Düýn türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi
Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyz telefon arkaly söhbetdeşlik
üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary bilen geçen ýylyň tomsunda
Aşgabatda geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu
duşuşygyň örän peýdaly we netijeli bolandygyny belledi hem-de mümkinçilikden
peýdalanyp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny, uly
hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi.
Antoniu Guterriş hoşniýetli sözler üçin
hoşallyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de BMG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň
pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga
möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ählumumy
parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatyna, bu
ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň
Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary
döredildi. Ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde
bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet
toparynyň mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň guramaçylyk
meselelerine seredip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary
berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny işläp düzmek
barada BMG-niň düzüm birlikleri bilen geňeşmeleri geçirip, onuň durmuşa
ornaşdyrylmalydygyny nygtady. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Milli
Liderimiz taýýarlanylan degişli Konsepsiýanyň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Birleşen
Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylyna badalga berilýändigini, Türkmenistanyň bu waka şu ýyl döredilmeginiň 80
ýyllygyny belleýän BMG-niň taryhynda möhüm, aýratyn tapgyr hökmünde
garaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji
ýylyň taryhy senä — Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň
aýratyn ähmiýetini nygtady hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik
hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup
durýandygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny 2025-nji ýylda Türkmenistanda
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylmagy göz öňüne
tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan
ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy. Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki
zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär.
Şeýle-de onda özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň
tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary kesgitlenilýär. Milli
Liderimiz bu babatda 2025-nji ýylyň özgerişler ýyly bolup biljekdigini we
bolmalydygyny nygtap, BMG-niň Türkmenistanyň Konsepsiýada beýan edilen
maksatlaryny goldajakdygyna ynam bildirdi.
Bu Konsepsiýa taýýarlanylanda, köp babatda
BMG-niň başlangyjy boýunça geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen «Geljegiň
sammitiniň» esasy mazmunyna esaslanylandygy aýratyn bellenildi. Şoňa görä-de,
Türkmenistan Konsepsiýany şol sammitiň jemleýji resminamasy bolan «Geljegiň hatyrasyna
pakty» durmuşa geçirmäge özboluşly goşant hasaplaýar.
BMG-niň Baş sekretary ählumumy gün tertibiniň
möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen
Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan
işleriň esasy ugurlary barada aýdyp, howpsuzlyk bilen bagly meselä ünsi çekdi
hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy
howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny nygtady.
Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň we olary aradan aýyrmagyň guraly
hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ulanmak bu strategiýanyň esasy
ugurlarynyň hataryndadyr.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň parahatçylyk
döredijilikli tagallalaryny ilerletmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini giňden
ulanmagyň, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly ynanyşmak dialogynyň
medeniýetini dikeltmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz bu teklipleriň iş
ýüzünde amala aşyrylmagynyň dünýäde syýasy dartgynlygy azaltmaga ýardam
etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça dialogy işjeňleşdirmegi
pugta maksat edinýändigini tassyklady. Anyk aýdylanda, gürrüň Merkezi Aziýadaky
ýagdaý barada barýar. Biz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Merkezi Aziýa — parahatçylyk,
ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak
hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryna esaslanmagy maksat edinýäris diýip,
Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Merkezi Aziýada howpsuzlygyň derejesi we
ýagdaýy köp babatda häzirki döwürde sebit gün tertibinde durýan meseleleriň giň
toplumynyň netijeli çözülmegine baglydyr. Şolaryň biri-de suw bilen bagly
meseledir. Bu ugurda ýurdumyzyň garaýşy geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda
geçirilen «Bitewi suw» sammitinde anyk beýan edildi. Türkmenistan Merkezi
Aziýada suw bilen bagly meseleleriň tutuş toplumyna seredilende halkara hukugy
berjaý etmäge, sebitiň döwletleriniň bähbitlerini özara nazara almaga hem-de bu
işe halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny çekmäge
esaslanýan çemeleşmä eýerýär. Bu kadalaryň bozulmagy sebitiň ýurtlary üçin
howply bolup, ekologik, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda ägirt uly
töwekgelçilikleri döredýär.
Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaý barada
durup geçip, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu ýurtda parahatçylygy we
raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek,
durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystanda häzirki täze häkimiýet babatda
oýlanyşykly, hakyky ýagdaýdan ugur alýan syýasaty alyp barýar. Şeýle hem bu
ýurduň täze häkimiýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny,
halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeleri nazara alyp, dialogy saklaýar.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady
taslamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzajak
elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan owgan ugry boýunça demir ýollaryň
gurluşygy bar. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ilatyna ynsanperwerlik
kömegini hem berip gelýär. Ýurdumyz öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly
desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we
şeýle kömegiň geljekde-de üýtgewsiz dowam etdiriljekdigini nygtady.
BMG-niň Baş sekretary Milli Liderimiziň
telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan eden, dünýäde we sebitde
parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen
teklipleriniň we başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de olary
goldady.
Halk Maslahatynyň Başlygy sebit howpsuzlygy
baradaky meselä geçip, bu ugurda Türkmenistanyň Hazarýaka döwlet bolup
durýandygyny hem göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Şoňa görä-de, Hazar
deňzi sebitinde howpsuzlygyň ýagdaýy bizi alada goýýar. Türkmen halkynyň Milli
Lideri ýurdumyzyň geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň
daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe
sürendigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitarap döwletlere
Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda “ileri
tutulýan hyzmatdaş” hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp,
ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döretmek işine jogapkär
düzümleri bilen işjeň iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi. Şu maksat bilen,
Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň iki merkezini döretmek
mümkinçiligine seredip bolar. Elbetde, bu ugurda işler Türkmenistanyň
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara almak bilen amala aşyrylar diýip, Gahryman
Arkadagymyz belledi we bu işleriň esasy maksadynyň halkara parahatçylygy,
howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak bilen bagly
meseleleri çözmek üçin bitaraplygyň kadalaryny iş ýüzünde ulanmak bolup
durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň
biridigini belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla
çenli Gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilen hereketleri
milli derejede hem, ýurdumyzyň durnukly ösüş babatda halkara tagallalara öz
goşandyny goşmagy bilen bagly hem işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňe süren Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete
geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak, Durnukly ulag
arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we
durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek baradaky
başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam
edip biljekdigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary
bilen iri ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa, howanyň üýtgemegi bilen
bagly meseleleri çözmek boýunça işleri dowam etdirjekdigini tassyklap,
ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat
beriş geňeşiniň bu işlerde goldaw berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň
Milli Lideri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen giň ynsanperwer
gün tertibi boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, BMG-niň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegi
maksat edinýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda
raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň
milli meýilnamasynyň” üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň netijelerine esaslanyp,
ýurdumyzyň Merkezi Aziýada apatridler we bosgunlar bilen işlemek boýunça
tejribesini halkara derejede hem ulanmak teklibi beýan edildi.
Şu ýyl biziň öňümizde Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen we
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň giň gerimli
maksatnamasyny amala aşyrmak wezipeleri durýar. Halkara forumynyň geçirilmegi
öňde boljak çäreleriň esasy wakasy bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy
hem-de bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde döwlet
Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde guramagyň
göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz
BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.
Antoniu Guterriş 2025-nji ýylyň Türkmenistanda
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini
belläp, şu ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de
BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýändigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, Baş sekretar BMG-niň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan
guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdyklaryny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň
Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de
bir gezek tassyklady hem-de Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler
Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy we pikirdeşi, sebitde hem-de dünýäde onuň
ygtybarly daýanjy bolandygyny, bolýandygyny we şeýle bolmagynda-da galjakdygyny
belledi. Biz bu garaýşyň aýdyň tassyknamasy hökmünde Türkmenistanda geçiriljek
halkara duşuşyklarda we çärelerde öz milli baýdagymyz bilen bir hatarda,
Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň hem goýulmagyny isleýäris. Biziň üçin
bu buýsanjyň alamaty, Bitarap Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň
garaýyşlarynyň we maksatlarynyň bitewüliginiň nyşany bolar diýip, Gahryman
Arkadagymyz nygtady.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň halkara
giňişlikde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň häzirki wagtda örän derwaýysdygyny
belledi hem-de ýurdumyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri
esasynda bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini goldaýandygyny ýene-de bir gezek
tassyklady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan
bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň sebitde we dünýäde
parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik BMG-niň Baş
sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
tdh.gov