25.10.2025
Italiýa
Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy.
Italiýanyň
Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň geňeşçisi forumy açyp,
hormatly Prezidentimiziň şu maslahata gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da
artdyrýandygyny belledi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Soňra
Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň birinji orunbasary
Jiorjio Sillä söz berildi. Ol Merkezi Aziýa sebitinde Italiýanyň esasy
hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm strategik ornuny
belledi hem-de ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň, milli ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň tagallalarynyň we maýa goýum syýasatynyň
italýan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaklary üçin
amatly şertleri döredýändigini nygtady.
Soňra çykyş etmek üçin
hormatly Prezidentimize söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz, ilki
bilen, bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip,
italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma
gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli
düzüminiň Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy
giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edilýändigini belledi.
Göni işewürlik dialogy arkaly
türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi,
dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki
mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine
çykmak üçin anyk şertleri döretmegi şu günki duşuşygyň esasy maksady hökmünde
görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň üçin şu gün ähli
mümkinçilikleriň bardygyna berk ynam bildirdi.
Ýurdumyza daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi uzak
möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy
maksatlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we
häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik
maksatlary barada durup geçdi.
Birinjisi: senagat
jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan
senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän
önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça
döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ýapyk aýlawly
“ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge
girişdik.
Ikinjisi: ykdysadyýeti
düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. Gürrüň täze
pudaklary döretmek ýa-da bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada
barýar. Himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek,
gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlarda
oňat netijeler gazanyldy.
Türkmenistan täze daşarky
bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany
ösdürýär. Munuň özi döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmegi,
ýurdumyzy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag
gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu biziň
yzygiderli durmuşa geçirýän üçünji strategik maksadymyzdyr diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan
Türkmenistanyň tebigy gazy gaýtadan işlemegi, eksport ugurly ýokary hilli
önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmegi dördünji
strategik maksat hökmünde görýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz energiýa
serişdeleriniň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, şol sanda günbatar
ugry boýunça iri turba geçirijileri gurmagyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan
ugur bolup durýandygyny aýdyp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary
durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň bu işlerde italýan işewürliginiň hem mynasyp
orun almagyny isleýändigini we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge
taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, köp
ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda,
myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe
taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan
“Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we
serişdeleri getirýärler.
Durnukly energetika ulgamynda
halkara başlangyçlarymyzyň Italiýa tarapyndan goldanylmagy bu ählumumy meselede
iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika
howpsuzlygyna biz, ilkinji nobatda, energetika akymlarynyň düzümleýin we
geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagy diýip düşünýäris. Türkmenistan
energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini
öwrenýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu mesele boýunça
italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen
birlikde, döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň diňe çig malynyň eksporty
bilen çäklenmezligini teklip edip, italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan
Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge
we olara gatnaşmaga çagyrdy.
Munuň üçin anyk şertler
döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawat
elektrik stansiýasy gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de
ýurdumyzyň italýan hyzmatdaşlar bilen Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça
hem işlemäge taýýardygyny aýtdy.
Ulag ulgamynda hem
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen
Ýewropanyň arasynda Hazar — Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun
berýäris. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan
hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler.
Bu logistika ugrunda Hazaryň
gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde
Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu
kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça Hazarüsti ýük daşamalar üçin ulanmak
babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň
Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän
italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny
döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin gowy
mümkinçilikler bar.
Dokma senagaty
hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şu günki işewürlik
maslahatynyň dowamynda bu ulgamda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde
tutulýar. Häzirki wagtda “Marzoli”, “Savio”, “Cormatex” we beýleki italýan
kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýy ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda
üstünlikli ulanylýar. Ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny
giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge,
täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga
gyzyklanma bildirýäris.
Umuman, Türkmenistan öz
önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere
aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr.
Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara
mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr.
Şunuň bilen birlikde, işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini,
Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň
ýurtlarymyzyň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny, dürli
taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň özara
saparlarynyň guralmagy möhümdir.
Häzirki wagtda Türkmenistanda
bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler
alnyp barylýar. Bu ulgamda Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş
kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýäris diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň döwlet
eksport-karzlaşdyryş agentligi bilen türkmen banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy
ýola goýmak üçin ýurdumyzyň goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
Bank ulgamyndan başga-da, häzirki
wagtda Türkmenistan aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika
ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, işiň
ähli görnüşlerini, önümçilik we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, “akylly”
şäherleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy.
Türkmenistan Italiýa özüniň
ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar we onuň bilen uzak
möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Biz häzirki wagtda
hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar
boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de geljegine, şeýle hem dünýä
ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman meýillerine garaýyşlarda özara
düşünişýändigimiz bilen şertlendirilendir.
Men şu günki duşuşyga
Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli
söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de
pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we Italiýanyň işewür toparlarynyň wekillerini giňişleýin
hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Sözüniň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp
barmagy arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy
uly üns bilen diňlenildi.
Soňra çykyş etmek üçin italýan
kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna söz berildi. Olar öz çykyşlarynda hormatly
Prezidentimiziň şu günki çärä gatnaşmagynyň Italiýanyň işewür jemgyýetçiligi
üçin uly mertebedigini, bu günki forumyň geçirilmeginiň bolsa Italiýa bilen
Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny
bellediler.
“Eni” kompaniýasynyň wekili
ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny belläp,
metan zyňyndylaryny azaltmak we pes uglerodly çözgütleri ösdürmek boýunça
hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de
wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasyny
goldaýandygyny aýtdy.
Stefano Pontekorwo “Leonardo
S.p.A” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga
ýokary baha berýändigini we giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny işjeň
durmuşa geçirýän ýurdumyza Merkezi Aziýa sebitinde esasy strategik hyzmatdaş
hökmünde garaýandygyny belledi.
“Italferr” kompaniýasynyň Baş
ýerine ýetiriji direktory Türkmenistanyň öz ulag infrastrukturasyny işjeň
ösdürip, sebitde möhüm logistika merkezine öwrülýändigini aýdyp, demir ýol
ulagy we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin Italiýanyň hem-de
Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiziň
gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň
hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň
Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri
taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti
bilen Italiýanyň Jemgyýetçilik radiotelewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň Gümrük we monopoliýa
agentliginiň arasynda Bilelikdäki Jarnama bar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde
Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar
geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän
ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Soňra işewürlik forumy öz
işini “Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň ykdysady hyzmatdaşlygy”,
“Söwda, dokma we hususy pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” hem-de
“Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly mowzuklaýyn
bölümlerde dowam etdi.
Çykyşlarda ýurtlarymyzyň
arasynda özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary
derejesi bellenildi. Taraplar iki ýurduň hem mümkinçiliklerini ulanyp, özara
haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny
nygtadylar.
Energetika we ulag ýaly möhüm
strategik pudaklara aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar nebitgaz pudagynda
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem ulag-üstaşyr
infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa
geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.
Forumyň netijeleri boýunça
Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara
gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň
Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen
«Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda
Ylalaşyk; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Leonardo-Societa per
azioni» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma
senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi
bilen Italiýanyň «Marzoli Machines Textile S.M.L.» kompaniýasynyň arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Itema S.p.A»
kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda
hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen
Italiýanyň «MCS dyeing & finishing machinery» kompaniýasynyň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň
Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Savio Maccine Tessili S.p.A»
kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Energetika ministrligi bilen «Pietro Fiorentini S.p.A» italýan kompaniýasynyň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde
Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.
Şeýlelikde, Türkmen-italýan
işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi taraplaryň ýetilen sepgitler
bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga taýýardyklaryny
görkezdi.