Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň
gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek bilen bagly kabul edilen maksatnamalaryň hukuk esaslaryny
döretmek, raýatlaryň azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzda
hukuk tertibini we kanunylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun
taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede
geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen
guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan
wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary syýasy
partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde şu ýylyň we onuň nyşanynyň, hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini
wagyz etmek, ýurdumyzyň kada-kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda degişli
işleri alyp barýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň
hem-de bu ugurda degişli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow
ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak,
“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin
Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ol
Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi
bilen geçiren işleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bu
ugurda halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň wajypdygyny
belledi we taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet
konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we
has oňaýly iş şertleri döredilýär. Munuň özi pudakda zähmet çekýän işgärleriň
has netijeli işlemegini üpjün etmäge, zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna
ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
yzygiderli kämilleşdirilýändigini, pudakda zähmet çekýänler üçin amatly iş
şertleriniň döredilýändigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de
dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça ekiljek
meýdanlarynda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Tekizleýiş,
geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak
boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem
wise-premýer şu ýyl Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek maksady bilen, degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny
habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
welaýatlarda häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet
bermegiň, ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de
ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga
aýratyn üns bermegiň, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da
artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
“Welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de
önümleri öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly
wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gözegçilik edýän pudaklaryna, hususan-da, elektroenergetika
pudagyna degişli binalary we desgalary gurmak, durkuny täzelemek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, paýtagtymyzyň günorta
bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, düýpli
abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler türkmen
gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki
döwürde Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň,
dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli
gurulýandygyny aýtdy we paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýolda düýpli abatlaýyş
işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly
wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik
maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň 23 — 27-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çärelere
goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde
tutulýar. Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Owganystana eksport
etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik maslahatynyň
geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm
ädim boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda
taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2025-nji ýylyň
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat
we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri,
wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleriniň
yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýokary hem-de hünär-tehniki,
orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň
okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy”
atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde
tutulýar. Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä
nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly
dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň dili” atly şekillendiriş sungaty
eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde”, “Türkmen
Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili” atly
maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly çäre hem bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň
hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda
wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine
dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk”
Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym
ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak
babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion
tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki
hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn
dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Şunuň bilen
baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän
2025-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura,
doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul
etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, alymlary, ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ulgamy ösdürmek
boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige,
kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap,
degişli resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip,
resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi
bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar
bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde
anyk çäreler görülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda
Nýu-Ýorkda geçiren duşuşygyny bellemek bolar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň, Ýewropanyň täzeleniş
we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça
Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Aşgabada saparlarynyň bolandygy barada
aýdyldy. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
wekiliýetiniň Brýussele sapary boldy. Onuň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň
ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ÝB we oňa agza
döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda
Ylalaşyga Teswirnama gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda we
Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara
dialogyň, Bilelikdäki komitetiň mejlisleri yzygiderli geçirilýär, şeýle hem
adam hukuklary boýunça dialog hereket edýär.
“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi”
formatynda giň möçberli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, şol sanda dürli derejede
duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça forumlar guralýar.
Mälim bolşy ýaly, bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň
2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky duşuşygynda
sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul
edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýewropa
Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek,
şol sanda 2025-nji ýylda Aşgabatda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny,
Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa
komissarynyň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly teklipler hödürlenildi.
Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň
we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guraljak duşuşyk bilen
bagly teklip beýan edildi. Bu duşuşygy şu ýylyň aprelinde Samarkantda geçirmek
meýilleşdirilýär.
Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini
giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar
bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel
aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň
zenan ýolbaşçylarynyň forumyny geçirmek teklip edilýär. ÝB bilen bilelikde
ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe taslamalardyr
maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna bilim, daşky gurşawy goramak, ekologiýa, ýapyk
aýlanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak boýunça maglumatlardyr teklipler hödürlenildi. Şunuň bilen
birlikde, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie
Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim
ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä,
Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna olardan netijeli
peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz döwletimiziň öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerip, dünýä
döwletleri we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini,
geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny
ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini belledi.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli
hyzmatdaşlygy alyp barýar. Syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky
gatnaşyklarda gazanylan guwandyryjy netijeler munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda
ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen
teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli deňiz we derýa
ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz
gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy
alnyp barylýar. Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak
babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýük
gämileriniň gurluşygynyň milli senagatyň täze ugry bolup durýandygyny we
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we
abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan
teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov