Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda
alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran
wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň,
käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň
wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag
şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň
redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki
önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6
göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime,
söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 5,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9
göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi
öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek satuw
haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim
köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky,
2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe
aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz
wagtynda we doly maliýeleşdirildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew
hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa
goýumlar hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji iýuly
ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy
bölegi bolsa 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň
girdeji bölegi 101,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,2 göterim berjaý edildi.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 44, şol sanda
sebitlerdäki balans toparlarynyň 38 mejlisi geçirildi. Bu mejlisleriň barşynda
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky
edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredildi. 2023-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri
boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi
ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20,8 göterim artdy we jemi
içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň
48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň
gurluşygyna gönükdirildi. Şeýle hem şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba
milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň görkezijileri barada aýdyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy
D.Amanmuhammedow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrlikler hem-de
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda
senagat ulgamynda durnukly ösüş gazanyldy. Hususan-da, 40230,1 million kub metr
tebigy gaz, 4163,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 13,2 göterim, mazut boýunça
31,7 göterim, aýna listi boýunça 7,9 göterim, sement boýunça 6,8 göterim,
tutulan balyklar boýunça 34,2 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk
we balyk önümleri boýunça 16,5 göterim, süýt önümleri boýunça 14,1 göterim,
mesge ýagy boýunça 10,8 göterim, süýji-köke önümleri boýunça 5,6 göterim ösüş
gazanyldy. Ulag-kommunikasiýa pudagynda-da öňegidişlikler gazanyldy. Ýük
daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň artmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 12,7 göterim artdy. Oba hojalygynda şu ýylyň
alty aýynda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen gök
önümler 7,4 göterim, ýeralma 11,4 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,2 göterim,
süýt 0,5 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,6 göterim ýokarlandy.
Ýanwar — iýun aýlarynda ykdysadyýetiň döwlete
dahylsyz böleginde hem oňyn netijeler gazanyldy. Şunda ýüpek matalar 1,4
göterim, süýji-köke önümleri 5,9 göterim, mesge ýagy 15,3 göterim, süýt
önümleri 14,5 göterim, unaş önümleri 64,1 göterim, çörek we çörek önümleri 7
göterim, gök önümler 9,3 göterim, ýeralma 5,8 göterim, süýt 0,5 göterim artdy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň
ýolbaşçysy statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek we
ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow
2024-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bank ulgamy
tarapyndan ykdysadyýete karzlaryň gönükdirilmegi dowam etdirildi. 2023-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň
banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy. Şunuň
bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaryň,
hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere gönükdirilen karz serişdeleriniň
görkezijisi ýokarlandy. Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň
Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde,
ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen
ipoteka karzlarynyň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
12,4 göterim artdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabatlary diňläp, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty
aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde
tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini seljermegi dowam
etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, salgytlaryň doly
hem-de wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli, maksadalaýyk sarp
edilişine gözegçiligi güýçlendirmek babatda görkezme berildi. Şu ýylyň ahyryna
çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin
zerur çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Geljek ýylyň býujetini
oýlanyşykly hem-de öz wagtynda düzmegi üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi
Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň ulanylyşyny
gözegçilikde saklamak, ykdysadyýetde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmak, milli
maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini yzygiderli öwrenmek
möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň
önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça banklaryň işiniň netijeliligini
ýokarlandyrmak, karzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, onuň
netijeliligini artdyrmak zerurdyr. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz milli puluň
hümmetini durnukly saklamak boýunça hemişe degişli işleri geçirmegi, halkara
maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli işleri alyp
barmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz biziň alyp barýan
syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga
gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek
pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol
çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de
olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2024-nji ýylyň
ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny
çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat
berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,9
göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Döwlet konserniniň nebiti gaýtadan
işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9
göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,3
göterim, dizel ýangyjynyň meýilnamasy 100,1 göterim, polipropileni öndürmegiň
meýilnamasy 107,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim
berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy
çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan
tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup
durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik
kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn
çäreleri görmegi dowam etdirmek, Hazar deňziniň sebitinde uglewodorod
serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek,
türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny
gözlemek, barlamak işlerini netijeli dowam etdirmek, ýurdumyzda uglewodorod
serişdelerini gözlemek, ýüze çykarmak, özleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek we bu işlere halkara tejribäni giňden
ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu işlere berk gözegçiligi amala
aşyrmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynyň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum
tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,7
göterim boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu
ýylyň birinji ýarymynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň
meýilnamasy 107,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 880
million manada deň boldy. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri
öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 108,4 göterim, «Türkmenhimiýa»
döwlet konserni tarapyndan 132,6 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň
gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 106,3 göterime, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 112,7
göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak
üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, himiýa
kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek, täze önümçilikleri döretmek boýunça
alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigi nygtaldy. Ylmyň hem-de
tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda senagat, gurluşyk önümçiliginiň
täze, döwrebap bilelikdäki kärhanalaryny döretmek zerurdyr.
Şeýle-de wise-premýere elektrik energiýasynyň
öndürilişini artdyrmak, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik
stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak
boýunça işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet
ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygyny alyp barmak, awtomobil ýollaryny
döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek möhümdir. Şu ýylyň ahyryna
çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletlerde,
ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrliklerinde, telekeçilik ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat
berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 103,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 104,5 göterime
barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda taýýarlanan
önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň, matalaryň önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 133,5 we 122 göterime deň
boldy. Tikin, trikotaž önümleriniň ösüşi 104,4 göterime, gön önümçiliginiň
ösüşi bolsa 118 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň
kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe söwda geleşikleriniň 147-si
geçirilip, şolarda 14 müň 40 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy
boýunça ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 111,4 göterime
deň boldy. Hasabat döwründe 12 sergi we 65 maslahat geçirildi. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň
ösüşi şu ýylyň geçen alty aýynda 112,1 göterime, senagat önümçiligi bolsa 103,2
göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, R.Rejepowy Türkmenistanyň dokma
senagaty ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä N.Orazgeldiýewi belledi.
N.Orazgeldiýew bildirilen uly ynam üçin
hoşallyk bildirip, täze wezipede mundan beýläk-de tutanýerli zähmet
çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, döwlet
ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany,
pensiýa gitmegi sebäpli, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden
boşatdy we bu wezipä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň
hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýän
A.Durdyýewany belledi.
A.Durdyýewa bildirilen ynam üçin hoşallyk
bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, güýç-gaýratyny
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip,
içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak
üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny
nygtady. Dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige
ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly
önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak
möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda
hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet
haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramak
zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri
mahabatlandyrmak bilen, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça
meseleleriň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar, Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly desgalaryň
ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli dabaralar, forumlar, konsertler guraldy.
Şunuň bilen birlikde, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri
jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabaralary geçirildi. Hasabat döwründe
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet sirkine, aýry-aýry
professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň
tertibi we şertleri tassyklanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet
Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy”, “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan
medeniýet” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna
öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş
dabaralary guraldy.
Ýylyň başyndan bäri Medeniýet ministrligi
tarapyndan “Türkmen keçesi” we “Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy” atly
kitaplar, “Arkadag pähiminden dörän seýilgäh” atly kitapça we “Türkmenistanyň
milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň döwlet reýestri” çapa taýýarlanyldy
we neşir edildi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni
paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy
geçirildi. Oňa birnäçe abraýly guramalaryň ýolbaşçylary we resmi wekiliýetleri
gatnaşdylar. Şol döwürde daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi.
Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli
Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň açylyşynyň bir ýyllygy
mynasybetli aýdym-sazly dabara, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky
Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy
ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat, «Magtymguly Pyragy»
medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş
dabarasy, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň ýeňijilerini
sylaglamak dabarasy, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!»
atly bäsleşigiň welaýatlar we Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyrlary
geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň we
onuň çäklerinde dürli çäreleriň üstünlikli geçirilendigi barada aýdyldy.
Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup,
şol ýerlerde geçirilen halkara medeni çärelere gatnaşdylar. Täjigistan
Respublikasynda, Ýaponiýada, Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň
Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi.
Şeýle-de şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
ýurdumyzyň teatrlarynyň, Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky
döwlet atçylyk sirkiniň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň,
kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han
adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine
ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, saglyk
ýagdaýy sebäpli, A.Aşyrowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu
wezipä «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinde işlän M.Rejepow bellenildi.
Hormatly Prezidentimize bildiren uly ynamy
üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, M.Rejepow Telewideniýe, radiogepleşikler
we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň öňünde durýan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Ol
döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň,
halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
«Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine
S.Begenjow bellenildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ş.Purmämmedowy «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu
teleradioýaýlymyň başlygy wezipesine Ý.Kasymow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz
wezipä täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, degişli
resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip,
türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek boýunça, şeýle hem
halkymyzyň gadymy mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek,
gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, çagalar sungat we çeperçilik
mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň
möhümdigine üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz döwrebap, many-mazmunly täze
filmleri surata düşürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Taryhy we
medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri
ýola goýmak, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli
ulanmak hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Wise-premýere ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy
goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga, bilim
edaralaryny neşir önümleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen çäreler dowam
etdirildi. Geçen döwürde halkara ders bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň
geçirilýän merkezi hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy has-da pugtalandy.
Okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerinde jemi 156
altyn, 242 kümüş, 339 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň
Karary bilen, “Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama” hem-de
“Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. 1-nji synpa
kabul ediljek çagalara sowgat beriljek noutbuk kompýuterleri bilen bagly
degişli işler häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
2-nji iýunda tomusky dynç alyş möwsümine
badalga berlip, Gökderedäki, Awazadaky, welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç
alyş merkezlerinde jemi 11 müňe golaý çaga dynç aldy. Ylym ulgamy yzygiderli
kämilleşdirilýär, ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyrylýar, ileri
tutulýan ugurlar boýunça alymlary we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak
işi dowam etdirilýär. “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň
2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, Ylmy iş hakynda ylmy
maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan
hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi
döredildi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine
halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesi berildi.
Şu ýylyň birinji ýarymynda halkara ylmy
forumlaryň birnäçesi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary guraldy.
Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň
öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň raýatlarynyň
derman we sarp ediş serişdeleri bilen elýeterliligi halkara talaplara
laýyklykda üpjün edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi. Gazna tarapyndan
ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ enjamlary sowgat berildi.
Täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp baryldy.
Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi ulanmaga berildi.
Wise-premýer sport ulgamynda alnyp barylýan
işler barada hasabat berip, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri
taýýarlamak boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigini aýtdy. Hokkeý boýunça
geçirilen halkara ýaryş, Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport
mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny
has-da pugtalandyrdy. Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Hasabat döwründe
türgenlerimiz 122 altyn, 103 kümüş, 136 bürünç medal gazandylar. Aziýanyň
tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis
toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan
edildi hem-de degişli güwänama gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
N.Amannepesowy, başga has jogapkärli işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bellenilişi
ýaly, N.Amannepesow saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda toplan
tejribesini täze gurulýan halkara merkezlerde netijeli ulanar.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik
meseleleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazdurdyýewany belläp, ony bilim
ministri wezipesinden boşatdy.
B.Orazdurdyýewa hormatly Prezidentimize
bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamlaryň öňünde
durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri
görjekdigine ynandyrdy. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň abadançylygy ugrunda
alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Bilim ministri wezipesine Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory
wezipesinde işlän J.Gurbangeldiýew bellenildi.
Bilim ministrliginiň täze ýolbaşçysy döwlet
Baştutanymyza bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu
ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine
ynandyrdy. J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür,
eziz Watanymyzyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine
G.Ýusupowany belläp, ony şu ýokary okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça
prorektory wezipesinden boşatdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň rektory wezipesine O.Öwezsähedow bellenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, P.Orazowy Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy. Şu
institutyň rektory wezipesine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işleýän B.Mämmedow bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz täze bellenen ýolbaşçylara
üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda
2024-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň
meýilnamasyny tassyklamak hakynda; ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa
kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda;
2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak
hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýeriň we bu ulgamyň
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Täze
okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş
işlerini geçirmek, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul
etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik
gözegçiligini ýola goýmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şeýle hem
bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalary kämilleşdirilmelidir, mekdepler okuw
kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş
edaralarynda hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmagyň, lukmanlaryň tejribesini
artdyrmak üçin amaly-tejribe saparlaryny guramagyň zerurdygyny belledi. Şeýle
hem derman senagatyny has-da ösdürmek, ilaty ýokary hilli derman we saglygy
goraýyş serişdeleri bilen doly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň
wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz sport desgalaryny netijeli
dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga
giňden çekmek boýunça netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ylym babatda ösen döwlete öwürmek üçin
ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
düzümlerinde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime deň boldy. Şu
ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary
boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 105 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş
depgini 103,4 göterim berjaý edildi.
Ýanwar — iýun aýlarynda “Türkmendemirýollary”
agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 105,1 göterime,
“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary”
agentligi boýunça 149,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça
109,7 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,7 göterime deň
boldy.
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek
boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy
bilen bilelikde pudagara elektron maglumat alşygy ulgamyny ornaşdyrmak babatda
degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa
toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam
etdirilýär. Hasabat döwründe halkara forumlaryň we bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň
birnäçesi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag
we kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen,
ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak, hilini
gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen
birlikde, howa menzilleriniň durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli
döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek, demir ýol ulgamynyň
geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda
degişli çäreleri görmek tabşyryldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly
güýjünde ulanmak möhümdir. Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň
talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň wajypdygyny belläp, agentligiň
ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hasabatlar
bilen çykyş etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew 2024-nji
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
yzygiderli goldawlaryndan ruhlanan welaýatyň babadaýhanlary şu ýyl Watan
harmanyna 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda ýygnalan hasyly
galla kärhanalaryna daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri
alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnamak, şol önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün
etmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu
ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan
wezipelerinden ugur alnyp, welaýatyň zähmetsöýer daýhanlary 80 müň tonnadan
gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý
etdiler. Şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak,
galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we indiki ekiş möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň “ak altyn” meýdanlarynda hatarara
bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki möwsümde ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça
işler dowam etdirilýär.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradow ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 2024-nji ýylyň birinji
ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýatyň edermen
gallaçylary tarapyndan Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly
tabşyryldy. Häzirki wagtda orakdan boşan ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin
bugdaý ekişine taýýarlamak üçin sürüm geçirmek, tohum taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda
ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam
edýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen
ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew
sebitde 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba
ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda üstünlikli
durmuşa geçirýän işlerinden ruhlanan welaýatyň gallaçy babadaýhanlary şu ýyl
310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu babatdaky şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Häzirki wagtda welaýatda ýygnalan
bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, galla
kärhanalarynda talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý
oragyndan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri dowam
edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba
hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Sebitde ýetişdirilen ýeralmanyň,
gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça hem degişli işler alnyp
barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri dowam edýär.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň
ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu ýyl welaýatyň
gallaçy daýhanlary 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirip,
şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda
ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara
ýitgisiz daşamak, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary
geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň
düýbüni tutmak, meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň
hasylyny ýygnap almak, bu önümleri içerki bazarlarymyzda ilata ýetirmek, güýzki
möwsümde oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Sebitde gant şugundyrynyň ekişini talabalaýyk
geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça hem zerur
işler alnyp barylýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary
tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu
ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky
hoş habardan başlady. Wise-premýer oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek
babatda berýän uly goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň
abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýer gözegçilik edýän
pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler, ýurdumyzyň welaýatlarynda
oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Bu
görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,7 göterime, Daşky gurşawy goramak
ministrligi boýunça 105,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti
boýunça 138,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,7 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 221,9 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 108,4 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 104,1 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 110,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 101,3 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 475,7 göterim ýerine ýetirildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan
bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara
daşamak, olary talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi geçirmek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak işleri dowam
etdirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek
hem-de welaýatlarymyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleriň
ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk
meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak,
suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw
howdanlaryna suw toplamak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer
T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we
Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyny”, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň
möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda,
şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly
binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, şäherleriň
binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, ilatyň
ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek üçin ähli amatlyklary
bolan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň gurluşygyny dowam etdirmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi. Ilaty arassa
agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin degişli
işleri alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we arassaçylyk
düzgünlerini berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli
çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýerli býujetiň doly we
talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip,
salgytlaryň, ýerli ýygymlaryň gelip gowuşmagyny gazanmak babatda görkezmeleri
berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda oba hojalyk
ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtap, oba hojalyk önümleriniň,
hususan-da, gallanyň, gowaçanyň hasylyny artdyrmak babatda guramaçylyk we usuly
işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle-de çörek we çörek önümleriniň, beýleki
galla önümleriniň üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmagyň, ilaty azyk önümleri
bilen doly üpjün etmegiň, azyk bolçulygyny döretmegiň, azyk senagatyna degişli
kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygy
nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk we
beýleki oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň möhümdigine ünsi
çekip, maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary
ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi,
oba hojalyk pudagyna önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek, oba hojalyk
tehnikalaryny netijeli ulanmak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola
goýmagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz pagta we ýüpek, olary gaýtadan
işlemekden alynýan önümler babatda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň
wajypdygyny belledi.
Oba hojalyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini
gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden
ornaşdyrmagy dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu
ýyl gowaçanyň bol hasylyny öndürmek üçin zerur işleri geçirmegiň,
kärendeçilere, beýleki oba hojalyk önüm öndürijilere hemmetaraplaýyn ýardam
bermegiň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy
daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyryp, guwandyryjy
netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýygnalan bol galla hasyly
mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny
ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki
şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy
babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji ýarymynda Daşary
işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek,
döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek
maksady bilen, degişli işler geçirildi.
Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we
giňeltmekde ýokary derejedäki saparlardyr gepleşiklere aýratyn orun degişlidir.
Şunuň
bilen baglylykda, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň Russiýa
Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz
9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli
guralan dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ýylyň başyndan bäri
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe
Respublikasynda, Täjigistan
Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, Eýran
Yslam Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda saparlarda boldy. Hasabat
döwründe Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala
aşyrdy.
Bellenilişi ýaly, 24-nji maýda paýtagtymyzda
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady
bilen, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan
Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň
Hökümetleriniň ýolbaşçylary Aşgabada iş sapary bilen geldiler. Abraýly halkara
guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýyl BMG-niň, ÝHHG-niň,
Halkara Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň
(TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Baş sekretarlary ýurdumyzda saparda boldular.
Daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana
hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary,
halkara derejedäki gepleşikler we duşuşyklar dürli ulgamlarda netijeli
gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 98 resminama bilen ýetirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça
ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Hasabat döwründe
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili bilen
gepleşikler geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary
pugtalandyrmaga uly ähmiýet berlip, bu ugurda degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk,
deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasaty alyp barýandygyny belläp, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli
ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa diplomatiýamyzy nazara
alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli işleri dowam etdirmek
möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça
2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda
ýurdumyzda geçirilmeli halkara çärelere gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň birinji
ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň
10-sy, şol sanda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly
ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy
hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”,
“Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda
Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň
bilen birlikde, dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen
kanunlaryň birnäçesi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi, Mejlisiň
kararlarynyň 11-si kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda
kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary
guraldy. Häzirki wagtda iş toparlarynda halkara tejribeden ugur alyp,
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak,
Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine
hem-de bedenterbiýe we sport, sportda dopinge garşy göreşmek, döwlet
ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly birnäçe
kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam
etdirilýär.
13-nji iýulda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň
altynjy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň
7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy
“Köpetdag” saýlaw okruglarynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden
deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryň geçirilendigi barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu
ýylyň birinji ýarymynda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Ýylyň başyndan
bäri Mejlisde daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça
duşuşyklaryň 26-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun
çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini
üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň
64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen,
deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 23-si guraldy. Şeýle hem
deputatlaryň döwlet syýasatyny, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň
taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny
halk köpçüligine düşündirmek, wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp
barýandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň
Kanunlarynyň 10-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we
goşmaçalaryň girizilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň
hukuk binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki
önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6
göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3
göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime,
gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy.
“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe
ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi.
Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür
diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Diýarymyzyň
welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre
barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň,
çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama
esasynda alnyp barylýar.
Nygtalyşy ýaly, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň
ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli
harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy,
köp sanly täze senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde,
ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak
boýunça zerur işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi
artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalara
ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli
derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyrymyz
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary
derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde
paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem
geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň,
ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp
maslahatlaşylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Ministrler Kabineti, häkimlikler,
degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik
birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden
düýpli taýýarlyk görüp başlamagynyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistanyň Halk
Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak,
geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk
toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etse,
maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy,
ykdysady, medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan
peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly
atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça işler degişli
guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylmalydyr. Geçiriljek bu işler
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary
esasynda ýerine ýetirilmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, ýurdumyz
boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň umuman gowy bolandygyny aýtdy we
ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen
işleriň netijeleri boýunça ýakyn günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de
welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra
çenli dynç almaga rugsat berildi. Olaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurdumyzyň beýleki
şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov