Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky
senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň
açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ýurdumyzy
senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini
giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet
strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda öndürilýän önümleriň
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň ylmy-tehniki binýadyny
pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleriň oňyn netijeleri bolsa täze
önümçilik toplumlarynyň döremegine, importyň ornuny tutýan harytlaryň
öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda
ýerli çig malyň binýadynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem daşarky
bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurlup
ulanmaga berilýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini
öndürýän täze önümçilik desgasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň
mysalydyr. Şu günki waka “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” milli
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň
üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap önümçiligiň
ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler
döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabaraly ýagdaýda täze kärhananyň toý bagyny
kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly
Prezidentimiz kärhananyň çäginde guralan gurluşyk we senagat toplumynyň
sergisini synlady.
Ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmakda
senagat we gurluşyk toplumyna möhüm orun degişlidir. Diýarymyzyň çar künjegini
gurşap alan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan
talabyň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň esasynda bu serişdeleriň
önümçilikleriniň çalt depginde ösmegine täze itergi berýär. Sergide gurluşyk,
senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
sergi diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň toplumy ösdürmek babatda döredýän döwrebap
şertleri netijesinde gurluşyk, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň
önümçiligi, himiýa senagatynda gazanylan sepgitler täsirli beýan edilýär. Sergi
diwarlyklarynda ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli senagat harytlary
görkezilýär. Häzirki wagtda “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşanly önümler
halkara bazarlarda giňden tanalýar. Ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy üçin bu harytlara uly isleg
bildirilýär. Şeýle hem sergide elektron senagatyň önümlerine orun berlipdir. Bu
pudagy ösdürmekde türkmen ýaşlarynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek.
Türkmenistanda
gurluşyk we senagat pudagyny innowasion taýdan özgertmek, senagaty
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa
geçirilýär. Şonuň esasynda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly
ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzda dürli gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegine,
olaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we görnüşleriniň
artdyrylmagyna, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň
pugtalandyrylmagyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna
hem aýratyn üns berilýär. Giň gerimli işleriň netijesinde ýerli çig mal
serişdelerinden ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürýän iri önümçilik
toplumlary gurulýar.
Sergi
bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
önümhananyň edara binasyna bardy. Bu ýerde hünärmen şu gün açylyp ulanmaga
berilýän täze önümhananyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny gaplyk
çüýşe önümleri bilen doly üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýdyp, şeýle
döwrebap kärhanada işlemäge döreden giň mümkinçilikleri üçin döwlet
Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we önümhananyň işine ak pata
bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Tolgundyryjy
pursat gelip ýetdi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp,
täze senagat desgasyny işe girizdi. Gaplyk çüýşe önümlerini öndürýän kärhananyň
öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde
görkezildi. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kärhananyň barlaghana
otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy onda döredilen şertler
bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi
ýaly, barlaghanada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologik
enjamlary ornaşdyryldy. Olarda kärhanada öndürilýän çüýşe gaplaryň fiziki we
himiki barlaglary geçirilýär. Hususan-da, “BTLT-2” enjamynda çüýşe gaplaryň
wertikal basyş çydamlylygy barlanylýar. “Vici vishion” enjamynda
awtomatlaşdyrylan geometrik ölçegi, “Labniks” enjamynda çüýşe gaplaryň
gidrostatik basyş barlagy, “AGR” enjamynda bolsa olaryň sürtülme we çyzylma
barlagy geçirilýär. Barlaghanada bu işleriň alnyp barylmagy önümleriň ýokary
hilini üpjün edýär. Hünärmen ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap kärhanalarda zähmet
çekmäge döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadan
durmuşynyň bähbidine alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw edip, önümhana bardy we bu
ýerde önümçiligiň tehnologik prosesi bilen tanyşdy.
Kärhanada
önümçilik prosesi erediji peçden başlanýar. Ýerli kwars çägesinden, hek
daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa
ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Soňra aýna ergini paýlaýjy fider kanallary
arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider
kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna
ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini
şekile getirýän “IS” enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar
aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile
getirýär. “IS” enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu
peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Eger-de önüm
dogry we dürs sowadylmasa, aýnanyň içerki dartgynlylygy zerarly jaýrylmagy
mümkin. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün
edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm
konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr
datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil
barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen
önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp,
sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär. Ähli tapgyrlaryň doly
awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün edýär.
Soňra
bu ýerde täze önümhana güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.
Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň «Horn Glass Industries» kompaniýasynyň Ýerine
ýetiriji direktory Stefan Erwin Meindl hemmeleri şu günki dabaraly waka
mynasybetli gutlap, bu döwrebap zawodyň iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün
edilendigini belledi. Işewür aýna gaplaryň peýdaly artykmaçlyklary barada
aýdyp, täze kärhananyň bir gije-gündiziň dowamynda ekologik taýdan arassa
gaplyk çüýşe önümleriniň 100 tonnasyny öndürmäge ukyplydygyna ünsi çekdi. Şeýle
hem S.Meindl Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra işewür Türkmenistanyň senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrine täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw
Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara
doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
Soňra
çykyş etmek üçin Italiýa Respublikasynyň «Vetromeccanica Srl» kompaniýasynyň
wekili Alessandro Nigro söz berildi. Kompaniýanyň wekili hemmeleri täze
kärhananyň işe girizilmegi mynasybetli gutlap, taslamany durmuşa geçirmäge
döreden ähli zerur şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi. A.Nigro Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine
çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky
gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk
gelýändigini tassyklaýan güwänamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şeýle-de
önümhana Italiýanyň “Bottera” kompaniýasynyň halkara standartlaryna laýyk
gelýän toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan
güwänamanyň gowşurylýandygy yglan edildi.
Soňra
hormatly Prezidentimize senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan
ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Täze
taryhy döwürde Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda
gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Täze kärhana hem bu
ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly bolup, baý çig mal binýadynyň ýokary
tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we ykdysady kuwwaty pugtalandyrmak üçin
netijeli ulanylýandygyny görkezýär. Ýerli çig mal binýadyna daýanylmagy bu
taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ýurdumyzda aýna önümçiligi üçin
zerur bolan ýokary hilli kwars çägesiniň, dolomitiň, hek daşynyň, natriý
sulfatynyň baý gorlary bar. Ýerli çig malyň ulanylmagy diňe bir önümiň özüne
düşýän gymmatyny peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, önümçilik prosesiniň
bökdençsiz dowam etmegini-de üpjün edýär. Bu taslama daşary ýurtlardan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça giň
möçberli döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Täze
kärhana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly döwrebap
enjamlary bilen üpjün edildi. Öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda
awtomatlaşdyrylan dolandyryş we hil gözegçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu
ýerde öndürilýän önümleriň iň ýokary standartlara laýyk gelýändigine şaýatlyk
edýär. Munuň özi kärhana üçin diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara
bazarlarda hem giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de täze kärhananyň
döredilmeginiň möhüm durmuş ähmiýeti bar. Zawod ýerli ilaty ýüzlerçe täze iş
orny bilen üpjün eder. Ýokary hünär derejeli inženerler, tehnologlardyr
işgärler öz ukyp-başarnyklaryny döwrebap önümçilikde ulanarlar.
Bu waka ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň we
döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň
nyşanydyr. Munuň özi geljege ynamly garaýan, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige
ukyply ykdysadyýeti kemala getirmegiň ýolunda aýgytly ädimleriň biridir.
Ekologik talaplara laýyk gelmegi döwrebap önümçiligiň ýene bir aýratynlygydyr.
Täze kärhana ýokary halkara standartlara laýyklykda guruldy. Bu bolsa daşky
gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge ýardam berýär. Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy
ulgamlar, önümçilik galyndylaryny dolandyrmagyň döwrebap usullary topragyň we
suw serişdeleriniň hapalanmagynyň öňüni almaga, netijede, ekologik abadançylygy
üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhanada ýokary energiýa netijeliligini
gazanmak üçin gazy we elektrik energiýasyny tygşytly ulanmaga ýardam edýän
innowasion çözgütler ornaşdyryldy. Munuň özi önümçilik çykdajylaryny peseltmek
bilen bir hatarda, kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny hem üpjün eder.
Täze
kärhana içerki bazaryň talabyny doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, eksport
kuwwatyna-da eýedir. Döwrebap enjamlaryň we ýokary hilli çig malyň ulanylmagy
bilen, bu ýerde öndürilýän önümler halkara standartlara laýyk gelýär. Munuň özi
azyk önümleri üçin ýokary hilli aýna gaplara islegiň barha artýan şertlerinde
kärhananyň eksport mümkinçiligini has-da artdyrýar. Eksportyň ýola goýulmagy
girdeji çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitdäki hyzmatdaşlar bilen
söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga oňyn şertleri döreder. Ýurdumyzyň halkara ulag
geçelgeleriniň çatrygynda strategik taýdan amatly ýerleşmegi döwrebap zawodyň
eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi
logistikany ýeňilleşdirmäge, ulag çykdajylaryny azaltmaga ýardam berip,
kärhananyň önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrar.
Aýna
gaplaryň önümçiliginiň ösüşi durnukly ösüşiň hem aýdyň nusgasydyr. Çünki aýna
ekologik taýdan iň arassa we gaýtadan işlemek üçin amatly serişdeleriň biri
bolup durýar. Önümçiligiň ýola goýulmagy aýnany gaýtadan işleýän senagaty
ösdürmek üçin binýady döredýär. Şeýle hem täze önümçilik milli
ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny ösdürmäge ýardam berer. Azyk, derman
senagaty ýaly pudaklar ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli gaplyk çüýşe önümleri
bilen üpjün ediler. Bu bolsa olara önümçilik çykdajylaryny azaltmaga,
önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
...Soňra
döwlet Baştutanymyz “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze
awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ony
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak babatda
uly işler alnyp barylýar. Ynha, bu gün bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak
patasy bilen çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana dabaraly açylyp ulanmaga
berildi. Döwrebap senagat desgasynyň açylyş dabarasynyň dowam edýän
pursatlarynda hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze Döwletli mekan obasynyň, Kaka
etrabynda Bagtly zamana obasynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda
bolsa Bitaraplyk şäherçesi bilen birlikde döwrebap awtomobil köprüsiniň
ulanmaga beriljekdigini, şeýle-de paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan täze
seýilgähiň açylyş dabarasynyň boljakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň
dürli künjeklerinde durmuş maksatly desgalar ulanmaga berler. Bularyň ählisi
ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunda halkymyza uly sowgat bolar. Bu gün Türkmenistan
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik özgertmeler ýoly bilen
ynamly öňe barýar, halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri
bilen dabaralandyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen
Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň halkyň
bagtyýar durmuşynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.
Soňra
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden
ugrady.
Şeýlelikde,
täze kärhananyň işe girizilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli
ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň senagat kuwwatyny
pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere
beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
tdh.gov