24.10.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Italiýanyň Fýumiçino «Leonardo Da Winçi» halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, döwlet
Baştutanymyzyň uçary Italiýanyň Fýumiçino «Leonardo Da Winçi» halkara howa
menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Türkmenistan bilen Italiýa
Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we
geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň
mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan
pursatyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly
hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.
Saparyň çäklerinde döwlet
Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý
muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň
açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna
gol çekmek meýilleşdirilýär.