25.10.2025
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde
«Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy.
Stefano
Pontekorwo döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň
Italiýa amala aşyrýan saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň
iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem işewür durmuş-ykdysady
taýdan okgunly ösýän Türkmenistanda giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagyna
ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi.
Döwlet
Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ajaýyp Rim şäherinde
duşuşmagynyň özi üçin ýakymlydygyny aýtdy hem-de bu gadymy şäheriň Ýewropanyň
taryhy we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm syýasy we
ykdysady merkezdigini aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, Italiýa Türkmenistanyň Ýewropada iň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup
durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan
beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz saparynyň çäklerinde geçiren gepleşikleriniň iki
ýurduň arasyndaky netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda we
giňeltmekde möhüm binýat bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
Biz
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Türkmenistan
bilen italýan kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bilelikdäki
taslamalarda, hususan-da, energetika, ulag, oba hojalygy, şeýle hem ýokary
tehnologiýalar we innowasion çözgütler ýaly strategik ugurlarda özüniň ägirt
uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
aýtdy.
Işewür
döwlet Baştutanymyza netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine
ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Leonardo S.p.A.»
italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň hem-de
meşhur italýan kompaniýasynyň işewürlik gatnaşyklaryny uzak möhletleýin we
özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny
tassykladylar.