Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan
harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça
duşuşyk geçirdi. Gahryman
Arkadagymyz sergide görkezilýän harytlary synlamak maksady bilen, giň möçberli
serginiň guralýan ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi. Bu ýerde Milli
Liderimiz mähirli garşylanyldy. Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde
ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan
başlady. Bu ýerde hünärmen
kompaniýanyň alyp barýan işleri, onuň çykarýan daşlarynyň görnüşleri,
aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde häzirki zamanyň
ýokary halkara görkezijileri esasynda Arkadag şäheriniň bina edilendigini we
täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda döwrebap önümçilik enjamlaryna,
gurluşyk serişdelerine uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, türkmen
tarapynyň owgan kompaniýalarynyň bu işe gatnaşmagy we olaryň hödürleýän
teklipleriniň öwrenilmegi bilen baglanyşykly meselelere garamaga taýýardygyny
aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz dürli ugurlar boýunça görkezilýän harytlar bilen tanyşlygyň
dowamynda goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk
harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini
synlady. Şeýle-de bu ýerde Owganystanda ösdürilip ýetişdirilýän gök, miwe we
azyk önümleri görkezilýär. Sergide ýaýbaňlandyrylan önümleriň görnüşleri, goňşy
ýurduň gaýtadan işleýän senagatynyň mümkinçilikleri, Owganystanyň durmuş
düzümine, söwda toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklary baradaky gymmatlyklar
degişli ugurlaryň ösüşini görkezýär.
Iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika we üstaşyr ulag ugurlaryna degişli
hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini bellemeli. Gahryman Arkadagymyz
goňşy ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryna, dürli görnüşli harytlaryň önümçiligine
we degişli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan
serginiň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigini
belläp, şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin
ähmiýetlidigine ünsi çekdi.
Owganystanyň önüm öndürijileri we goňşy ýurduň söwda-ykdysady toplumyna
degişli düzümleriň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň sergä gelip
görmeginiň, bu ýerde görkezilýän önümler, söwda toplumyna degişli önümçilikler
bilen tanyşmagynyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar we Gahryman
Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk
geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda
ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki
ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa “Çalyk Holding” kompaniýalar
toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy.
Owganystanyň
senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi,
ilki bilen, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de owgan
harytlarynyň sergisini guramaga döwlet tarapyndan berlen ýardam üçin hormatly
Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle
hem myhman türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, sebitde
parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ähmiýet berýändikleri üçin
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza owgan halkynyň adyndan hoşallyk bildirip, öz halkynyň
salamyny ýetirdi.
Alhaj Nuruddin Azizi Türkmenistanyň halkara derejedäki çäreleri
geçirmekde baý tejribe toplandygyny we özleriniň goňşy ýurduň tejribesini
öwrenmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma
bildirýändiklerini aýratyn nygtady.
Gahryman Arkadagymyz türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän dostluk,
özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy, taryhy gymmatlyklaryň
baglanyşdyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyndan ugur alyp, goňşy Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň
kadalaşdyrylmagynda diňe syýasy-diplomatik tagallalaryň tarapdarydygyny aýtdy.
Şunuň bilen birlikde ykdysadyýetiň ösmegi we halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy
ýurduň içerki ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ugurda ýurdumyz anyk işleri
durmuşa geçirýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen tarapy Owganystanda köp
sanly durmuş desgalaryny, ýagny saglyk öýlerini, mekdepleri gurdy.
Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlary boýunça durmuşa
geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny hem bellemek zerur. Şolaryň hatarynda
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orun
eýeleýär diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Möhüm taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe biziň ýurtlarymyzyň
we halklarymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň,
halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň ösmegine-de goşant bolar. Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurulmagy,
Owganystanyň çäginde türkmen tarapynyň gatnaşmagynda elektrik beketleriniň işe
girizilmegi bu ugurdaky gatnaşyklaryň ilerledilmegine kuwwatly itergi berer. Bu
baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli
demir ýol geçelgeleriniň gurulýandygyny belledi. Şunda Kerki — Ymamnazar —
Akina — Andhoý ugry boýunça demir ýol şahasy iki ýurduň arasyndaky
gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şunda halkara ulag
geçelgesiniň wajyp bölegi bolan Serhetabat — Turgundy şahasynyň ulanmaga
berilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň
barşynda myhman üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň sebitde
möhüm orun eýeleýändigini belläp, owgan tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz
portunyň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini
nygtady. Şeýle hem Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we
Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň
ugruny dikeldýän häzirki zaman multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň ähmiýeti
barada aýdyldy.
Hormatly
Arkadagymyz öňe sürlen teklipleriň öwreniljekdigini belläp, ýurdumyzyň Owganystanyň
durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermegini dowam
etdirjekdigini aýtdy.
Söwda-ykdysady ulgam iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugry bolup
durýar. Şunda dürli görnüşli azyk harytlarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň
önümleriniň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagyna möhüm üns berilýär.
Aýratyn-da, halkara bazarlarda uly isleg bildirilýän we ekologik taýdan arassa
önümleriň eksportyny sazlaşykly ýola goýmak wajyp meseleleriň biri bolup
durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň
hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Häzirki
döwürde amatly çäkde ýerleşen ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň
mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag-logistika ulgamyna degişli desgalary, ýokary
tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça kesgitlenen wezipeler üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň Türkmenistanyň üstaşyr ulag
geçelgeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň
sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň
serhet ýakalarynda däne ammarlaryny, söwda toplumlaryny we iki ýurt üçin hem
ähmiýeti bolan beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň
döwlet ösüşiniň möhüm ugruna öwrülendigini belläp, bu babatda alnyp barylýan
toplumlaýyn işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň we sebitiň gyzyklanma bildirýän
islendik ýurdy, abraýly halkara guramalar bilen birek-birege hormat goýmak,
düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri owgan tarapynyň wekillerini ýetip gelýän
mübärek Remezan aýy bilen gutlady hem-de mukaddes aýda ediljek doga-dilegleriň,
beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we
hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
tdh.gov