalandyrmak, dürli usullar bilen, şol sanda bilim, ylym, medeniýet arkaly
dünýäde parahatçylygy berkitmäge ýardam bermek bu guramanyň esasy
maksatlarydyr.
Maslahatda çykyş etmek üçin,
ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza söz berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy çykyşynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
Baştutany Rustam Minnihanowa we rus tarapyna «KazanForum — 2026» halkara
çärelerine gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik, netijeli işlemäge döredilen
ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
“Halkara ykrarnama eýe bolan
Kazan forumy her ýyl öz meýdançalarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan we halkara
guramalardan ýokary derejeli wekiliýetleri jemläp, ugurlaryň giň gerimi boýunça
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döredýär. Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly,
Tatarystanyň paýtagtynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen
birnäçe möhüm çäreler geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şolaryň
hatarynda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisini aýratyn belledi.
Türkmenistan bu duşuşygy durnukly ösüşi üpjün etmegiň, halklaryň arasyndaky
özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň
möhüm şerti hökmünde ynsanperwer ulgamdaky köptaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmek
üçin amatly mümkinçilik hasaplaýar.
Häzirki zaman ählumumy
özgerişler şertlerinde özboluşlylyk we däp bolan gymmatlyklar esasynda medeni
köpdürlüligi gorap saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen
baglylykda, halkara guramalaryň işi, olaryň durmuş ulgamynda döwletleriň
tagallalaryny birleşdirmekdäki orny has-da möhümdir. Şu nukdaýnazardan,
Türkmenistan ICESCO-nyň giň we netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýardam
bermäge, yslam medeniýetiniň beýik siwilizasion binýadyny, onuň ynsanperwer
gymmatlyklaryny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, ylymda, bilimde, medeniýetde
gazanylanlary goldamaga hem-de ilerletmäge gönükdirilen abraýly halkara gurama
hökmündäki işine ýokary baha berýär. Ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini
ösdürmek, olary dünýä ýurtlarynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak
ugrundaky işjeň, guramaçylykly hereketler şu günki günde örän ähmiýetli bolup
durýar.
“Türkmenistanyň daşary syýasy
ugrunyň esasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli
Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri
düzýär. Bu bolsa parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk
syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat
edýär. Şeýle hem Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň bitewi we uzak
möhletleýin medeni-ynsanperwer strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy şertidir.
Türkmenistan ynsanperwer häsiýetli esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara
goşuldy hem-de Milletler Bileleşigi bilen bilelikde olary milli we ählumumy
derejede iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edýär” diýip, Milli
Liderimiz nygtady. Şu nukdaýnazardan, ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda
ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhy-medeni we tebigy
mirasyny gorap saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Netijede, şu
güne çenli Türkmenistanyň çäginde 1 müň 500-den gowrak taryhy we medeni
ýadygärlik hasaba alyndy. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň taryhy desgalarynyň,
Nusaýyň Parfiýa galalarynyň dünýä siwilizasiýasynyň ajaýyp ýadygärlikleri
hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi has-da ähmiýetli
wakalardyr.
“Ýurdumyzda maddy däl medeni
mirasy gorap saklamaga hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda olaryň köpüsi,
şol sanda türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda
saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary
bezemek däpleri, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri
ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizildi. Şu günki günde biz Türkmenistanyň
daşary syýasatynda medeni meseleleri işjeň öňe sürýäris, bilim, ylym, sungat we
medeniýet ulgamlaryndaky möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze
başlangyçlary taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarys”
diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Milli Liderimiz şunda
eýýäm kemala gelen we köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleri
hökmünde özüni görkezen taslamalaryň çäklerindäki bilelikdäki işimiziň oňyn
tejribesiniň gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin berk binýat bolup
hyzmat edýändigine ynanýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz şolaryň
hatarynda, ilkinji nobatda, «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» taslamasyny
belläp, bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň her birine öz
halklarynyň köpasyrlyk medeni gazananlary, däp-dessurlary, ruhy we medeni
gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de
pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
ýolbaşçylaryny Kazan şäherine 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty»
derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň
ICESCO-nyň işine uly hormat bilen garaýandygyny we bu gurama bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmegi halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry
hasaplaýandygyny, ICESCO bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, guramanyň ugurdaş
başlangyçlaryna gatnaşmaga, dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
“2026-njy ýylyň martynda
Türkmenistanyň ICESCO-da ýurdumyza synçy derejesini bermek baradaky resmi
hatynyň iberilmegi biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň tarapymyzdan bu
möhüm halkara düzümiň işine goşulmaga Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet
ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli tapgyr hökmünde
garalýar. Munuň ýurdumyzyň maksatnamalara yzygiderli we köpugurly görnüşde
gatnaşmagy, iň gowy tejribeleri alyşmagy, gurama agza döwletler bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üçin täze goşmaça meýdançany
döretjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň
bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de bilelikdäki iş
üçin döredijilikli itergi we ugur berip biljek birnäçe anyk teklipleri beýan
etdi.
Gahryman Arkadagymyz taryhy
miras barada aýdyp, Türkmenistanyň yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny
gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin
Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýändigine ünsi çekdi.
Şunda diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik
eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň
elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň
ilerletmäge ünsi jemlemek maksadalaýyk hasaplanýar.
Bilim we magaryf işi barada
aýdylanda, Türkmenistan «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň
baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy
öňe sürýär. “Biziň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň jemgyýetçiligini gadymy döwürlerden
häzirki wagta çenli yslam şygryýetiniň hem-de filosofik mirasynyň iň gowy
eserleri bilen giňden tanyşdyrmak taslamanyň maksady bolar. Liriki we şahyrana
pikiriň beýany bolmagy yslam filosofiýasynyň taryhy aýratynlygydyr. Şonuň üçin
ilkinji ädim hökmünde musulman dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň,
akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna,
dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam
şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmagy teklip
edýäris” diýip, Milli Liderimiz belledi.
Gahryman Arkadagymyz
Türkmenistanyň yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny
öňe sürýändigini aýdyp, şunda gurama agza döwletlerde, şeýle hem Türkmenistanda
«akylly» şäherleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ugry hökmünde işjeň
ösdürilýändiginden ugur alynýandygyny belledi. “Şu günki günde «akylly» şäher
diýmek — bu intellektiň, döredijiligiň, binagärligiň, medeniýetiň, ylmyň,
tehnologiýalaryň, estetikanyň we durmuş bilimleriniň utgaşmasydyr. Ýagny
ICESCO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän düşünjelerdir. Şol
sebäpli hem hut şu guramanyň mejlisinde «akylly» şäherler diplomatiýasy arkaly
yslam ýurtlarynyň arasynda ösüşiň bu geljegi uly ugrunda tejribeleri, bilimleri
we meýilnamalary alyşmagyň hyzmatdaşlyk hem-de hünär gurallaryny ýola goýmagy
ýerlikli hasaplaýarys” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda
nygtady hem-de beýan edilen tekliplere we pikirlere düýpli serediljekdigine
ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz
Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş
ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň döwletleri
hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny nygtady.
“Türkmenistan mundan beýläk-de siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge,
özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmaga öz goşandyny goşmaga, döwletara
gatnaşyklarda ynsanperwer taglymlary we gymmatlyklary ilerletmäge işjeň
gatnaşmaga taýýardyr” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi we ICESCO-nyň Baş
maslahatynyň 15-nji mejlisiniň netijeleriniň bu maksatlara ýetmäge ýardam
etjekdigine ynam bildirdi.
Maslahata gatnaşyjylar
Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, olary doly
goldadylar.
13-nji maýda Kazanda açylan
ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisinde ýurdumyza Yslam dünýäsiniň Bilim,
ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi.
Agzalan guramanyň ýolbaşçysy Salim Al Maligiň çykyşynda 2028-nji ýylda
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan
etmek baradaky meselä häzirden seredilýändigi we bu boýunça degişli işleriň
geçirilip başlanandygy barada aýtmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman
Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilelikde Kazan
şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin
Tatarystanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de
onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan türkmen
halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu
ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, Milli Liderimiziň
RF-niň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran bu sapary Russiýa Federasiýasynyň
sebitleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny tassyklap, ykdysady we medeni
dialogy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
***
“KazanForum — 2026” forumynyň
çäklerinde Kazan şäherinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlyk EXPO” sergisi
geçirilýär. Oňa Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar.
Ýurdumyzyň milli pawilýony
ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, hususy pudakda gazanylýan üstünlikler bilen
tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, bu ýerde nebitgaz, himiýa, azyk,
dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk serişdeleri görkezilýär. Şunuň bilen bir
hatarda, pawilýonda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş,
syýahatçylyk ýaly ulgamlarda gazanýan üstünlikleri şöhlelendirilýär. Häzirki
wagtda Türkmenistanda elektron senagat yzygiderli ösdürilýär. Sergide bu
ulgamyň gazananlary elektron enjamlaryň dürli görnüşleri arkaly giňden beýan
edilýär. Türkmenistanyň pawilýonynda meşhur türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepler
hem bar. Zehinli türkmen halyçylarynyň, zergärleriniň döreden bu eserleri
gözelligi, inçeligi bilen tutuş dünýäde meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik
kitabyna sergide möhüm orun berlipdir. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen
bu eser ähmiýetli gollanma hökmünde ykrar edilendir.
Sergä gatnaşyjylar
Türkmenistanyň sergi bölüminiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Bu
iri gözden geçiriliş ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini görkezýär hem-de
gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli
gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Kazan forumynyň çäginde
guralýan “Musulman dünýäsiniň zenanlarynyň milli geýimleriniň modasy”
festiwalynda ýurdumyzyň milli lybaslary görkezildi. Türkmen
milli lybaslarynyň aýratynlyklary we köpöwüşginliligi bu ýere gelenlerde uly
täsir galdyrdy. Türkmen modelýerleriniň Kazanda geçirilen bu abraýly festiwala
gatnaşmagy milli däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň döwrebap äheňler
bilen sazlaşykly utgaşygyny görkezmäge mümkinçilik berdi.
tdh.gov